Перейти к содержимому

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

19.12.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişi, şeýle hem Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwy tutulýar, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri geçirilýär, geljek ýylda oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalardyr gurallar abatlanylýar.

Welaýatda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary sürmek, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak işleriniň talabalaýyk guralmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda welaýatda bugdaýa edilýän ideg işlerine ünsi çekip, häkime bu işleriň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagynyň berk gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy.

Bulardan başga-da, welaýatda Täze ýyl baýramyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigi tabşyryldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, aýratyn-da, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar, şunda oba hojalyk tehnikalarydyr gurallary bökdençsiz işledilýär, bugdaýa gögeriş we ösüş suwy tutulýar.

Häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri geçirilýär hem-de oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar.

Şonuň ýaly-da, häkim welaýatda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýeti barada aýtdy hem-de häkime bugdaý ekilýän meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen birlikde, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmek boýunça häkime anyk görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatda Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Şu günler welaýatyň meýdanlarynda bugdaýa ideg etmek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, şunda oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny bökdençsiz işletmek, şeýle hem gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini meýilnama laýyklykda alyp barmak boýunça zerur tagallalar edilýär.

Şeýle hem welaýatda Täze ýyl baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimizdäki wajyp ornuny belledi hem-de 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň öz wagtynda hem-de talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek hem-de baýramçylyk günlerinde bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň görülmelidigini häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek hem-de bu işde oba hojalyk tehnikalaryny bökdençsiz işletmek, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işlerini guramaçylykly alyp barmak, geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär.

Şonuň ýaly-da, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek, 2023-nji ýylda oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak işleriniň talabalaýyk guralmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, bugdaýa ideg etmekde tehnikalaryňdyr gurallaryň bökdençsiz işledilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda Täze ýyl baýramyny mynasyp geçirmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmegini häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm işleri talabalaýyk alnyp barylýar, geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar.

Şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň bökdençsiz işledilmegi üpjün edilýär, bugdaýa gögeriş we ösüş suwy tutulýar.

Mundan başga-da, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk alyp barmak, geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, häkime bu işleriň berk gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyna mynasyp taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we baýramçylyk günlerinde welaýatyň bazarlaryny, dükanlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler daýhanlarymyz tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

Geljek ýylda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak maksady bilen, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary we gurallary abatlamak hem-de olary talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Şunuň bilen bir hatarda, wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyzyň Balkan we Mary welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almagyň dowam edýändigini, ýurdumyzyň suw howdanlaryna suw toplamak işleriniň bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyndaky wezipelere ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, şeýle hem welaýatlarda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.

Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny talabalaýyk geçirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Mundan başga-da, welaýat häkimlerine ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)

Secured By miniOrange