06.08.2021
Hormatly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar!
Biz, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän zenanlaryň dialogynyň şu duşuşygy mynasybetli Size gutlagymyzy iberýäris.
Şu forumyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda geçirilýändigini aýratyn belleýäris, bu duşuşyk, sebitiň zenanlarynyň özara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşi hökmünde dialogyň işine möhüm badalga berer, onuň halkara derejedäki ornuny berkider.
Mälim bolşy ýaly, dialogyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan gender deňligini üpjün etmek boýunça gazanylan üstünlikleri seljermekden hem-de sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň arasynda, hususan-da, durmuş ulgamynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Şunda jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy üpjün etmek, durnukly ösüşiň esasynda adam şahsyýetiniň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek işinde gender deňliginiň möhüm orun eýeleýändigini nygtaýarys.
Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna, «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» Gün tertibine we Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda kabul edilen gender deňligi babatda ählumumy maksatlara ýetmäge gönükdirilen beýleki köptaraplaýyn halkara resminamalara berk ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.
Dialogyň çäklerinde şu gezekki duşuşygyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek işinde zenanlaryň mümkinçilikleriniň has doly açylmagyna ýardam eder diýip hasaplaýarys.
Häzirki wagtda biziň sebitimiz özüniň giň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady mümkinçilikleri we adam serişdeleri bilen dünýä bileleşiginiň ünsüni çekýär we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri boýunça halkara forumlaryň geçirilýän ýeri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň çäreleriniň çäklerinde geçirilmeginiň ähmiýetini nygtaýarys.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynda zenanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini döwlet tarapyndan goldamakda uly tejribe toplanyldy.
Şunda zenanlaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmagy, olaryň kanunçykaryjy we hökümet düzümlerinde, häkimiýetiň ýerli ýerine ýetiriji we öz-özüňi dolandyryş edaralarynda giň wekilçiligini üpjün etmek üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.
Merkezi Aziýa döwletlerinde zenanlaryň jemgyýetçilik guramalary döredildi we olar işjeň hereket edýärler, olaryň işi zenanlaryň kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine, zenanlaryň döwlet, jemgyýetçilik, durmuş we işewürlik işlerine gatnaşmagynyň giňeldilmegi bilen baglanyşykly başlangyçlaryň hem-de teklipleriň ilerledilmegine gönükdirilendir.
Şeýle hem biziň ýurtlarymyzda zenanlaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik bileleşikleriniň işinde uly orun tutýan telekeçilik işjeňligi giňden goldaw tapýar.
Maşgala ojagynyň goragçysy, milli däp-dessurlary, milli hem ruhy mirasy Merkezi Aziýa halklarynyň ýaş nesillerine ýetirýän we şunlukda, biziň ýurtlarymyzda jemgyýetiň durmuşynyň esaslaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gatnaşýan zenanyň belent abraýyny hem-de taryhy ornuny aýratyn nygtaýarys.
Hormatly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar!
Siziň şu günki forumyňyz Merkezi Aziýa döwletleriniň we halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk hem-de ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm wakadyr.
Bu forumyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda geçirilýändigi guwançly ýagdaýdyr, bu bolsa onuň halkara ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň barşynda sebitiň zenanlarynyň syýasy, ykdysady, durmuş, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ulgamlarynda ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, gender syýasaty babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça düýpli pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynanýarys.
Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine üstünlikli işlemegi we ýokary netijeleri gazanmagy arzuw edýäris.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)