Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra gününe bagyşlanan çärä gatnaşdy

6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadakalar berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Şu gün bu ýere ir säher bilen ýürek emri bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary geldiler.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň owazyny gaýgyly “Keçpelek” sazy çalyşýar, ol eziz Watanymyzy goran hem-de bigünä şehit bolan ildeşlerimiz hakynda halkyň hakydasynyň beýanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň esgerleri hormatly Prezidentimiziň adyndan “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desselerini goýdular.

Çuňňur hasratyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyz baş egýär. Çünki şol pajygaly gijede adamzadyň taryhynda weýrançylykly bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi milli Liderimiziň atasy -- 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe – ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny üzdi.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gije 1 sagat 12 minutda ýarygijeden soň, tebigy bela sähel pursatda türkmen paýtagtyny wes-weýran edip, başlara agyr külpet saldy. Asmana göterilen tozan şäheriň üstüni örtdi. Umumy hasrat adamlary has-da jebisleşdirdi.

Täzeden dikeldilen Aşgabat—bu ajaýyp ak mermerli şäher bolup, öz
keşbinde ata-babalarymyzyň ýurdumyzyň röwşen geljegi, täze nesilleriň bagtly durmuşy baradaky arzuwlaryny beýan edýär. Halkymyz agyr synaglary başdan geçirip, aşyklar şäherini-Aşgabady gaýtadan dikeldip, paýtagtymyzy ýer ýüzüniň owadan şäherleriniň birine, parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň mekanyna öwürdi. Bu gün şäherimiz gülläp ösýär, garaşsyz, bitarap Türkmenistanda bolup geçýän özgerişlikleri öz keşbi bilen wasp edýär.

Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň wekilleri Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň baştutanlary, ymamlar we hormatly ýaşulular, ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylar we myhmanlary ýadygärliklere gül desselerini goýdular.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we bu ýere ýygnananlaryň ählisi gül dessesini goýmak çäresinden soňra, sadaka bermek üçin niýetlenen ýörite bina barýarlar. Hemmeler “Watan mukaddesligi” muzeýiniň içinden geçýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, milli ýörelgelerimize hem-de däp-dessurlarymyza eýermek bilen, biz şu gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ýakynlarymyzy, geçen uruşlaryň gahrymanlaryny, Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlaýarys. Olaryň ýagty ýadygälrligine sadakalar berilýär, wepat bolan Watan goragçylarynyň, ildeşlerimiziň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar.

Goý, Siziň Hatyra güni beren sadakalaryňyz, mähriban halkymyzyň abadançylygy, asudalygy hem-de Garaşsyz Watanymyzyň rowaçlygy baradaky dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy, şondan soň, tagam çekilip, duz-çörekden dadyldy. Duz-tagam dadylandan soň, aýat-töwür okaldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biwagt aradan çykanlaryň ýagty ýadygärligine berlen sadakalaryň, türkmen topragynda hemişe parahatçylygyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň höküm sürmegi baradaky doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul edilmegini arzuw edip, ýygnananlar bilen hoşlaşdy.

Şu gün paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da ýatlama dessurlary geçirilip, sadakalar berildi.

Goý, Gudraty güýçli Allatagala şu günki okalan aýat-töwürleri kabul etsin! Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk we ylalaşyk, abadançylyk we rowaçlyk gülläp össün! Kabul bolsun!

Hakyda milletiň durmuşynyň aýrylmaz ruhy çeşmesidir. Ol nesilleri birleşdirýän, göze görünmeýän, mäkäm baglanyşykdyr we diňe bir däp-dessurlary aýawly saklamaga däl-de, eýsem, taryhy tejribäniň binýadynda täze durmuşy gurmaga, gelejegi döretmäge mümkinçilik berýär. Öz şirin jany bilen Watanyň azatlygyny goran gahrymanlara, öz ruhy mukaddesliklerine hormat-sarpa goýmak, milli mirasy, halkymyzyň şöhratly taryhynyň aýdyň subutnamalary bolan taryhy künjekleri aýawly gorap saklamak asylly ýörelgedir.

Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär. Öten-geçenleri ýatlamak dessury türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Bu gün türkmenistanlylar Watanymyza hyzmat etmegiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlaryň öňünde baş egýärler, häzirki wagtda ýaşap ýören weteranlara hem-de wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna çuňňur hormat-sarpa goýýarlar, urşuň yzynda galan eneler hakyky hormat-sylag, alada bilen gurşalandyr. Tebigy betbagtçylyk zerarly öý-öwzaryny ýitiren hem-de ejir çeken, emma ýowuz synaglara döz gelip, diri galan hem-de öz eziz şäherimizi gaýtadan dikelden ildeşlerimiziň öňünde hem baş egýäris.

Ýaşlarymyza görelde almaga ajaýyp nusgalar bardyr—Watanymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda göreşen edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly işleri halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Şu gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen ýatlama çäresi halkymyzyň hakydasyny, ata-babalarymyzyň arzuw-hyýallaryny, halkymyzyň şöhrata beslenen taryhyny özünde jemläp, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň hem-de edermenliginiň öňünde minnetdar nesilleriň çuňňur hoşallygynyň alamaty bolup durýar.

Milli Liderimiziň başynda mäkäm jebisleşip, gurýan we döredýän eziz halkymyz nesilden-nesle geçip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryna çuňňur sarpa goýýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň baş maksadymyz jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny hem-de ahlak kämilligini, ruhy-medeni mirasa sarpa goýulmagyny, ajaýyp milli ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmegini üpjün etmekdir. Biziň jemgyýetimizde türkmenleriň ynsanperwerlik, jebislik, asyllylyk, sogap işleri bitirmäge meýilliliki, ula hormat goýmak ýaly mäkäm ajaýyp ruhy-ahlak ýörelgeleri mäkäm orun aldy. Türkmenistanda mirasy öwrenmek we gorap saklamak, jemgyýeti we ýurdy sazlaşykly ösdürmek, ata Watanymyzy özgertmek wezipelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi