Перейти к содержимому

TÜRKMENISTAN HALKARA BILELEŞIGIŇ DAŞKY GURŞAWY GORAMAK BOÝUNÇA TAGALLALARYNY GOLDAÝAR

03.04.2023

Häzirki döwürde dünýä ýüzünde durnukly ösüşiň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň möhüm şerti hökmünde ekologik meselä aýratyn ähmiýet berilýär. Zyňyndylaryň derejesini doly peseltmek boýunça Türkiýe Respublikasynyň öňe süren başlangyjy bilen baglanyşykly meseleler BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki maslahatynyň gün tertibine girizildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu foruma Türkmenistandan daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Ol maslahatda çykyş edip, bu mesele boýunça ýurdumyzyň eýeleýän ornuny beýan etdi.

Häzirki döwürde Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we bu ugra häzirki zamanyň ekologik taýdan ähmiýetli, täzeçil tehnologiýalaryny gönükdirmek bilen bagly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Türkiýe Respublikasynyň birinji zenany Emine Ärdogan, BMG-niň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory Maýmunah Mohd Şarif, BMG-ä agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleri, guramanyň degişli ýöriteleşdirilen edaralar ulgamynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Tutuş halkara bileleşik üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu maslahatda Türkiýe Respublikasynyň birinji zenany Emine Ärdoganyň hem-de ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň çykyş etmekleri dünýä zenanlarynyň, şol sanda türk we türkmen zenanlarynyň ählumumy meselelerde möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa çykyşynda Türkiýe Respublikasynyň “nol zyňyndy” başlangyjynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şertini emele getirýändigini belledi. Dünýä bileleşiginiň tagallalary zyňyndylaryň döremeginiň öňüniň alynmagyna we ykdysadyýetleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ýaramaz ýagdaýlaryň daşky gurşawa täsirini peseltmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz bu başlangyjy we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň Gün tertibiniň öňe ilerledilmegi boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny goldaýar. Şeýle-de çykyşda bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkiýäniň teklibi boýunça 30-njy marty Zyňyndysyz dünýä üçin halkara gün diýip yglan etmek hakynda 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul eden Kararnamasyna ilkinjileriň hatarynda awtordaş bolup çykyş etdi. Bu bolsa ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli halkara başlangyçlary goldaýandygynyň we ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertini emele getirýän meseleleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Prezidentiň maşgalasy hanym Emine Ärdogana iberen hatynda döwletara doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigi barada bellenilýär. Ösüşe we yzygiderli häsiýete eýe bolan gatnaşyklar açyklygy hem-de ýürekdeşligi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de hatda iki doganlyk ýurduň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny we tekliplerini özara goldamaga üýtgewsiz ygrarlylyk barada bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň zyňyndylary nol derejä çenli azaltmak boýunça öňe süren ählumumy başlangyjynyň daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda umumy tagallalary işjeňleşdirmekde örän uly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar.

Türkmenistan bu foruma işjeň gatnaşdy. Onda ýurdumyzyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliniň başlyklyk edendigini, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýokary derejeli zenan wekiliniň bolsa Türkiýäniň başlangyçlaryny goldap çykyş edendigi buýsançly ýagdaýdyr. Häzirki döwürde iki doganlyk ýurduň arasynda gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykdy. Türkmen we türk halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary yzygiderli berkidilýär. Bu bolsa döredijilikli we netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmenistan tutuş dünýä ähmiýetli daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek we bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly möhüm meselelere üýtgewsiz ygrarlydygyny, onuň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär. Lukmançylyk ylmynyň we köpýyllyk durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, zyýanly galyndylar, zyňyndylar daşky gurşawyň derejesiniň peselmegine, ynsan saglygyna zeper ýetmegine getirýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde zyňyndylary netijeli dolandyrmak, olary gaýtadan işlemek meseleleriniň oňyn çözülmegi ekologik sagdynlygy üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurtlaryň ykdysadyýetine oňyn täsirini ýetirýär, täze iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Türkiýäniň zyňyndylary nol derejä ýetirmek boýunça başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamasy bolsa ählumumy başlangyjyň uly geljeginiň bardygyny görkezýär.

Şol bir wagtyň özünde, häzirki döwürde jemgyýetiň durnukly ösüşinde mynasyp orny eýeleýän, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda döredijilikli zähmet çekýän zenanlaryň şeýle halkara derejeli çärelere işjeň gatnaşmagy bellenilmäge mynasypdyr. Kanun arkaly berkidilen gender deňligi, zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy, maşgala binýadynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy zenanlaryň dünýäniň ösüş meselelerine has çuňňur goşulyşmagyny şertlendirýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň zenanlary ýokary döwlet wezipelerini eýeleýärler, diplomatik ulgamda netijeli iş alyp barýarlar. Bu bolsa zenanlaryň jemgyýetde, şol sanda halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki maslahatynda eden çykyşynda daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meselelerine gönükdirilen milli derejedäki çäreleriniň oňyn netije berýändigi barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, ösüşiň hasabyna obanyň we şäheriň arasyndaky tapawudyň azalmagyna, ilatly ýerlerde galyndylary dolandyrmagyň, durmuş we senagat galyndylaryny gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna zerur üns berilýär.

Häzirki zaman ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça Türkiýe Respublikasy bilen utgaşykly hereket edýän Türkmenistan bilelikde “nol zyňyndy” başlangyjyny öňe ilerletmek maksady bilen, ykdysady, durmuş we ekologik taýdan bähbitli netijeleri gazanmak ugrunda halkara, sebit we milli derejelerde giň möçberli işleri amala aşyrýar. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bu başlangyjyň ähmiýetini nazara alyp, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, raýat jemgyýeti, hususy ulgam, ylym-bilim edaralary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak zerur bolup durýar.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli döwlet syýasatyny alyp barýar we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny esasy ugur edinip, giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) 

Secured By miniOrange