28.06.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine beýleki birnäçe meseleler girizildi.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa söz berildi. Ol şu ýylyň 22 — 27-njy iýuny aralygynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Medeniýet hepdeliginiň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda guralan bu döredijilik forumynyň çäklerinde dürli mowzuklaýyn çäreler, şol sanda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň we baý milli mirasynyň bardygyny belledi. Şunda bu mirasy düýpli öwrenmek, medeniýeti, sungaty ösdürmek we kämilleşdirmek, dünýäniň halklary bilen ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen wezipeleriň wajypdygyna üns çekildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan çäreleriň her biri uly ähmiýete eýedir. Çünki hepdeligiň esasy maksady halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmekden, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegini höweslendirmekden, täze zehinleri gözlemekden, ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa TÜRKSOÝ guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň netijeleri barada hasabat berdi. Bu çärä gatnaşmak üçin Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Özbegistandan wekiliýetler, şeýle hem bu abraýly düzümiň Sekretariatynyň ýolbaşçylary Türkmenistana geldiler.
Degişli meýilnama laýyklykda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy, şol sanda türki döwletleriň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Bellenilişi ýaly, 28-nji iýunda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy bolar. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň bir toparyny TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylan ýörite medallar bilen sylaglamak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli 30-njy iýunda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konsertini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynda aýratyn orny eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň hem-de olara medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň işjeň gatnaşmagynyň üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridigi nygtaldy. Türki döwletleriň guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň hormatyna guralan bu düzümiň Medeniýet hepdeliginiň Aşgabatdaky Medeniýet hepdeligi bilen gabat gelmegi aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer 2024-nji ýylda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäherinde nobatdaky Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk täze şäheriň açylmagy mynasybetli medeni çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Arkadag şäheriniň açylyşyna gabatlanan ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ondan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Arkadag şäheriniň açylyşyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ilki bilen, wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Liderini Gurban baýramy hem-de Arkadag şäheriniň öňümizdäki dabaraly açylyşy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwrebap Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Dabaralara dünýäniň dürli ýurtlaryndan resmi, ýokary wezipeli adamlaryň, abraýly halkara guramalaryň, dünýäniň iri kompaniýalarynyň wekilleriniň, umuman, dürli derejedäki wekilleriň 300-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde we häkimliginde meýilleşdirilen çäreler barada habar berildi. Şolaryň barşynda halkara sylaglary gowşurmak dabarasy, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de daşary ýurtlaryň ençeme şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy bar. 30-njy iýun — 4-nji iýul aralygynda halkara derejeli forumlaryň 17-si geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň desgalaryny ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen düýbi tutulan täze şäheriň gurluşygy ýokary derejede amala aşyryldy. Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ähli binalary açylyşa doly taýýar edildi. Şunda gurluşyklaryň ýokary hil derejesine, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ahal welaýatynyň çägindäki täze şäheriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berdi. Milli Liderimiziň yzygiderli gözegçiligi we goldawy netijesinde, “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan ýurdumyzda ilkinji bu şäher ajaýyp keşbe eýe boldy hem-de tehnologik üpjünçilik, ekologiýa babatda halkara standartlaryň talaplaryna doly laýyk gelýär. Golaýda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Onuň çäklerinde, esasan, önümçilik kuwwatlyklary gurlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki dabaranyň we ýakyn günlerde meýilleşdirilen dürli derejedäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, daşary ýurtly myhmanlary türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerlik bilen mähirli garşylamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Gurban baýramynyň ilkinji günüdigini belledi. “Gurbanlyk günleri berýän sadakalaryňyz, edýän ýagşy doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyny ýazyp gutarandygyny aýdyp, şu gün çapdan çykan şol kitabyň mejlise gatnaşyjylara sowgat hökmünde gowşuryljakdygyny belledi. Munuň özi mukaddes Gurban baýramyny dabaralandyrýan halkymyzyň ruhuny belende göterer. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu kitapda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna degişli birnäçe möhüm meseleler, şol sanda jemgyýetimizde ýaşlaryň eýeleýän orny we milli bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly anyk maglumatlaryň beýan edilendigini aýtdy. Umuman, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi baradaky teswirler kitabyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz ertir ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakanyň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň ýatda galyjy wakalara beslenjekdigini aýtdy. “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly täze kitabyň çap edilmegi nurana şäheriň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat boldy. Bu kitapda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylypdyr.
Üç dilde taýýarlanan we ýokary çaphana usulynda neşir edilen bu täze kitap giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin elýeterli bolar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şanly wakalaryň hormatyna täze kitaplaryň neşir edilmeginiň taryhy ähmiýeti bolan pursatlaryň şatlyk-şowhuna beslenmegini artdyrjakdygyny, halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine we uly üstünliklere ruhlandyrjakdygyna aýdyp, hormatly Prezidentimize bilelikdäki mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu wakanyň mukaddes Gurban baýramynyň başlan gününe we Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gabat gelmeginde çuňňur manynyň bardygyny nygtady. Şeýle-de wise-premýer, daşary işler ministri Gahryman Arkadagymyzyň zehininden döreýän kitaplaryň türkmen halky üçin milli gymmatlykdygyny aýdyp, Milli Liderimiziň mundan beýläk-de galamynyň ýiti bolmagyny we täze kitaplary sowgat edip, halkymyzy begendirip durmagyny arzuw etdi.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, ýygnananlary we ähli türkmen halkyny goşa toý bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
***
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşanlara Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän “Ömrümiň manysynyň dowamaty” we “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitaplar gowşuryldy. Bilelikdäki mejlise gatnaşyjylar täze kitaplary mukaddes gymmatlyk hökmünde kabul edip, olaryň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrülendigini aýratyn nygtadylar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)