Перейти к содержимому

AŞGABAT — HALKARA HYZMATDAŞLYK MERKEZI

15.06.2021

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen gözel paýtagymyzyň görküne görk goşýan binalaryň sany günsaýyn artyp, olar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, halal zähmet çekmeklerine hem-de ýurdumyzyň dünýä ýüzünde abraýyny belende göterýän halkara derejesindäki forumlaryny geçirmeklige gönükdirilendir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy bellenilýän ýylyň aprel aýynda hem, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda birnäçe binalar açylyp, ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilen iri desgalaryň ikisi ýagny, Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi we Türkmenistanyň Kabul ediş merkezi bar.
Bu halkara ülňeleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän, merkezlerde ähli amatly şertler döredilip, olarda sebit hem-de dünýä derejesindäki forumlary, duşuşyklary, gepleşikleri, şeýle hem metbugat maslahatlaryny we beýleki çäreleri geçirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy kompýuterleri we beýleki tehniki enjamlary, sanly tehnologiýalary bilen doly üpjün edilendir. Türkmenistanyň Maslahatlar hem-de Kabul ediş merkezleri özleriniň ägirtligi bilen göreni haýrana galdyryp, olaryň keşbinde häzirki zaman binagärligi we bezeg ýörelgeleri gadymy milli binagärligiň däpleri bilen sazlaşykly utgaşýär.
Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň açylyş dabarasyndan soňra, onda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň dürli derejedäki halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülmegi, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýynyň barha artýandygynyň hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Geçirilen bu halkara maslahatyna, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de BMG-niň we onuň düzümleriniň wekilhanalarynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy türkmen Tugunyň dünýä ýüzünde belentde parlaýandygynyň nyşanydyr.
Halkara maslahatynda BMG-niň we onuň düzümleriniň wekilhanalarynyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary özleriniň wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlenmelerinde we çykyşlarynda Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Çykyşlarda milli Liderimiziň döwleti dolandyrmakda saýlap alan ýolunyň durnukly ösüşi üpjün etmäge, syýasy hem-de durmuş-ykdysady taýdan ýokary netijeleri gazanmaga, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, asudalygy we ynanyşmagy, pugtalandyrmaga gönükdirilendigi aýratyn nygtaldy.
Geçirilen bu halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Energetika Agentliginiň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasynda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama; iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin platformany ýerleşdirmek we işletmek arkaly Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitlerinde eneleriň we çagalaryň iýmitlenmegini gowulandyrmaga ýardam etmek barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda her bir adam üçin ýaşamaga amatly şertleriň döredýändigini, ýaşaýyş-durmuş, medeni, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmekde we olaryň işlerini öňe ilerletmekde giň mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Batyr Rejepow
Türkmenistanyň Döwlet ösüş
bankynyň baş derňewçisi

Secured By miniOrange