04.03.2023
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, bu ýerde görkezilen birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Köpetdagda gurlan Saglyk ýolunyň halkymyz üçin ähmiýetlidigini aýdyp, onuň merkezi belentliginde ýerleşýän Döwlet baýdagyna ünsi çekdi. Uzaklardan seleňläp görünýän Döwlet baýdagy ildeşlerimiziň ruhuny galkyndyryp, adamlaryň watançylyk duýgularyny belende göterýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Saglyk ýoluna gelýänler mukaddes döwlet nyşanyna aýratyn buýsanç bilen garaýarlar. Bu görnüş her bir ynsanyň mähriban Watanymyza, döwlet nyşanlaryna bolan buýsanjyny artdyrýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolundaky Döwlet baýdagynyň ýerleşýän ýeriniň töwerekleriniň hemişe arassa saklanylmagy, bu künjegiň yzygiderli abadanlaşdyrylmagy babatda Aşgabat şäheriniň häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Milli Liderimiz “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato bilen gürrüňdeş boldy. Ol ýerine ýetirilen we meýilleşdirilýän işler barada hasabat bermäge döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2024-nji ýylda Türkmenistanda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesiniň uly dabaralar bilen belleniljekdigini aýtdy. Şunda “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparyna Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde rejelemek, dizaýn-bezeg işlerini ýerine ýetirmek ynanyldy.
Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato şekil taslamalary hem-de öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Arkadagymyz gurluşyk we bezeg-timarlaýyş işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli hem-de döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi. Bu işlerde häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesi, täzeçil usullary milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydyr. Şunda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilli, ýerli tebigy we howa şertlerine durnukly bolmagy gurluşykçylara, bezeg işlerini ýerine ýetirýänlere bildirilýän esasy talapdyr.
Medeni-seýilgäh toplumy Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzat üçin nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp we gözel bolmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan işlerde hut şu ýörelgelerden ugur almagyň zerurdygyna bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Aýratyn-da, desgalaryň bezeginde halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsus tejribe ulanylmalydyr, reňkleriň sazlaşygyna zerur üns berilmelidir. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz medeni-seýilgäh toplumynda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmalydygyny belledi. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleriniň dag gerişlerinde lazer şöhleleri arkaly ýagtylandyrylmagynyň zerurdygyny nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Gahryman Arkadagymyz toplumyň açylyş dabarasynda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, onuň taýýarlygyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, oňa birnäçe teklipleri aýtdy we bu künjegiň şäher ilatynyň hem-de döredijilik işgärleriniň söýgüli ýerine öwrülmelidigini belledi. Şunda toplumyň çäginde söwda hyzmatlaryny ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeler berildi.
Soňra “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, taslama laýyklykda, bu awtomobil ýoly köpzolakly bolup, olaryň çäklerinde degişli gözegçilik enjamlary, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrylar. Şunda ýolagçylar we sürüjiler üçin amatly şertleriň döredilmegine, tehniki hyzmatlar ulgamynyň işine möhüm ähmiýet berler.
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýoly örän uly mümkinçilige eýe bolmak bilen, ol ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrar. Bu bolsa halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny, goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün eder diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy, Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýollaryň birleşdirilmegi, degişli düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli ulag birleşikleriniň umumy bähbitlerini utgaşdyrýan Halkara awtomobil ulaglary birleşigi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesini gurmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasy, tutuş dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistik guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem üpjün eder.
Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň “Ýolagçy ýolda ýagşy” diýen parasatly jümlesini aýdyp, ýolagçylar üçin ýokary derejeli şertleriň döredilmeginiň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi we şunda düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi.
Soňra Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy S.Ýolamanow ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, taslamany durmuşa geçirmekde hyzmatdaş kompaniýa bilen bilelikde, awtomobil ýollarynyň ugrunda zerur bolan düzümleri döretmek hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagymyz häzirki zaman ulag ýollarynda, ilkinji nobatda, sazlaşykly hereketiň üpjün edilmegine, sürüjiler we ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şunda gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy kesgitlenen meýilnama laýyklykda alnyp barylmalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan ulag köprüleriniň köpzolakly we aýlawly bolmagynyň, şol bir wagtyň özünde, ilatly ýerlerde ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurulmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýratyn belledi.
Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen paýtagtymyzyň gün-günden özgerýän keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri, häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapýar. Dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň bezeg aýratynlyklaryna we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap derejede bolmagyna zerur üns berilmelidir.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylýandygyny belläp, ýokary woltly elektrik bekedini gurmak bilen baglanyşykly wezipeleriň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, gurulmagy meýilleşdirilýän täze elektrik bekediniň ýerleşjek ýerini kesgitlemek, onuň taslamasyny düzmek, taslamany amala aşyrjak kompaniýany seçip almak bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa ýüzlenip, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň depgininiň pesdigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz şäherde durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylan gurluşyklaryň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda ýerine ýetirilýän işlerde ýol berlen kemçiliklere kanun esasynda jogap bermeli boljakdygyny ýatlatdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri wise-premýere bu babatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Aşgabat şäheriniň häkiminiň kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz hususy gurluşyk kompaniýalarynyň işi döwrüň talabyna laýyk derejede guramagy üçin olaryň alyp barýan işleriniň ünsden düşürilýändigini aýtdy we häkimiň bu ugurda alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi. Hormatly Arkadagymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda gurulýan söwda merkeziniň we Magtymguly şaýolunyň ugrunda bina edilýän ikinji bir söwda merkeziniň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini, şunda şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenendigini bellemek gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň wajyp şert hökmünde kesgitlenendigini belläp, suw gorlaryny saklamagyň we olary rejeli peýdalanmagyň täzeçil tehnologiýalaryny ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň öňdebaryjy tejribäni ulanmagy esasy ugur edinýändigi, şol bir wagtyň özünde, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy bellenildi.
Işewür hormatly Arkadagymyza bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň günorta künjegine amala aşyran iş saparyny tamamlap, bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)