06.08.2021
Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň hem-de döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara çäreleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda dostluk gatnaşyklaryny täze belentliklere götermekde we özara tejribe alyşmaklarynda möhüm ähmiýeti boljakdygyna ynanýaryn.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara derejede guralýan Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara medeni hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, ýurtlarymyzyň halklarynyň aýdym-saz sungatynda gazanylan üstünlikler bilen birek-biregi tanyşdyrmaga hem-de dünýä ýaýmaga uly ýardam berer.
Biz ýurdumyzda 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan etdik. Şu ýylyň şeýle atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Häzirki döwürde Türkmenistan döwletiniň dünýäde ählumumy parahatçylygy we syýasy durnuklylygy pugtalandyrmaga, dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary halkara bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň giňden dabaralanmagy sebitde hem-de dünýäde asudalygyň, agzybirligiň rowaçlanmagynyň esasy kepili bolup durýar. Medeni ulgamda hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar, däbe öwrülen dostluk gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeldýär.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Türkmen halky bilen Merkezi Aziýa halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň şöhratly taryhy, baý geçmişi bar. Türkmen, gazak, gyrgyz, täjik, özbek halklarynyň arasynda mizemez doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary gadymy döwürlerden bäri dowam edýär.
Gündogar halklaryna mahsus bolan umumylyklar, ruhy we medeni ýakynlyklar biziň halklarymyzy ençeme asyrlaryň dowamynda özara baglanyşdyryp geldi.
Gündogaryň beýik akyldarlary Magtymguly Pyragynyň, Abaý Kunanbaýewiň, Alyşir Nowaýynyň, Tohtaguluň, Rudakiniň dürdäne eserleri dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna girip, adamzat kalbynda baky ýaşaýar.
Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda köp ýyllaryň synagyndan geçen, häzirki wagtda has-da berkeýän dostluk binýady bar. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi, şol dostluk binýadyny has-da pugtalandyrýar, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň guralmagy, biziň halklarymyzyň täze taryhynda şöhratly wakalardyr. Bu halkara çäreler Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam berer. Bu çäreler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, olary dünýä ýaýmakda hem-de giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Hazar deňziniň şypaly kenarynda — gözel Awazada türkmen, gazak, özbek, gyrgyz, täjik dillerinde ýaňlanjak joşgunly aýdym-sazlar parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň belent senasy bolup, alyslara ýaň salar.
Hormatly watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni-ruhy mirasyny görkezýän döredijilik duşuşygynyň hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň dostlukly halklaryň medeni-ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmäge, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge uly ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)