Перейти к содержимому

TÜRKMENISTANDA AWSTRALIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝALRY ILÇISI IŞE BAŞLADY

15.02.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Greým Lesli Mihandan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny bildirip, öz gezeginde, Awstraliýanyň General-gubernatory Dewid Hýorliniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, maksatlary hem-de wezipeleri, şeýle hem milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek we raýatlaryň rowaçlygyny ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Türkmen halkynyň taryhy we medeni däpleri duşuşygyň ýene-de bir ugry boldy. Şeýle hem diplomat Mejlisiň düzümi we köpugurly işi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan toplumlaýyn işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara dialogy giňeltmek maksady bilen, parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Türkmen-awstraliýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmagyň çäklerinde duşuşyga gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda Mejlisiň ýolbaşçysy hem-de diplomat ýakyn geljekde döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we özara bähbitlere laýyk gelýän, doly möçberli hyzmatdaşlyk derejesine çykaryljakdygyna, iki ýurduň halklarynyň hoşniýetli erkine esaslanyp, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Greým Lesli Mihany Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.

Jenap Mihanyň ýokary şahsy häsiýetleri we ukyp-başarnyklary wezipesini ýerine ýetirende Siziň hormatyňyza mynasyp boljakdygyna ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony mähirli kabul etmegiňizi, şeýle hem onuň Awstraliýanyň adyndan aýdanlaryna, aýratyn-da, Türkmenistana rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirende doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Dewid HÝORLI,
Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatory.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) 

Secured By miniOrange