05.04.2023
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň ýakyn dosty, görnükli syýasy işgär, türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Rustam Minnihanow bilen duşuşmaga, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşmaga hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek babatda teklipleri paýlaşmaga hemişe şatdygyny nygtady. Şeýle dostlukly gepleşikler hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna oňyn täsir edýär. Biziň şu günki duşuşygymyzyň hem netijeli boljakdygyna we Siziň Türkmenistana saparyňyzyň özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hoşniýetli sözler we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtady. Bilelikde alnyp barylýan işler, özara gyzyklanma bildirilýän pudaklardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär. Rustam Minnihanow Türkmenistanyň senagat taýdan ösendigini, diňe bir ak mermerli paýtagtda däl, eýsem, ähli sebitlerde sazlaşykly ösüşiň ilerleýändigini belläp, ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň şaýady bolandygyny we biziň ýurdumyza gelip görmegiň özi üçin hemişe ýakymlydygyny aýtdy.
Belent mertebeli myhman gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanyp barýan Arkadag şäherine haýran galýandygyny belledi. Özboluşly şäherde her bir binanyň, her bir desganyň ajaýyp keşbe eýedigini we olaryň ýokary halkara ülňülere laýyk gelýändigini aýdyp, myhman bu täze şäheriň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolandygyny nygtady hem-de onuň Merkezi Aziýanyň iri döwrebap şäherine öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, täze ugurlary we ulgamlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri bilen gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirer.
Bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasy Türkmenistanyň has işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi, olary ösdürmegiň täze ugurlary hem-de geljegi kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň yzygiderli duşuşyklary we gepleşikleri däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär. Bu bolsa abadançylygyň bähbidine köptaraply özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär.
Tatarystanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler. Bu kompaniýalar köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň çäginde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli hyzmatlary hödürläp, hyzmatdaşlyk borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirýärler. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş topary üstünlikli işleýär. Bu toparyň esasy wezipesi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny seljermekden we ony ösdürmek boýunça degişli çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Söhbetdeşler ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda ylym-bilim, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny bellediler.
Häzirki wagtda Tatarystanyň iri ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň 6 müňden gowragy bilim alýar. Olar geljekde asyrlaryň dowamynda dilleriniň, däpleriniň, dininiň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy arkaly baglanyşan türkmen we tatar halklarynyň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşarlar.
Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Tatarystanyň hormatly ýaşulularyna ýakynlaşyp gelýän nurana Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny aýtdy.
Türkmenistan Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Taryhyň dowamynda Tatarystan bilen biziň hoşniýetli dostluk we hyzmatdaşlyk däplerimiz kemala geldi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda nygtady we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)