11.05.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň gözel, ekologiýa taýdan arassa, ýaşamak üçin oňaýly, gülläp ösýän bagy-bossanly şähere öwürmek babatda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şäheriň ähli ýerlerinde gök zolaklary, seýilgähleri, gülzarlyklary döretmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ak şäherimiz Aşgabadyň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hökmündäki abraýy has hem ýokarlanýar. Bu gün paýtagtymyz halkara derejeli duşuşyklaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Indi däp bolşy ýaly, her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni şatlyk-şowhunly, aýdym-sazly dabaralara beslenip, ýokary ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýär. Aşgabat şäher Bagçylyk we gülçülik birleşiginiň bagbanlary asylly zähmeti bilen bu täsin gözelligi döretmek bilen çäklenmän, mähriban paýtagtymyzyň ekologiýa derejesiniň hem gowulandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň baş şäheri tanalmaz derejede özgerip, düýpgöter täze keşbe eýe boldy.
Aşgabadyň sazlaşykly gözellikleri, ajaýyp seýilgähleri, täsin suw çüwdürimler toplumlary, älemgoşar öwüşginli gülleri, ýaşyl baglary, gijeki gözelligi görenleri haýrana goýýar. Paýtagtymyzy bir gezek görenler, oňa ýene we ýene dolanmagy göwünlerinde besleýär. Häzirki döwürde bina edilýän desgalar dürli mäksatly hem-de ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän derejede ygtybarly bolmak bilen bir hatarda, özüniň owadanlygy, gözegelüwliligi hem-de paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik gözelligi babatda sazlaşýandygy bilen tapawutlanýar. Aşgabadyň binalarynyň köpüsi, hakykatdan-da täsindir. Munuň özi daşary ýurtdan gelýän myhmanlarda özüniň kaşaňlygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen täsir galdyrýan hem-de dünýäde köpsanly ak mermere beslenen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Aşgabatda häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda bar bolan wezipeleri ýerine ýetirmegiň barşynda, dünýä we milli tejribeleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagynda alnyp barylýan beýik işler aýratyn guwandyryjydyr.
Goý, gözel paýtagtymyzy dünýäniň ösen şäherleriniň hataryna çykarýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Ogulnäzik Ataýewa,
Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň
Amallar bölüminiň baş hünärmeni