Перейти к содержимому

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ YLMY JEMGYÝETÇILIGINE HEM-DE «YLYM, TEHNIKA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYŇ ÖSÜŞI» ATLY HALKARA YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA GUTLAG HATYNY IBERDI»

12.06.2021

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda halkara ylmy maslahata dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleriniň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, inžener-tehnologlarynyň gatnaşmagynyň biziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatymyza halkara jemgyýetçilik tarapyndan uly gyzyklanmanyň barha artýandygyna hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigi bellenilýär.

Häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion ösüşlerine gönükdirilmegi parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň örän möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini hem-de halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işlerinde täze üstünlikleri we açyşlary arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)

Secured By miniOrange