Перейти к содержимому

DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALARA DAÝANYP BANK ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

11.02.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem uly ösüşler, özgerişler gazanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda oňaýly pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmeklikde möhüm orun eýeleýär.
Ýurdumyzda bank işiniň ösdürilmegi we onda täze innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ykdysadyýetiň bäşdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, depginli ösüşi üpjün etmeklige hem-de dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmaga ýardam edýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 – 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna», hem-de «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşli goýumlara çekmek arkaly goýum hasaplaryndaky serişdeleriň möçberini artdyrmak, olar boýunça tölenýän göterimlerini maliýe bazarynda hereket edýän nyrhlara laýyklykda bellemek, müşderileriň isleglerini öwrenmek arkaly goýumlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda hereket edýän karz edaralary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda hem, netijeli işler alnyp barylýar. Bankymyz özüniň uly bolmadyk taryhy ýolunda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek, ony dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak ugrunda alyp barýan ykdysady özgertmelerinden gelip çykýan döwlet maýa goýum syýasatlaryny durmuşa geçirmeklige, kämilleşdirmeklige we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga, milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmeklige, innowasion maýa goýum taslamalaryny, daşky gurşawy goramaklyga we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmeklige, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, maýa goýum taslamalary boýunça işleýän kärhanalary we guramalary maliýeleşdirmek, karzlaşdyrmak hem-de olara beýleki bank hyzmatlaryny amala aşyrmak arkaly döwlet maýa goýum syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaklyga işjeň gatnaşyp gelýär. Muňa mysal edip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş, ulaglar, dokma senagaty, energetika, söwda we hyzmatlar pudaklarynda hem-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbini özgertmeklige gönükdirilen döwlet maýa goýum taslamalaryny ýeňillikli karz serişdeleri bilen üpjün edilmegi, bu günki gün özüniň oňyn netijesini berip, birnäçe täze önümçilikleri ýola goýmaklyga, goşmaça iş orunlaryny döretmeklige, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga hem-de raýatlarymyz üçin oňyn ýaşaýyş şertlerini döretmeklige mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň karz edaralary söwdanyň we senagatyň, ilatyň we oba hojalygynyň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrmak bilen, häzirki zaman ykdysady ulgamyň esasy araçysy hökmünde çykyş etmek bilen, dolandyryş düzüminiň bir bölegi hökmünde maýa goýum serişdelerini merkezleşdirip, işjeň herekete getirýärler. Bankyň serişdeler binýadynda çekilen serişdeler wajyp orny eýelemek bilen, olaryň aglaba bölegini goýumlar tutýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamynda ilatdan we edara görnüşli taraplardan pul serişdelerini çekmekde amatly goýum syýasaty alnyp barylýar.
Ýurdumyzda hereket edýän karz edaralary tarapyndan müşderilere goýumlaryň birnäçe görnüşleri amatly şertlerde hödürlenilýär. Muňa mysal edip, «Maşgala», «Hemaýat», «Bagtyýarlygyň sowgady», «Gahrymanlar», «Ruhubelent», «Kämillik sowgady», «Pensiýa goýum», «Talyp goýumy», «Möhletli», «Watan gerçekleri», «Ruhubelent nesiller», «Galkynan daýhan», «Amatly», «Çagalara niýetlenen maksatly goýum», «Ene-atalar hakynda alada», «Maşgala süýşürintgiler» ýaly dürli ýaş toparlaryna niýetlenen goýumlary görkezmek bolar.
Bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli ulanmaklary we girdejilerini has-da artdyrmaklary üçin ýurdumyzyň ähli karz edaralarynda degişlilikde galyndy pul serişdelerine ýyllyk 5 – 7 göterim aralygynda girdejisi bolan «Goýum bank karty» hyzmaty hem işjeň hereket edýär.
Goýumlara tölenilýän göterimler, bir tarapdan, müşderileriň erkin pul serişdelerini goýumlara goýmak arkaly goşmaça girdeji gazanmaklaryna şert döredýän bolsa, beýleki tarapdan, banklar üçin dolanyşykdaky puluň mukdaryny dogry kesgitlemäge, milli manadymyzyň hümmetini durnukly derejede saklamaga mümkinçilik berýär, ýagny, aktiw bank amallarynyň goşmaça çeşmesi bolup çykyş edýär.
Şeýle hem, «Goýum bank kartynyň» eýelerine islendik möçberde nagt puluny goýmak, töleg terminallaryny, «internet bank» we «mobil-bank» hyzmatlaryny peýdalanmak arkaly nagt däl görnüşde tölegleriň dürli görnüşlerini amala aşyrmak, zerur halatynda kartdan nagt puly almak, bankomatlardan we internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň möçberini bilmek mümkinçiligi döredilen.
Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän hasaplaşyklaryň ýene-de bir görnüşi «Maşgala» bank karty hyzmatydyr. «Maşgala» bank karty «Altyn Asyr» bank karty hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň islegine baglylykda maşgalanyň her bir agzasyna şol sanda, ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner. Müşderiniň arzasy ýa-da «Internet-bank» hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen. «Maşgala» bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly karzlaryň esasy bergisini gaýtarmaga we hasaplanan göterimi tölemäge, öý telefon, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga we bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär.
Bank kartlary arkaly hödürlenilýän hyzmatlaryň sanynyň artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan bank kartyny saklaýjylarynyň nagt däl hasaplaşyklaryny höweslendirmek maksady bilen, bank kartlary arkaly geçirilýän hasaplaşyklar üçin «Cash back» höweslendiriji hyzmaty ornaşdyryldy. «Cash back» (iňlisçe «cash» — nagt, «back» — yzyna, ýagny, «yzyna nagt gaýtarmak») bank hyzmaty, bu bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende müşderiniň bank kartynyň hasabyna tölenilýän pul sylagy bolup durýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň karz edaralarynyň işjeňligini kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijesinde, nagt däl hasaplaşyklar ulgamy barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimizde bank hyzmatlarynyň döwrebap görnüşleriniň sanynyň artdyrylmagy we ilatymyzyň bu hyzmatlardan netijeli peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde möhüm orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda ösen döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bank hyzmatlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaklyga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň hakykat ýüzünde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ilerlediji güýç bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Ogulbahar MEREDOWA
Türkmenistanyň Döwlet ösüş
bankynyň hünärmeni.

Secured By miniOrange