Перейти к содержимому

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

16.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi. 

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli, öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýan Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyny mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň dowamynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahata gatnaşyp biljekdigini, bu çäräniň häzirki döwürde ýüze çykýan wehimleri ýeňip geçmekde bitaraplygyň eýeleýän ornuna bagyşlanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we onuň geljekki ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýän bu saparyň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalaryna laýyklykda, iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, oňyn daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu syýasatda köptaraplaýyn gurallary peýdalanmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda abraýly halkara guramalar we düzümler bilen hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurdyr. ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy hem şol düzümleriň hataryndadyr. Däp bolan bu gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistan häzirki wagtda netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkitmekde parlamentara dialogyň möhüm gurallaryň biri bolup çykyş edýändiginden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi we onuň ýylsaýyn işjeň häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlament Assambleýasynyň sessiýalaryna, şeýle hem onuň howandarlygynda geçirilýän dürli okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz ÝHHG-niň işine parlamentarileriň ýakyndan çekilmegini we hyzmatdaşlygyň görnüşleriniň giňeldilmegini goldap, guramanyň ählumumy howpsuzlygy berkitmek boýunça maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine öz goşandyny goşmaga taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda ykdysady ösüşi, energiýa serişdeleriniň halkara ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen bir hatarda, adam hukuklaryny goramak ulgamynda tejribe alyşmagy hem-de demokratik institutlary pugtalandyrmak, hukugyň hökmürowanlygyny gazanmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Öz tarapyndan Türkmenistan häzirki zaman ösüşiniň anyk wezipelerini çözmek üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam bermäge taýýardyr. Aşgabatda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahatyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt Türkmenistanyň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge, netijeli parlamentara gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) 

Secured By miniOrange