Türkmenistanyň Ministrler Kabineti içerki syýasatyň möhüm meselelerine garady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlarynda daşary ýurt raýatlaryny ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek baradaky habary aýdyldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, owgan raýatlaryny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna dil öwreniş okuwlaryna muzdsuz esasda kabul etmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlarynyň toparyny D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dil öwreniş okuwyna kabul etmek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli tamamlanandygyny nazara alyp, oýunlara taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýatyrylýandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ýerine ýetiriji komitetiň maliýe we beýleki meselelerini kadalaşdyrmak hem-de onuň işgärlerini işe ýerleşdirmek bilen bagly meseleleri bir aýyň dowamynda çözmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 2-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilýän resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Ýokary derejede geçiriljek türkmen-russiýa gepleşikleriniň netijeleri boýunça esasy ugurlarda köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy we Russiýany öňden gelýän dostluk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini belledi. Häzirki döwürde strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça işjeň ösdürilýär.

22-24-nji sentýabry aralygynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada habar aýdyldy. Mejlisde 12-13 oktýabrda Garaşsyzlygyň 26 ýyllygyna gabatlanyp Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň geçirilmegine taýýarlyk barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary boýunça Döwlet toparynyň geňeşiniň düzümini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça habar aýdyldy. Oňa laýyklykda paýtagtymyzda we welýatlarda Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Tejen, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz, Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Mary welaýatynyň Mary şäherlerinde maýyp adamlar we aýratyn durmuş goraglylygyna mätäçler üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, her biriniň umumy meýdany 6123,6 inedördül metr bolan 48 öýli 4 gatly 4 sany ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek maksady bilen, gurluşyk materiallarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligini artdyrmak, pudagyň düzümlerini täzeçil esasda döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow R.Meredowy Türkmenistanyň senagat ministriniň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminama gol çekdi.

Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berildi. Şu günler bugdaý ekişiniň geçirilen meýdanlarynda kadaly gögeriş almak üçin zerur bolan agrotehniki çäreler geçirilýär, ösüş suwy tutulýar. Oba hojalyk tehnikasyny bökdençsiz işletmek, kärendeçi daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek maksady bilen degişli çäreler görülýär.
Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda pagta ýygym möwsümi dowam edýär.

2017-2018-nji ýyllaryň ýyladyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde Jemagat hojalygy ministrliginiň düzümleri tarapyndan alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada hasabat berildi.

“KAMAZ-6520” kysymly awtoulaglary satyn almak hakynda Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada habar berildi. Ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ýük göterijiligi 20 tonna bolan şeýle ulaglaryň 250 birligini satyn almak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz degişli Karara gol çekdi hem-de wise-premýere tehnikalaryň sazlaşykly işini we olara ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň meýilnamasy barada hasabat berildi.

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlary babatda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi