Перейти к содержимому

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI WLADIMIR PUTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER

10.06.2022

Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Uly Kreml köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary birek-birek bilen dostlukly salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Soňra ýokary derejede ikiçäk görnüşde türkmen-rus gepleşikleri geçirildi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi.

Soňra, uly Kreml Köşgüniň Malahit eýwanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy —«Dostluk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Prezident Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, bu ýokary sylaga döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.

Soňra Malahit eýwanynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama gol çekdiler.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizm bilen söweşde janlaryny gurban eden gahrymanlara sylag-hormatyň nyşany hökmünde Näbelli esgeriň guburynyň ýanyndaky Baky oduň öňünde gül sebedini goýdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)

Secured By miniOrange