Перейти к содержимому

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ MILLI ÖNÜMLERINIŇ HALKARA SERGISINE GATNAŞYJYLARA

06.08.2021

Hormatly sergä gatnaşyjylar! 

Gadyrly myhmanlar!

Sizi gojaman Hazaryň şypaly türkmen kenarynda geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna barha golaýlaýan günlerimizde asyrlaryň dowamynda goňşy ýaşan halklarymyz bilen bilelikde guralýan bu tutumly serginiň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda geçirilmeginiň çuňňur mazmuny bardyr. Çünki türkmen halky dost-doganlyga, parahatçylyga hem-de halklaryň agzybirligine uly gadyr goýýar.

Gözbaşyny ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň pugta binýady bolup durýar. Biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, gadymy, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Hormatly dostlar! 

Gadyrly sergä gatnaşyjylar!

Türkmenistanda geçirilýän halkara sergileriň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň uly ähmiýete eýe bolýandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Munuň şeýledigine goňşy döwletleriň iri kompaniýalarynyň öz harytlaryny türkmen bazaryna çykarmaga uly gyzyklanma bildirýändigi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu belent maksadyň halkara serginiň dowamynda dolulygyna öz beýanyny tapjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanda maýa goýumlary, işewürlik, daşary söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Bu giň möçberli halkara sergi hem ata Watanymyzda mundan beýläk-de ýakyn hyzmatdaşlarymyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilen işlere aýratyn üns beriljekdiginiň, özüne çekiji we özara bähbitli taslamalaryň, aýratyn hem innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryň hemişe goldanyljakdygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Eziz myhmanlar! 

Gadyrly dostlar!

Türkmenistan senagat tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen, häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribelerini hemmetaraplaýyn özleşdirýär. Şeýle ykdysady we ylmy-tehnologik ösüş netijesinde ýurdumyzda täze kuwwatly pudaklar kemala gelýär hem-de döwrebap kärhanalar döredilýär. Bu ugurda biziň ýurdumyz öz harytlaryny dünýä we sebit bazarlaryna eksport etmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň işewürleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge doly taýýardyr. Şu nukdaýnazardan, goňşy ýurtlaryň milli önümleriniň halkara sergisiniň önüm öndürijilerimiziň innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.

Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberli goşulyşmak ugruna eýermek bilen, häzirki wagtda okgunly ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeledi. Senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak döwletimiziň ýurdumyzy innowasion ýol bilen ösdürmek syýasatynyň esasyny düzýär.

Bu giň möçberli halkara serginiň dowamynda işewürler özara ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam etjek gepleşikleri geçirmäge we tejribe alyşmaga, gatnaşyklaryň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik alarlar.

Hormatly adamlar! 

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçirilýän halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmak, dünýäde parahatçylyk ýoly bilen ösüşlere ýetmek hem-de köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) 

Secured By miniOrange