Перейти к содержимому

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE WE ÄHLI HALKYNA

31.10.2022

Eziz watandaşlar!

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döretdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bank işjeňligi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň, işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, banklaryň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmak esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir. Milli maksatnamalarymyzyň işjeň durmuşa geçirilmegi halkara giňişlikde hem öz beýanyny tapýar. Ata Watanymyzyň durnukly ykdysady ösüşine halkara guramalar tarapyndan oňyn baha berilýär.

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek işleri dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, ulgamda ornaşdyrylýan elektron tölegleriň gerimi giňeýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek esasynda jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistanyň girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda bolmagy ýurdumyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Bu ýetilen sepgitleri Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýar.

Biz geljekde-de ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bereris. Halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdüreris, iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etdireris. Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli ipoteka karzlarynyň, şonuň ýaly-da, sarp ediş maksatly karzlaryň möçberlerini yzygiderli artdyrarys hem-de maliýe-bank hyzmatlaryny has-da kämilleşdireris.

Eziz watandaşlar!

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)

Secured By miniOrange