Перейти к содержимому

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ MEJLISIŇ ÝEDINJI ÇAGYRYLYŞYNYŇ DEPUTATLARYNYŇ BIRINJI MASLAHATYNDAKY SÖZLÄN SÖZI

06.04.2023

rmatly Mejlisiň deputatlary!
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagy, milli hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki kabul edilen maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertleri bolup durýar. Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly.

Raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşini taýýarlamak zerur bolup durýar. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylmaly. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygyny göz öňünde tutup, bu ugurdaky kanunçylygy hem kämilleşdirmeli.

Watanymyza, döwletimize, halkymyza wepaly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen, ahlak taýdan durnukly, sagdyn pikirli hem-de hünär taýdan kämil harby gullukçylary kemala getirmek we olaryň hukuk goraglylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» we «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna täzeden seretmeli.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijilerinden ugur alnyp, geljek ýylda amala aşyrylmaly işleriň ykdysady hasaplamalaryny edip, «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işlere häzirki wagtdan taýýarlyk görmeli. Döwlet býujetine seredilende, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depginlerini üpjün etmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek we zähmet haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly wezipelere üns bermeli.

Döwlet serişdelerini aýawly ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak esasy maksatlaryň biri bolmaly. Aýdylanlary nazara alyp, işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga, telekeçilik işini höweslendirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, gazna bazaryny ösdürmäge hem-de bäsleşikli bazar gurşawyny döretmäge gönükdirilen kadalar bilen bagly «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, beýleki kanunlara döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerur bolup durýar. «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmeli.

Halkara Zähmet Guramasynyň esasy kadalaşdyryjy namalaryndan gelip çykýan düzgünleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna ornaşdyrmak, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek we zähmet şertlerini gowulandyrmak, işgärleriň konstitusion zähmet hukuklaryny kepillendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna doly gatnaşmaga bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagyna ýardam bermek, olary durmuş taýdan goramagyň goşmaça kepilliklerini bellemek biziň ynsanperwer syýasatymyzyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine, raýat ýagdaýynyň namalary hakynda kanunçylyga hem täzeden seredilse, maksadalaýyk bolardy.

Türkmenistan uglewodorod çig malynyň dünýäde ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurduň ykdysadyýetini depginli ösdürmek meselesini esasy orunda goýýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen baglylykda, «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda» we «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmek maksadalaýyk bolar.

Garaşsyz Watanymyzda milli däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy, milli mirasymyzy, şol sanda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, olary bütin dünýä ýaýmak bilen bir hatarda, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda-da maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýokary derejede ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, aýap saklamak, peýdalanmak, ýaýratmak we döwlet goragy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilse dogry bolar diýip hasap edýärin.

Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak we kabul etmek beýik akyldaryň mertebesini beýgeltmekde uly iş bolar diýip hasap edýärin.

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelerde oba hojalyk pudagyna hem möhüm orun degişlidir. Bu özgertmeler oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, ýer we suw serişdeleriniň tygşytly, netijeli peýdalanylmagyny, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň üpjün edilmegini, ýerli önümleriň öndürilişini we Diýarymyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyny maksat edinýär. Şu maksatlar bilen, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň çäklerinde gidrometeorologik maglumaty toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligini üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň işlenip taýýarlanylmagy zerur bolup durýar. Suw gorlaryny rejeli we tygşytly peýdalanmak, zeý akabalarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Suw kodeksini degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek arkaly kämilleşdirmeli. Şeýle-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmek, daýhan hojalyklarynyň işini guramaçylykly ýola goýmak maksady bilen, «Daýhan hojalygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek maksadalaýyk bolardy.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty rowaçlyga beslenýär. Ýurdumyz sebitiň we yklymyň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda, dünýä döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmekde işjeň we oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde özüniň saldamly goşandyny goşýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiziň ençeme halkara şertnamalara, ylalaşyklara we konwensiýalara goşulmagy bilen, olarda beýan edilen halkara hukuk kadalary milli kanunçylygymyza ornaşdyryldy. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, geljekde-de bu işleri has-da kämilleşdirmeli we giňeltmeli. Dünýä döwletleri ýurdumyz bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary syýasat işiniň, halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmeli.

Şu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak üçin Türkmenistanyň Mejlisi dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmelidir. Bu ugurda parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň arasynda özara tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk täzeçe iş usullarynda ýola goýulsa, maksadalaýyk bolardy. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri halkara derejede geçirilýän maslahatlara, parlament meýdançalarynda guralýan forumlara işjeň gatnaşmak bilen, şeýle çäreleri ýurdumyzda-da guramak we geçirmek babatda zerur işleri alyp barmalydyrlar. Bu bolsa parlament işini guramaga we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge amatly mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny ýokary guramaçylykly geçirmek, saýlawlarda toplanan tejribeleri hem-de dünýä tejribelerini saýlaw kanunçylygyna ornaşdyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle-de «Saýlawçylaryň bitewi döwlet reýestri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak hem geljekde wekilçilikli edaralary ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmakdan ugur alnyp, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kämilleşdirilmeli.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy ýörelgelerinden, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen maksatnamalardan we Kararlardan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, üstümizdäki ýylda hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine kanunçylyk taýdan oňyn şertleri döretmäge uly üns bermeli. Bu ugurda kanunlar maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan, döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijilerinden ugur alnyp işlenip taýýarlanylmaly.

Hormatly deputatlar!

Men şu günki maslahatyň işini jemlemek bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň geljekde-de öz işini jemgyýetimiz we döwletimiz üçin örän möhüm bolan wezipeleridir meseleleri çözmäge gönükdirip, ýokary netijeleri gazanjakdygyna berk ynanýaryn.

Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende götermek ugrunda alyp barjak işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Aşgabat, 2023-nji ýylyň 6-njy apreli)

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) 

Secured By miniOrange