25.05.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz şu ýylyň 25-nji maýynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Ýurdumyzyň baş şäheriniň täze taryhy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň berkarar edilen senesinden — 1991-nji ýyldan başlanýar. Şu geçen 30 ýylyň dowamynda bitirilen ägirt uly işleriň netijesinde Aşgabat ajaýyp binagärligi, köpugurly şertleri, täsinligi bilen dünýäniň ösen şäherleriniň hataryna goşuldy.
Ak şäherimiz Aşgabady synladygyňça, ýüregiň joşa gelýär. Haýran galdyryjy binalar owadan şäherimiziň göwher jygasydyr. Aşgabadyň gündizleri-de, gijeleri-de özboluşlydyr we täsindir. Ak şäherimiziň owadan binalarynyň sany barha artýar. “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” diýen ajaýyp zamana, türkmeniň taryhynda altyn harplar bilen ýazylyp, agzybirligiň, jebisligiň, watansöýüjiligiň ruhy hem ykdysady ýokary göterilişiniň, eşretli durmuşynyň, zähmetsöýerligiň hem halallygyň, dost-doganlygyň hemem abadançylygyň zamanasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde Aşgabat şäheri bu gün dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyz işjeň halkara hyzmatdaşlygyň, ykdysady, medeni we ylmy merkezi bolup, dünýä ýurtlary bilen netijeli gatnaşyk üçin açykdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen milli binagärlik ýörelgeleri häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykaryldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň binalarynyň birnäçesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda baýramçylyklara baý ýurt bolan Türkmenistan döwletimizde her ýylyň 25-nji maýynda uly joşgun bilen dabaraly bellenip geçilýän, merjen şäherimiz Aşgabadyň güni bu ýyl onuň döredilmeginiň 140 ýyllyk ýubileý baýramy bilen gabat gelýär.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän goşa baýram – Aşgabat şäheriniň güni hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlap ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralary giňden taýýarlyk görýär. Bularyň hemmesiniň aýdyň subutnamasy hökmünde bolsa, türkmen telekeçileriniň Dünýäniň birnäçe tejribeli arhitektorlary, tejribeli gurluşykçylary, binagärleri bilen bilelikde paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde dürli desgalary ýokary derejede guryp, ulanmaga bermekleri bolsa, dogrudan-da Türkmenistan döwletimizde binagärligiň, gurluşygyň ýokary derejede alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Her bir alnyp barylýan gurluşyk işlerini bolsa, naýbaşylaşdyryp, biri-birinden gözel, belent binalary, şa ýollary gurlup, meýdançalarda we şaýollaryň ugrunda, hökümet, dolandyryş binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň, söwda merkezleriniň öňünde we şuňa meňzeş beýleki ýerlerde dürli-dürli suw çüwdürimleri ýerleşdirilmegi hem-de binalara döwrebap, biziň milliligimiz bilen utgaşyp gelýän atlaryň dakylmagy bolsa, türkmen halkynyň hakykatdan-da türkmendigine buýsanyp, paýtagtymyzyň gözelligine buýsanyp ýaşaýmak galýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda öz içine 4 sany etraby alýan ýagny, Bagtyýarlyk etrabyny, Berkararlyk etrabyny, Köpetdag etrabyny, Büzmeýin etrabyny öz içine alýan ak şäherimiz Aşgabadyň ähli künjeklerinde bir ösüşlere beslenip, dünýäniň ýokary derejede ösen döwletleriniň binagärligine gabat gelýän birnäçe ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň, edara kärhanalarynyň, giň we ýagty otaglary bilen utgaşdyrylan ähli tehnologiýa enjamlary bolan orta, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de çagalar baglarynyň bolmagy bolsa, Türkmenistan döwletimiziň has-da gözelleşmegine özüniň bir oňyn netijesini berýär. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ýatdan çykmajak wakalarynyň biri boldy. Çünki, şol senede Dünýäde “Ak mermere beslenen” diýen at alan ak şäherimiz Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Edil şol ýylda hem Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň at gazanan arhitektory diýen adyň berilmegi has-da bir türkmen halkynyň şatlygyny goşalandyrdy. Çünki, türkmen halkynyň durmuşynda, taryhynda altyn harplar bilen ýazyljak ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Mundan başga-da, Ginnesiň Rekordlar kitabynda “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň saýlanmagy türkmen halkynyň Dünýä ýüzüne ýaň salýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Paýtagtymyzyň binagärlik gözelligi, onuň döwrebap binalary, köşk toplumlary, köp gatly ýaşaýyş toplumlary, şa ýollary we göwnejaý bezegli meýdançalary barha gözelleşýär. Gülleriň dürli görnüşleri bilen öwşün atýan ýaşyl zolaklar, seýilgähler, saýaly seýilbaglar şäherimiziň görküne görk goşýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjekleri bagy-bossanlyga öwrülen, dürli görnüşdäki güller gözel tebigatymyz bilen sazlaşyp, seýilgähleriň ajaýyp durkuny gözelleşdirýär.
Bu seýilgählerde hemme zat adamyň dynç alyşynyň lezzetli bolmagyna hyzmat edýär. Şäherimiziň gözelligine gözellik goşýan seýilgähler özüniň arassa howasy bilen bu ýerde dynç alýanlaryň kalbyny heýjana getirýär. Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, dünýäde iň owadan, sazlaşykly ösýän şäherleriň birine öwrülen türkmen paýtagtynda ýurt derejesinde, halkara derejesinde maslahatlardyr duşuşyklary, dürli görnüşli medeni we sport çärelerini geçirmäge uly mümkinçilikler bardyr. Aşgabady dünýä jemgyýetçiliginiň işewür, syýasy, medeni, ylmy toparlarynyň gyzyklanmalarynyň sany gün-günden artýar.
Bu şanly senä bagyşlap, iň gowy goşgularyň, aýdymlaryň bäsleşiklerini geçirmek, Aşgabat barada wideofilmleri taýýarlamak, şäherde täze gurulýan binalaryň we desgalaryň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmekligi hem göz öňünde tutulýar. Dürli sport ýaryşlaryny, aýlawda at çapyşyklaryny guramaklygy hem meýilleşdirilýär. Aşgabadyň ýaşaýjylaryna täze iň ýokary derejeli amatlyklary bolan öýleri ulanmaga bermeklik, ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladanyň, durmuşa ornaşdyrylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny alamatlandyrýar. Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllyk toýunda şäherimiziň ýaşaýjylaryndan 140 hojalygyny ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmeklik hem göz öňünde tutulýar. 1881-nji ýylda esaslandyrylan Aşgabat şäherini bu günki günde görmäge göz gerek, taryplamaga söz gerek.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň gözel paýtagtlarynyň birine, ekologiýa taýdan arassa, ýaşamak üçin oňaýly, gülläp ösýän bagy-bossanly şähere öwürmek babatda ägirt uly başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ilatyň gür ýerleşen ýerlerinde gök zolaklary, seýilgähleri, gülzarlyklary döretmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ak şäherimiz Aşgabadyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi hökmündäki abraýy has hem ýokarlanýar. Bu gün paýtagtymyz halkara derejeli duşuşyklaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Her ýyl dürli ugurlar boýunça halkara derejesinde geçirilýän maslahatlara, sergilere dünýä döwletleriniň ençemesiniň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Biziň döwletimiz hemişe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga daýanýar. Paýtagtymyzyň halkara syýasy işjeňlik derejesi biziň dost-doganlyk, parahatçylyk, asudalyk ýörelgämize şaýat bolýar.
Milli Liderimiz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň diňe bir içerki durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak üçin däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek we iri halkara guramalary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda-da uly ähmiýete eýedigini belleýär. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Berkarar türkmen döwletiniň ýöredýän bitaraplyk, şeýle-de, «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtyny döwrebap şähere öwürdi. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň halkara derejesindäki işinde bitaraplygyň ykdysady taraplaryna üns berýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy. Bu ajaýyp eser Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda, Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda çap edilmeginiň çuňňur manysy bar. Hormatly Prezidentimiz ak mermerli paýtagtymyzy Watanymyzyň ýüregi, göz-guwanjy diýip atlandyrýar. Şoňa görä-de, milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Bu kitapda döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza söýgüsiniň beýan edilendigini aýratyn nygtalýar. Milli Liderimiz kitabyň girişinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: — Eşit adam, dogan ilden, Gaýry mähriban ýurt bolmaz – diýen goşgy setirlerini getirýär. Döwlet Baştutanymyzyň kitabyň başynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligine ýüzlenmegi nusgalyk edebiýatymyzyň nesilleri baglanyşdyrýan uly güýjüni aýan edýär. Kitap 6 bölümden ybarat bolup, ýeňil okalýar. Olarda getirilen maglumatlar döwrebap şäherimizi ösdürmegiň ugurlarynyň her biri hakyndaky bilimler baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, pähim-paýhasyndan döreýän her bir eser diňe bir türkmenistanlylarda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň köpsanly okyjylarynda hem uly gyzyklanma döredip, nusgalyk kitaba öwrülýär.
Bir söz bilen aýdanymyzda, her güni şatlykly wakalara, tutumly işlere beslenýän gözel diýarymyzda ertekilerdäki ýaly owadan şäherleriň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tagallalarynyň ählisinde ýurdumyzyň obalarynyň, şäherleriniň, şäherçeleriniň, etrap merkezleriniň geljekki gülläp ösüşleriniň, abadançylygynyň, şeýle-de, halkyň bagtyýarlygynyň daýanç sütüniniň berkligi bar. Goý, Halkyň şol daýanç sütüni mundan beýläk hem barha berkesin!
Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň
Işgärler boýunça baş hünärmeni
Ýazgül Kömekowa