23.06.2023
Hormatly Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlyk giň gerimde ösdürilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan belent maksatlar dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge uly ýardam berýär.
Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň arasynda halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde TÜRKSOÝ tarapyndan türki dilli döwletleriň arasynda özara medeni gatnaşyklar yzygiderli kämilleşdirilýär. Gurama agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň TÜRKSOÝ-nyň guramagynda geçirilýän medeni çärelere gatnaşmaklary bu gurama bilen ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygy has-da berkidýär. Türki dilli döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki medeni çäreleriň, konsertleriň yzygiderli guralmagy biziň halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýär. Bu işleriň ählisi medeniýet we sungat ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmekde, döredijilik babatda özara tejribeleri alyşmakda, türki halklaryň medeni gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýar. Bu şanly senäni halkara derejede giňden bellemek boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri türki dünýäde giňden meşhurdyr. 2022-nji ýylda TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýyl «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu taryhy wakalar türkmen halky bilen türki dilli halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmaga, onuň edebi mirasyny giňden wagyz etmäge uly ýardam berer.
Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-nyň arasynda halkara derejedäki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu gurama bilen halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Küştdepdi» türkmen aýdymyny we tansyny, «Dünýä dursun parahat!», «Saýra, dutar!» atly türkmen aýdymlaryny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylary bilelikde ýerine ýetirdiler. Bularyň ählisi türki dilli döwletleriň özara medeni hyzmatdaşlygyny has-da baýlaşdyrdy. Biz geljekde-de TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlar bilen halkara medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet bereris. TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň Aşgabat şäherindäki Medeniýet hepdeligi bilen utgaşykly guralmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu iri medeni çäreler türki halklaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge ýardam berer. Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň dowamynda geçiriljek türki döwletleriň döredijilik, folklor, tans toparlarynyň, sazandalarynyň we opera aýdymçylarynyň bilelikdäki konsertleri, foto we surat sergileri biziň dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da netijeli ösdürmäge uly itergi berer diýip umyt edýärin.
Gadyrly dostlar!
Sizi Aşgabat şäherinde Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)