20.04.2023
Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplan tejribämize daýanyp, şu gün biz 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça täze saýlanan we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklarynyň, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň, etrap, şäher häkimleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirýäris.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň — Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň düzümine girýän milli parlamentiň, ýerli halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalaryny saýlawlarda ýeňiş gazanmaklary bilen gutlaýaryn.
Men Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öz işine başlamagy bilen hem halkymyzy, mejlise gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze düzümdäki mejlisiniň işine üstünlik arzuw edýärin.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Gadyrly mejlise gatnaşyjylar!
Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda köp sanly, wajyp ähmiýetli işleri alyp barýarys. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini döwlet ähmiýetli, adam bähbitli tagallalarda jemläp, ýurdumyzyň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirýäris. Şu maksatlar bilen wekilçilikli edaralaryň işine, olaryň işiniň kämil kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna, guramaçylyk, hukuk we usuly taýdan goldaw berilmegine aýratyn üns berýäris. Siziň bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki mejlisinde, şeýle hem jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde bu meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk.
Türkmen halky öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen, dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşan halkdyr. Taryhda şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan köp sanly döwletler gurlupdyr. Döwleti dolandyrmakda, onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda örän baý tejribeler toplanypdyr. Parahatçylyk, ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik.
Ata-babalarymyzyň «Geňeşsiz iş bolmaz» diýen pendinden ugur alyp, döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämize daýanmagy makul bildik. Bu tejribäni döwrebaplaşdyryp, ýurdumyzyň geljekki ykbalyna dahylly möhüm wezipeleri, uzak möhletli döwür üçin täze strategik maksatlarymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze düzümi bilen ara alyp maslahatlaşmaly diýen karara geldik.
Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, geljegimiz hakynda pikirlenmek we her bir işe döredijilikli çemeleşmek möhümdir. Agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidir.
Mejlise gatnaşýan dürli hünärli, ýokary bilimli we taýýarlykly Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary giň bäsdeşlik esasynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazandylar.
Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, 26-njy martda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzda demokratiýanyň ösüş derejesini görkezýän möhüm syýasy waka boldy. Bu saýlawlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bütinleý täze eýýama ynamly gadam basandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Demokratiýany ösdürmek raýat jemgyýetini kämilleşdirmegiň, dünýä ölçeglerine laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, hukuk taýdan goramagyň, syýasy ulgamy ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň tapawutlandyryjy aýratynlygydyr.
Pursatdan peýdalanyp, geçirilen saýlawlara işjeň gatnaşandyklary üçin, ähli raýatlarymyza minnetdarlyk bildirýärin.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalaryna berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly adamlar!
Bu gün ýurdumyz öz ösüşiniň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýgytly gadam basdy. Bu döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Häzirki döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy gazananlaryny saklap galmak bilen birlikde, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbitleri üçin ýöredilýän döwlet syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak biziň her birimiziň baş wezipämizdir. Hormatly Prezidentimiziň geçirýän özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin agzybirligimizi we bitewüligimizi pugtalandyryp, döwrebap ýaşamagymyz, okamagymyz we zähmet çekmegimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryndan gelip çykýan taryhy zerurlykdyr.
Häzirki döwürde agzybir halkymyz döwrüň talaplaryna laýyk tutanýerli zähmet çekip, ata Watany gülletmegiň, ony dünýäde iň abraýly ýurda öwürmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň alamatydyr. Bu taglymat bolsa täze eýýamyň ideologiýasynyň esasyny düzmek bilen, täze taryhy döwürde merdana halkymyzy beýik üstünliklere galkyndyrmaga giň ýol açýar. Her bir işe yhlas bilen ýürekden ýapyşyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlarymyzy has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak biziň öňde goýan esasy wezipelerimizdir.
Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmekde, raýat jemgyýetiniň institutlaryny döretmekde, abadan we durnukly ösüşi üpjün etmekde ýetilen sepgitler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýip beýan edilen kadalaryň bir maksada gönükdirilip, durmuş hakykatyna öwrülmegi ugrunda bitirilen bimöçber işleriň netijesidir. Ýurdumyzda gazanylýan her bir ösüş milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň esasynda amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzy birnäçe gezek kämilleşdirip, döwlet häkimiýet edaralarynyň kämil ulgamlaryny emele getirdik.
Häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk, üpjünçilik mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, işgärler düzüminiň kämilleşdirilmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
Hormatly adamlar!
Biziň üstünliklerimiziň esasy açary hem şundan ybaratdyr. Geçilen menziller, bitirilen işler şu günümiziň we geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär.
Biz ykdysady ösüşiň häzirki zaman, kämil nusgasyny emele getirdik. Şunda ähli serişdeleriň (tebigy, maliýe, zähmet) netijeli ulanylmagyna, öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynyň döredilmegine, dolandyryş işiniň netijeli usullarynyň öwrenilmegine, eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine uly üns berdik. Netijede, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, senagat mümkinçiliklerimizi giňeltmek, iş ýerleriniň döredilmegini gazanmak bilen ýaşaýşyň täze derejelerine çykdyk.
Biz dünýäniň iri kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini hem artdyrdyk. Amatly geosyýasy we ykdysady şertlerde ýerleşen ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklere eýe bolan berkarar döwlet hökmünde dünýä giňişliginde tutýan ornuny pugtalandyrdyk. Ýurdumyzyň ägirt uly taslamalary özbaşdak hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirmäge ukyply döwlete öwrülmegini üpjün etdik. Döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy baradaky aladalar biziň ählimiziň borjumyzdyr.
Hormatly adamlar!
Döwletimiziň bähbidi halkymyzyň bähbididir. Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada biziň döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak halkymyzda hemişe asylly, sogaply işler hasaplanypdyr. Biz hem şol gadymy ýolumyzy häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirýäris.
Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadyryn bilgil, hasta bolmasdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk onuň soltanydyr» diýen dana sözleri bar.
«Saglygym — begligim», «Sag başym — soltan başym» ýaly türkmen nakyllary bar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygarymyz bar. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, sagdyn jemgyýet gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýar. Şonuň üçin biz ýakynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüni tutduk. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak barada kabul edilen çözgüt ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Innowasion tehnologiýalaryň hem-de dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, ugurdaş edaralaryň giň ulgamy we olaryň hünärmenleriniň dünýäniň iri lukmançylyk merkezlerinde hünär taýýarlyklaryny geçmegi gysga wagtyň içinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, keselçiligi pese düşürmäge, ilatyň ortaça ömür dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Röwşen geljegimiz bolan çagalar baradaky alada halkymyzyň ynsanperwer kadalaryna hem-de halkara talaplara laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bagtyýar çagalygyň Watany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dostluk ruhunda terbiýelemek babatda köp alada edýäris. Olaryň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we durmuş taýdan ösüşiniň üpjün edilmegine uly ähmiýet berýäris.
Eneligi we çagalygy goramak «Saglyk» Döwlet maksatnamamyzda kesgitlenen möhüm ugur bolup durýar. Çünki durmuş tejribesi sagdyn ene bolmasa, sagdyn perzendiň hem bolmaýandygyna şaýatlyk edýär.
Biz ata-babalarymyzyň howandarlyga mätäçlere goldaw bermek bilen bagly asylly däplerinden ugur alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretdik. Bu gaznanyň ştab-kwartirasyny Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýerleşdirdik. Mälim bolşy ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň köpüsiniň saglygy dikeldildi, biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Sebäbi halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar geljeginiň hem berk binýadydyr. Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzyň kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş şygar edinýän durmuş ugurly syýasatymyzyň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Garaşsyzlyk ýyllarynda şu günümiziň we geljegimiziň aýdyň bolmagy üçin ägirt uly işler bitirildi, belent sepgitlere ýetildi. Bu beýik işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň netijesidir. Indiki wezipämiz mundan beýlägem ýurdumyzy gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylan üstünlikleri berkitmek, wagyz etmek, adamlary täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly berjaý edip bileris. Ine, hut şu işlerde hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uly bolmalydyr.
Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirip, döwlet ähmiýetli özgertmeleri geçirmäge, durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga halk köpçüligini giňden çekýäris. Bu meseleler boýunça teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, agzybirligimizi, jebisligimizi, asudalygymyzy berkitmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Halk Maslahaty öňde durýan wezipeleri çözmekde — döwleti dolandyrmakda, halkymyzyň agzybirligini saklamakda, ýurdumyzy kuwwatlandyrmakda, ony dünýä tanatmakda täsirli mekdep bolmalydyr.
Mundan başga-da, Halk Maslahatynyň döredilmegi ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Bu jemgyýetçilik-syýasy waka halk bilen häkimiýetiň bitewüligini berkitmekde, demokratik kadalary kämilleşdirmekde nobatdaky möhüm ädimdir. «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işlerimiziň dowamydyr.
Içeri we daşary syýasatdaky galkynyşlarymyz, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy meniň yhlasymyň, gije-gündizki aladalarymyň ýerine düşendigine kepil bolýar. Men muňa örän guwanýaryn.
Biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň Prezidiumyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hasabat berýän, hemişelik hereket edýän kollegial edarany döredýäris. Täze edaranyň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanyň adalat ministri we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary girýär. Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guramak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul etmek, Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan başga çözgüt kabul edilmese, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesini, wagtyny we ýerini kesgitlemek, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny çagyrmak we geçirmek bilen bagly hem-de öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözmek işini alyp barar. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibindäki aýry-aýry kanunlaryň taslamalary boýunça garaýyşlaryny beýan etmek we makullamak, zerur bolan halatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna iş toparlaryny döretmek hakynda teklipleri girizmek, iş toparlarynyň işiniň meseleleri boýunça habarlary diňlemek, Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan öz ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly işler bilen meşgullanar.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryň çäklerinde prezidiumyň mejlislerini yzygiderli geçireris we onuň işini talabalaýyk alyp gideris. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi ata-babalarymyzyň hem eýeren, biziň döwletliligimiziň esaslaryny düzýän, milliligimize mahsus kadalara esaslanýar.
Bu kadalarymyz:
— demokratiýadan;
— aýanlykdan;
— adalatlylykdan;
— kanunyň hökmürowanlygyndan;
— halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmakdan;
— adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňliginden;
— adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmakdan;
— çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakdan we kabul etmekden;
— jemgyýetçilik pikirini nazara almakdan ybaratdyr.
Ine, häzirki zaman jemgyýetinde durmuş hakykatyna we halkymyzyň erk-islegine laýyk gelýän şu kadalary biz öz işimizde esas edip alýarys.
Elbetde, Halk Maslahatynyň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan orny örän uly bolmalydyr. Men şu ýerde Halk Maslahatynyň işiniň käbir esasy ugurlary hakynda aýtmak isleýärin. Ilkinji nobatda, Halk Maslahaty döwletimiziň alyp barýan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna hem-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgämize eýerip, halkara soraglara degişli köptaraplaýyn işleri geçirmelidir. Döwletleriň we halklaryň özara düşünişmegine, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmalydyr. Şonuň üçin men dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklary ösdürmek hem-de giňeltmek Halk Maslahatynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir diýip hasap edýärin. Şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ugurlara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işinde uly orun berilmelidir.
Bilşimiz ýaly, biziň döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýar. Biziň bu ugrumyz hemmeler üçin düşnükli bolan anyk daşary syýasy ugurdyr. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy biziň ýurdumyza sebitde we bütin dünýäde häzirki zaman syýasy garaýyşlary we usullary ulanmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň ýene-de biri Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we ýurdumyzy strategik taýdan özgertmek bolmalydyr.
Biziň baş wezipelerimiz türkmen jemgyýetinde agzybirligi, jebisligi, ruhubelentligi we geljege bolan beýik ynamy has-da pugtalandyrmakdyr. Bu işleri amal etmekde maşgala gymmatlyklarynyň orny uludyr. Şoňa görä-de, türkmen maşgalasynyň esaslaryny goramak we berkitmek, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak işlerine-de aýratyn üns berilmelidir. Şuny nazara alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty maşgalany goldamaga gönükdirilen işlere örän işjeň gatnaşmalydyr. Bu işleri alyp barmak üçin, Halk Maslahatynyň, ilkinji nobatda, halk bilen ysnyşykly, jebis işlemegi möhümdir. Munuň üçin Halk Maslahaty raýatlar, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr.
Halk Maslahaty häzirki döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birdigini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlarynyň bitewüligini ýüze çykarýan esasy syýasy-jemgyýetçilik güýç hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolmagy, adamlary gyzyklandyrýan meseleleri içgin öwrenmegi, ýurdumyzda geçirilýän özgertmelerden habarly bolup, ilat arasynda, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň arasynda degişli wagyz-nesihat işlerini geçirmekleri zerur bolup durýar. Şunda biz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, teleradioýaýlymlaryň, döwürleýin metbugatyň, elektron neşirleriň, internet saýtlarynyň we beýleki media serişdeleriniň işine uly ähmiýet berýäris. Olary halkymyz bilen jebis aragatnaşyk saklamagyň möhüm gurallary diýip hasap edýäris. Olardan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekilini media serişdeleri bilen içgin aragatnaşyk saklamaga borçlandyrdyk. Ilatyň biziň alyp barýan işlerimiz bilen tanyşmagy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty döredildi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahaty, onuň alyp barýan işleri we bu ugurdaky täzelikler baradaky maglumatlar öz beýanyny tapýar.
Biziň alyp barýan işlerimiziň ählisi Türkmenistan döwletiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatlaryny goldamaga, geçirilýän özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!
Ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň — Geňeşleriň ygtyýarlyklaryny, onuň işiniň tertibini, agzalarynyň, wezipeli adamlarynyň işiniň hukuk esaslaryny, tertibini we ygtyýarlyklaryny kesgitleýän Türkmenistanyň kanunçylygy hereket edýär. Milli kanunçylykda bu edaralara örän giň hukuklar we mümkinçilikler berilýär.
“Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu edaralar welaýat, etrap, şäher häkimlikleri bolup durýar.
Welaýatyň häkimi welaýatyň býujetiniň taslamasyny we býujetiň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty taýýarlaýar hem-de olary tassyklamak üçin welaýat halk maslahatynyň garamagyna girizýär. Etrabyň, şäheriň häkimi bolsa etrabyň, şäheriň býujetiniň taslamasyny we býujetiň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty taýýarlaýar hem-de olary tassyklamak üçin etrap, şäher halk maslahatynyň garamagyna girizýär.
Häkimler etrabyň, şäheriň ösüş maksatnamalary we ýyllyk meýilnamalary düzülende Geňeşleriň tekliplerini göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň býujet kanunçylygyna laýyklykda, ýerli býujetden etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň býujetine serişdeleri bölüp berýär hem-de arçynlaryň işine ýardam berýär.
Häkim Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, degişli welaýat, etrap we şäher halk maslahatynyň kararlarynyň, çägi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň, ýerli býujetiň ýerine ýetirilişi hakynda ýylda azyndan bir gezek degişli halk maslahatynyň mejlisinde habar bilen çykyş edýär.
Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary bu wezipä örän jogapkärçilikli seretmeli.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
“Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary, ýagny:
welaýatda — welaýat halk maslahaty;
welaýat hukukly şäherde — şäher halk maslahaty;
etrapda — etrap halk maslahaty;
etrap hukukly şäherde — şäher halk maslahaty döredilýär.
Kanun bilen welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzasynyň işiniň hukuk kepillikleri bellenilýär. Bu halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryna ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüş maksatnamalarynyň degişli çäkde ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşmak, ýerli býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklamak, çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek çygrynda amala aşyrylýan işler barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňlemek degişlidir. Öz çäklerinde kanunylygy berjaý etmek we jemgyýetçilik tertibini gorap saklamak, raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak girýär. Şeýle hem ilatyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak, raýatlaryň tekliplerini öwrenmek we olary degişli edaralara bermek ýaly jogapkärçilik ýüklenilýär.
2023-nji ýylyň 26-njy martynda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda iň mynasyp, zähmeti, şahsy görüm-göreldesi bilen tapawutlanan adamlar saýlandy.
Wagt öňe tarap hereket edýär. Türkmenistan hem yzygiderli ösüşiň, giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýar. Şoňa görä-de, halk maslahatlarynyň täze agzalarynyň öz işlerini döwrüň talabyna laýyk guramaklary üçin Türkmenistanyň Mejlisi olara ýardam berip durmaly. Olar bilen okuw-maslahatlary gurap, degişli kanunçylyk namalary barada giňişleýin okuwlary geçirmeli.
Türkmenistanyň Mejlisi Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Kanuna laýyklykda, halk maslahatlarynyň işini kämilleşdirmek meselesine seretmeli.
Azyk howpsuzlygy, tebigaty goramak, ilatymyzyň durmuş üpjünçiligi ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň elmydama üns merkezinde bolmalydyr.
Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň işi hem döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmelidir hem-de olaryň ygtyýarlyklary ýokarlandyrylmalydyr. Olar öz işinde düzüminde hormatly ýaşulular bolan raýat jemgyýetiniň özboluşly mekdebine daýanmalydyr. Olaryň tejribesi, parasatlylygy etrabyň we obanyň durmuşyny kesgitleýän güýje öwrülmelidir.
«Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda çäk, jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary baradaky kadalar beýan edilen. Hususan-da, öz-özüňi dolandyryş edaralary jemgyýetçilik başlangyçlarynda, degişli çäkde ýaşaýan ilatyň bähbitlerinden ugur alyp, ýerli ähmiýetli meseleleri özbaşdak çözmek maksady bilen döredilýär. Onuň Geňeşde ýa-da häkimlikde hasaba alynýandygy, raýatlaryň ýygnagynyň ygtyýarlyklary, ony dolandyrmak, şeýle hem üýtgedip guramak we işini bes etmek baradaky kadalar öz beýanyny giňişleýin tapdy.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, kanunçylygymyzda kesgitlenilen bu edaranyň işini talabalaýyk ýola goýmak üçin Türkmenistanyň Mejlisi ýerlerde Geňeşler bilen degişli kanunçylyk namalary barada giňişleýin okuw-maslahatlary yzygiderli gurap durmalydyr.
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlary obadaky işjeň adamlar, mekdepleriň mugallymlary, medeniýet işgärleri bilen bilelikde ilatyň arasynda düşündiriş, terbiýeçilik işlerini geçirmelidir. Oba ilatynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamalydyr.
Hormatly adamlar!
Türkmenler «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, her bir işi maslahatlaşyp çözmelidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Türkmenistanyň Mejlisine öz çäklerini ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça has ähmiýetli teklipleri garamaga bermelidirler. Mejlisiň deputatlary jemgyýetimiziň durmuşynyň, ondaky wakalaryň jümmüşinde bolmalydyrlar.
Mejlisiň deputatlary Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda bolup, ýygy-ýygydan duşuşmaly we gürrüňdeş bolmaly. Men şeýle pikir alyşmalaryň hereket edýän kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek üçin peýdaly maglumatlary berjekdigine hem-de täze kabul edýän kanunlarymyza, geçirýän özgertmelerimize işjeňlik häsiýetini berjekdigine pugta ynanýaryn.
Gadyrly watandaşlar!
Şu ýerde ýerine ýetiriji häkimiýeti özgertmek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işini düzgünleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky käbir garaýyşlarymy aýtmak isleýärin.
Türkmenistanyň Mejlisine we Ministrler Kabinetine, welaýatlaryň häkimliklerine ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Geňeşleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, şu wezipeleri tabşyrýaryn:
birinjiden, häzirki zaman demokratik we hukuk döwleti hökmünde Türkmenistanyň döwlet esaslaryny pugtalandyrmaga, eziz Diýarymyzy ösdürmäge işjeň gatnaşmaly, ýurdumyzda we sebitde pugta durnuklylygy, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üpjün etmeli;
ikinjiden, raýat jemgyýetini yzygiderli ösdürmek üçin degişli işleri geçirmeli, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş etmeli;
üçünjiden, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik özgertmelere gönükdirilen maksatnamalary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegi hem-de alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri wagyz etmeli we ilata giňden düşündirmeli;
dördünjiden, halk maslahatlarynyň hukuk ýagdaýyny, işiniň anyk ugurlaryny ýene-de bir gezek seljermeli. Bu edaralaryň öňde goýlan maksatlara hyzmat etmeklerini gazanmaly. Şeýle hem welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň gözegçilik ygtyýarlyklaryny giňeltmegi göz öňünde tutmaly;
bäşinjiden, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň hukuk ýagdaýyna halkara tejribä laýyklykda doly seretmeli. Bu edaralaryň ygtyýarlyklaryny, maliýe üpjünçilik we eýeçilik hukuk esaslaryny anyk kesgitlemek üçin degişli işleri geçirmeli. Ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmaly. Şu wezipelerden ugur alyp, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň işini guramagyň kanunçylyk esaslaryny berkitmeli. Olaryň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň netijeli ulgamyny döretmeli;
altynjydan, Hökümet ýerine ýetiriji häkimiýetiň tutuş ulgamy üçin jogapkärçilik çekýär. Ýurdumyzyň Hökümetiniň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaly we onuň her bir agzasynyň şahsy jogapkärçiligini artdyrmaly;
ýedinjiden, häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ministrler Kabinetiniň işi sazlaşykly we ylalaşykly alnyp barylmalydyr.
Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary kadalaşdyryjy hukuk namalaryny wagtynda kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmelidir. Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek Türkmenistanyň Mejlisiniň ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipesidir. Bu işler bolsa halkymyzyň, her bir raýatymyzyň bähbitlerine we geljegine diňe oňaýly şertleri döreder.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly watandaşlar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek barada edýän ýadawsyz aladalarynyň, amala aşyrýan işleriniň netijesinde, gözel Diýarymyzda uly üstünlikler gazanylýar. Ata-babalarymyzyň gadymy mekanynda kemala gelen Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr.
Şu günler Arkadag şäherini dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermäge taýýarlyk görýäris. Bu «akylly» şäheriň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda çagalar baglaryny, mekdepleri, beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamlarynyň edaralaryny, sport desgalaryny, edara binalaryny özüne birleşdirýär.
Ýakynda Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýän «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şäheriň hukuk ýagdaýy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýyklykda bellenilýär.
Şeýle hem Arkadag şäherinde şähergurluşyk işini ýokary derejede alyp barmak, şäheri halkara merkezleriň birine öwürmek, geljekde depginli ösdürmek, şäherde durmuşa geçirilýän taslamalaryň wajyp häsiýetini, halkara derejede geçiriljek çäreleriň ähmiýetini göz öňünde tutup, Arkadag şäheriniň düzüminde Kärizek hem-de Gorjaw etraplary döredildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, geljek ýedi ýylda ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmek üçin uly möçberlerde maýa goýumlar gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda: “Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar” diýip bellemegi raýatlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu işiň üstünlikli amal edilmegi bolsa şähergurluşyk işi bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki zaman şähergurluşygy ykdysady işiň örän çylşyrymly görnüşleriniň biri bolup, onda dünýäniň ösüş meýillerini we jemgyýete mahsus bolan milli aýratynlyklaryň özara sazlaşygyny gazanmak zerur bolup durýar.
Şähergurluşyk işiniň ýene bir tapawutly tarapy onuň ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň kepilleriniň biri hökmünde çykyş etmegidir. Bu ugurdaky işleriň ýokary derejede alnyp barylmagynyň esasy kepili bolsa döwrebap kanunçylykdyr. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy tarapyndan «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda», «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny hem-de adamyň talabalaýyk ýaşaýyş jaýynyň bolmagy we durmuş gurşawynyň emele getirilmegi, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegi bilen baglanyşykly durmuşa geçirýän işlerimizi mundan beýläk hem üstünlikli dowam etdirmäge mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna laýyklykda, Arkadag şäherinde we onuň etraplarynda Arkadag şäheriniň halk maslahaty we onuň etraplarynyň halk maslahatlary döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolup durýarlar. Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň tertibi Türkmenistanyň Kanunlary bilen bellenilýär.
Nesip bolsa, ýaşaýyş jaýlaryna raýatlarymyz ýakyn wagtda göçüp gelerler. Şonuň üçin hem Arkadag şäheriniň we täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek bilen bagly işleri Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara hem-de Türkmenistanyň Mejlisine tabşyrýaryn.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Gadyrly mejlise gatnaşyjylar!
Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň kämil bilim almagy, halkymyza, Watanymyza gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek, ilat arasynda sagdyn durmuş kadalaryny berkarar etmek bilen bagly soraglar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär. Halk Maslahatynyň işinde bu meselä hem ähmiýet berilmelidir.
Biziň ýurdumyzda dürli tebigy baýlyklaryň, çig mal serişdeleriniň örän uly gorlary bar. Biz olary halkymyzyň hyzmatyna, bähbitlerine gönükdirmelidiris, gorap saklamalydyrys we geljekki nesillerimize ýetirmelidiris.
Milli baýlyklarymyzy, çig mal serişdelerimizi senagat taýdan özleşdirip, netijeli ulanmak, dünýä bazarlaryna diňe bir çig mal bilen däl-de, taýýar önümler bilen çykmak üçin zawodlary, fabrikleri, beýleki senagat desgalaryny, köprüleri, howa menzillerini, demir ýollary, awtomobil ýollaryny gurmagy ýene-de dowam etdirmelidiris. Bu işler, ýaňy hem belleýşim ýaly, ilkinji nobatda, halkymyzyň bähbitlerini araýandyr.
Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny, himiýa, elektroenergetika, nebitgaz senagatlarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanyp, olary Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge degişli soraglary çözmäge gönükdirmelidiris.
Telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek ýaly çäreler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu agzalan meseleler bolsa Halk Maslahatynyň işinde esasy üns berilmeli ugurlardyr.
Täze taryhy döwürde parlament diplomatiýasy hem hil taýdan täze derejä we işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, bu syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamakda möhüm gural bolup durýar. Bir palataly parlament parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak babatda öňde goýan wezipelerimizi üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder.
Bu işler döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirip, ýurdumyzyň syýasy ulgamyny gowulandyrmakda, ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmakda ähmiýetli bolup durýar. Mejlisiň deputatlary döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmelidir. Halkara tejribeden ugur alyp, kanunçylyk namalarymyzy yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmelidir.
Ähli işlerimizde diňe halkymyzyň bähbitlerinden ugur almalydygymyzy ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Sebäbi biz halkymyzyň bähbitlerini döwlet häkimiýetiniň esasy wezipeleriniň biri diýip hasap edýäris.
Jemläp aýdylanda, biziň alyp barýan ähli işlerimiz Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny goramaga, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge, ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň parahat, abadan durmuşda, bolçulykda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň her biri bu möhüm işlere öz mynasyp goşandyny goşmalydyr. Ilat arasynda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda döwletimiziň her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygy wagyz etmäge ýakyndan gatnaşmalydyr.
Geljekde alnyp baryljak işleri has-da kämilleşdirmek, netijeliligini artdyrmak ugrunda degişli teklipleri taýýarlap, ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ibermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.
Eziz watandaşlar!
Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy, nurana ertirlere ynamymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, halkymyzyň isleg-arzuwlary esasynda biz 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdyr.
Biz halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watansöýüjiligine, zehinine we yhlasyna daýanyp, eziz Watanymyzy rowaçlyklaryň ýurduna öwürjekdigimize pugta ynanýarys.
Men siziň her biriňiziň Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge mynasyp goşant goşjakdygyňyza, halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün edýän işlerden çetde durmajakdygyňyza, ähli ukyp-başarnygyňyzy halkymyza hyzmat etmäge gönükdirjekdigiňize berk ynanýaryn.
Birleşen tagallalarymyz, agzybirlikli we yhlasly zähmetimiz netijesinde, ata Watanymyzy gülledip ösdürip, şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak, geljek nesillerimize nusga boljak işleri bitirip bileris.
Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Siziň her biriňize bu jogapkärli işleriňizde üstünlik arzuw edýärin.
(Aşgabat, 2023-nji ýylyň 20-nji apreli)
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)