Перейти к содержимому

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ SAPARY BILEN HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA UGRADY

17.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sian şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan gürrüňdeşliginde ugurlaryň giň gerimini, şol sanda söwda-ykdysady, nebitgaz, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigi nygtaldy. Ýurdumyzda şu gezekki sapara türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýolundaky möhüm ädim hökmünde garalýandygy bellenildi. Bu saparyň dowamynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Bu sapar hormatly Prezidentimiziň HHR-e şu ýylyň dowamynda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Munuň özi dostlukly döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna görä, onuň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerindäki netijeli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösdürilýändigini bellemek gerek. Türkmenistan we Hytaý sebitleýin meýdançalarda işjeň hyzmatdaşlyk etmek bilen, aýratyn möhüm teklipleri we başlangyçlary ilerletmekde birek-biregi goldap, häzirki döwrüň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýändigini bellemek gerek. Gadymy döwürlerde ýurtlarymyzy we halklarymyzy baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny alyp barmakda däl, eýsem, medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde hem özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir. Täze taryhy eýýamda Türkmenistan we Hytaý dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, Pekin we Aşgabat uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan döwletara gatnaşyklaryň amatly görnüşini işläp taýýarlady. Geçen döwürde hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi, onuň netijeli gurallary ýola goýuldy. Ýokary derejede, hökümet we parlament derejelerinde, işewür toparlaryň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşdy. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Jarnamanyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemeli. Iki ýurduň we halklaryň umumy bähbidine laýyk gelýän bu taryhy çözgüt ähli ugurlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösdürilmegini şertlendirdi. Şu ýyl ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň düýp manysyny we möhüm ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamanyň kabul edilenine 10 ýyl dolýar.

Häzirki günde Türkmenistan we Hytaý özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesini gazandylar. Taraplaryň hoşniýetli erki esasynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň özara ýakynlaşmagy onýyllyklary nazarlaýan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär. Şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-e amala aşyran döwlet sapary strategik gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüldi. Ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy ýanwarda bolan duşuşygynyň giň halkara seslenmä eýe bolandygyny bellemeli. Pekinde geçirilen gepleşikler HHR-iň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy üns beren meseleleriniň biri boldy. Sapar mahaly Hytaýyň “Ženmin Žibao» merkezi gazetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady” atly makalasy çap edildi hem-de bu abraýly we meşhur neşiriň millionlarça okyjysynda uly gyzyklanma döretdi.

Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Hytaýa türkmen “mawy ýangyjynyň” ugradylmagyny üpjün edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň — ХХI asyryň ägirt uly taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilelikdäki tagallalaryň aýdyň netijesidir. Häzirki döwürde bu ugur boýunça ugradylýan gazyň mukdaryny artdyrmak meselelerine garalýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýokarda agzalan makalasynda bellenilişi ýaly, bu gaz geçiriji iki ýurduň ýolbaşçylarynyň energetika babatda ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine syýasy taýdan jogapkärli, oýlanyşykly, ykdysady babatda öňdengörüjilikli çemeleşmeleriniň aýdyň nusgasydyr. Hytaý Halk Respublikasynyň energetika serişdelerini ibermegiň ygtybarly goraglylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara mehanizmleri döretmek ugrunda Türkmenistanyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny we netijeli ýardam bermegini dowam etdirýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, bu halkara taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy halkara energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki gurluşynyň nusgasyna öwrülýändigini görkezýär.

Üstaşyr ulag we logistika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistanyň we Hytaýyň geografik hem-de ykdysady mümkinçilikleriniň has doly işe girizilmegine, täze ugurlara, geljegi uly bazarlara çykmak üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen bilelikdäki ulag strategiýasyny ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyny bellemeli. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň makalasynda Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen dünýägaraýyş we amaly nukdaýnazardan ýakyndygy hem-de sazlaşýandygy barada aýdylýar. Bellenilişi ýaly, bu başlangyçlaryň ikisi-de häzirki zaman şertlerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli ägirt uly giňişlikleriň arasynda amatly ulag geçelgeleriniň döredilmegine, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik ulgamlaryň hem-de senagat guşaklyklarynyň kemala getirilmegine, durmuş ugurly köp sanly meseleleriň çözülmegine, halklaryň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Umuman, özara gyzyklanmalar taraplara Ýewraziýa yklymynda ykdysady taýdan ösüşe gönükdirilen bu konsepsiýalary amala aşyrmak babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge itergi berýär.

Netijeli syýasy, söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda gatnaşyklar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde okadylýan hytaý diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigini bellemek gerek.

Bu gezekki iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy meýilleşdirildi. Nobatdaky ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.

“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammiti barada aýdylanda, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen baglylykda, bu sammite möhüm ähmiýet berilýär. Forumy geçirmek üçin Sian şäheriniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. HHR-iň bu iri senagat, işewürlik, medeni we bilim merkezi gadymy döwürlerde söwda kerwenleriniň ugraýan başlangyç ýeri bolupdyr. Ondan ugraýan kerwenler Beýik Ýüpek ýoly bilen Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Hytaýy we sebitiň beýleki döwletlerini baglanyşdyrypdyrlar. Şunda Sian bilen Mary şäheriniň doganlyk şäherlerdigini bellemek gerek. Bu baradaky degişli Ylalaşyga 2014-nji ýylyň maý aýynda gol çekildi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerinde jogapkärli, işjeň, başlangyçly orny eýeleýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Sebit we dünýä derejesindäki oňyn gatnaşyklara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýan Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşmaga meýillidir.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) 

Secured By miniOrange