Bankyň döredilişi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda PP-5854 belgili permany esasynda Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky döredildi.
Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary boýunça döwletiň maliýe wekili hökmünde Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň üstüne eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň we hususy telekeçiligiň önümçiligi ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly taslamalaryna uzak möhletli ýeňillikli karzlary bermeklik wezipesi ýüklenildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça kabul edilen ähli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir» diýen şygaryny doly häsiýetlendirýän halkyň durmuş hal-ýagdaýlaryny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen syýasatyny amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrligi, Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň senagat ministrligi, «Türkmenawtoýollary» Döwlet konserni, Türkmenistanyň Sport baradaky Döwlet komiteti, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň 10 ýyl Abadanlyk şaýolunyň ugrunda bina edilen ýaşamaga ähli amatlyklary bolan has oňaýly belent ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky tarapyndan uzak möhlete ýeňillikli şertlerde karzlaşdyryldy.
Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanýan Prezidentiniň ýurduň «azyk garaşsyzlygyny» üpjün etmäge gönükdirilen agrosenagat toplumyny ösdürmek maksady bilen çykaran kararlaryna laýyklykda, «Türkmengallaönümleri» assosiasiýasyna Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda gallany gaýtadan işleýän önümçilik toplumlaryny gurmaklyk maksady bilen bank tarapyndan ýeňillikli şertlerde uzak möhlete berilen karz serişdeleri ýerleşdirildi.
Halkyň saglygynyň we rowaçlygynyň aladasy, ýurduň her bir raýatynyň bähbidini goramak, çalt depginler bilen ösýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Saglygy goraýyş we derman senagatynyň yzygiderli ösüşine Türkmenistanyň ilatynyň ýokary hilli, howpsyz däri-dermanlar, saglyk maksatly serişdeler bilen üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak, şeýle-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem bank tarapyndan «Diş bejeriş» merkezini hem-de Infuzion kärhanasyny gurmaklyk üçin uzak möhletli ýeňillikli karz serişdeleri berildi.
Şeýle hem, ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmeklige uly üns berilip, milletiň saglygyny berkitmekde, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli ösdürip ýetişdirmek maksatlarynda hem Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap binalar we desgalar toplumyny, häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylan dynç alyş we sagaldyş şypahanalaryň gurluşygy üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Iş dolandyryş müdirligine, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetine, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezine, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine hem-de Aşgabat şäher we Ahal, Lebap, Mary, Balkan, Daşoguz welýat häkimliklerine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýeňillikli şertlerde uzak möhlete berilen karz serişdelerini hem belläp geçmek ýerlikli bolar. Türkmenistanyň dokma senagatynyň güýçli depginde ösdürilmegi möhüm durmuş meselelerini çözmekde hem uly orun tutýar.
Şol nukdaý nazardan, bankymyz tarapyndan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň çäginde dokma toplumynyň we boýag fabriginiň gurluşygy, pagta egriji fabriginiň ilkinji nobatdakysyny gurmak üçin, Lebap welaýatynyň çäginde pamyk egriji fabriginiň durkuny we tilsimat enjamlaryny täzelemek, Daşoguz welaýatynyň çäginde pagta egriji fabrigi gurmak, Daşoguz welaýatynyň çäginde maldarçylyk toplumyny gurmak maksady bilen, uzak möhletli karz serişdeleriniň ýeňillikli şertlerde berilendigini hem aýtmak bolar.
Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem otlularyň hereketini bökdençsiz ýola goýmak maksady bilen, ýük otlularynyň teplowozlaryny, manýowr teplowozlaryny, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaklyga, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna, Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna barýan amatly, tygşytly ýoly üpjün etmek maksady bilen gurulýan «Gyzylgaýa-Bereket-Etrek» demir ýolunyň gurluşygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynyň gurluşygy üçin hem bankymyz tarapyndan uzak möhletli karz serişdeleri ýerleşdirildi.
Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda telekeçilik işiniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak arkaly ilatyň dürli gatlaklaryny telekeçilik işine çekmek, kiçi we orta telekeçilige degişli taraplaryň önümçilik, innowasiýa we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we olaryň önümçiligi ösdürmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak maksady bilen, bank tarapyndan Türkmenistanyň karz edaralary maliýeleşdirilýär.