«Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawy ýakyldy

Şu gün Türkmenistanda şanly sene - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 10 gün galmagy mynasybetli uly dabaralar geçirildi.

Şu mynasybetli paýtagtymyzda hem-de Mary welaýatynda baýramçylyk çäreleri guraldy, olaryň arasynda aragatnaşyga bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda guralan teleköpri üpjün etdi.

Irden döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjigine, “Sport” myhmanhanasyna geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, giň sport jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we myhmanlar ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz myhmanhananyň binasyna bardy, şol ýerde dokma önümleriniň, şol sanda ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan lybaslar toplumynyň hem-de oýunlaryň işgärleri we meýletinçileri üçin lybaslaryň, sport hem-de çagalar lybaslarynyň nusgalarynyň, keteniden taýýarlanylan milli nagyşly önümleriň, sowgatlyk önümleriň hem-de milli egin-eşikleriň äheňinde döredilen lybaslar toplumynyň, dürli haly önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýerde sowgatlyk önümler giňden görkezildi, olaryň hatarynda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň şekili bolan alabaýyň keşbinde döredilen önümler aýratyn ünsi çekýär. Sergide görkezilýän zatlaryň ählisi Aziadanyň nyşanlary bilen bezeldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna bardy. Şol ýerde milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 10 gün galmagy mynasybetli dabarany açyp, ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz üçin, şeýle hem halkara möçberinde bu oýunlaryň taryhy ähmiýetini belledi. Ýedi ýyl öň Türkmenistan döwletimiz V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe boldy. Elbetde, geçen şu döwrüň her aýy, her ýyly Garaşsyz döwletimiziň halkara sport abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän möhüm wakalar bilen şöhratlandy diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 500 gün galanda gadymy Nusaý galasyndan deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berildi. Atly ýigitlerimiz güneşli Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda bolup, üstünlikli ýöriş etdiler.

Şu gün bolsa, bu taryhy ýörişe gatnaşýan atly ýigitlerimiz dünýäde belli, iň uly gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» ojagyndan Aziýa oýunlarynyň alawyny alyp, Aşgabat şäherine ýola düşerler.

Teleköpri arkaly Ýaşulular maslahatynyň Başlygynyň orunbasary G.Aýlyýew hormatly Prezidentimize alawyň ýakylmagyna ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiz watandaşlarymyzyň ählisine ýüzlenip, ýagtylygyň ýaşaýşyň gözbaşynyň alamaty hökmünde uly mana eýedigini nygtady.

Hakykatdan hem, gadymy döwürlerden bäri ot päkligiň, täzelenişiň we galkynyşyň, ruhubelentligiň, aň-bilimiň hem-de maşgala ojagynyň baýlygynyň, şan-şöhratyň we ýeňşiň nyşany hasaplanylýar.

Biz halkymyzyň asylly ýörelgesinden ugur alyp, ýakyn geljekde diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebitiň halklary üçin hem rysgal-bereket getirjek dünýäde iň uly “Galkynyş” gaz ojagyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýakmagy makul bildik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Nesip bolsa, ýene-de sanlyja günlerden V Aziýa oýunlarynyň alawy – Garaşsyz Watanymyzyň iri gaz ojagynyň ataşy paýtagtymyz Aşgabat şäherine gelip ýeter. Alawyň ýakylan güni mähriban halkymyzda ýokary watançylyk ruhuny döredýän, eziz Watanymyza beýik söýgini terbiýeleýän şanly wakadyr.

Bu waka V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlygymyzda aýgytly ädimdir, ol merdana halkymyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň, parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de dostlugynyň hakyky nyşanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we hemmeleri bu möhüm waka bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu dabaraly pursatlarda V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmaga ak pata berdi.

Teleköpri arkaly Mary welaýatynda ýaýbaňlandyrylan dabara syn etmek bolýar. Şol ýerde “Galkynyş” ojagynyň golaýynda gadymy obany ýatladýan köp sanly ak öýler dikildi.

Gadymy aýdymlary ýerine ýetirýän bagşylar hem-de sazandalar, senetçi-ussalar, çarwadarlar, ortada güýç synanyşýan pälwanlar baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Ak öýleriň golaýynda ägirt uly sport meýdançasy döredildi, şol ýerde ýaş türgenler çykyş edip, V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna görýän sportuň ähli görnüşleri, şol sanda konkur boýunça ussatlyklaryny görkezýärler. Konkur üçin päsgelçilikli aýratyn ýodajyk göz öňünde tutulypdyr.

Şondan aňyrrakda, depäniň üstünde tüýdükçi baýramçylyk sazyny ýerine ýetirýär. Bu ýerde türkmen çopanlarynyň wepaly kömekçileri bolan meşhur alabaýlary görmek bolýar. Zenanlar adaty hojalyk işleri bilen gümra bolýarlar: kimdir biri ýüplük üçin ýüň egirýär, beýleki biri bolsa tamdyrda çörek bişirýär. Taýýarlanan ýüplüklerden ajaýyp halylar dokalýar.

Baýramçylyk meýdançasynda gün nuruna çoýunan türkmen topragynyň sahawatly önümleri ýerleşdirilipdir. Gyzlar aýdym aýdyp, tans edýärler, milli dessurlar beýan edilýän sahnajyklar görkezilýär, çagajyklar şadyýanlykda oýnaýarlar. Dabaranyň myhmanlaryna bu ýerde, gazanlarda taýýarlanylan milli tagamlar hödür edilýär.

Bu ýerde sahna çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar, türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguzhan we onuň ogullary sahnanyň baş gahrymanlary bolýarlar.

Güne we oda sežde etmek dessury ýatladýan tans ýerine ýetirilýär. Taryhy we arheologiki maglumatlara laýyklykda biziň gadymky ata-babalarymyz olary adatdan daşary güýç hasaplapdyrlar.

Ýigitler ajaýyp bedewlerde taýýar bolup durlar. Mergen ýigit ýaýyň peýkamyny asmana –Güne tarap gönükdirip, ýaýy atýar. Şu ýerde täsin pursat ýüze çykýar. Mawy asmanda nur saçyp duran Gün şöhleleri peýkamyň ujunda uçgun döredýär. Gün nurundan ot alan peýkam asmandan ýere inip, ak öýüň ortasyndaky ojar odunly ojaga düşýär.
Ojakdaky ojar tutaşyp, ataş ýanyp başlaýar.

Ojakda lowurdan ýanýan ataşdan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar.

...Halkymyzda öý ojagynyň ody keramatly hasaplanylýar. Ot-alaw ýagtylyk, ýylylyk mähir berýär. Halkymyzda “Ot-oraz” diýilýän nakyl bar. Bu ýerde oraz sözi bagt diýmegi aňladýar. Ojagyň ody maşgala abadançylygynyň we parahatçylygynyň tumarydyr, ol ýaman gözden goraýar, tümlügi ýagtyldýar hem-de ýylysyny paýlaýar.

Aziýa oýunlarynyň alawynyň gadymy Marguş topragynda ýakylmagynyň aýratyn manysy bardyr. Alymlaryň çaklamagyna görä, hut şu ýerde dünýädäki ilkinji din — zoroastrizm peýda bolupdyr. Baryp biziň eýýamymyzdan ozalky üçünji müňýyllykda oda sežde edilipdir. Gadymy Marguş türkmen döwletiniň paýtagty bolan Goňurdepede geçirilen arheologik barlaglaryň barşynda alymlar tarapyndan ýüze çykarylan ot ybadathanasy muňa şaýatlyk edýär. Zoroastrizmde ot uly ähmiýete eýe bolupdyr. Bu keramatly düşünje ýokary derejedäki adalatlylygyň ýüze çykmasydyr.

Alymlar Marguşy gadymy siwilizasiýa ojaklarynyň bäşisiniň biridigini, türkmen halky tarapyndan dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gymmatlyklaryň döredilendigini ykrar etdiler. Halkyň taryhyny onuň maddy we ruhy mirasyny öwrenmek, bu mirasy bütin dünýäde wagyz etmek hem-de oňa halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan maksatlarynyň hatarynda goýuldy.

Taryhyň dowamynda döredilen, milletimiziň nesilbaşysy bolan Oguzhanyň döwründen gözbaş alýan türkmenleriň ruhy we maddy-medeni dünýäsi ençeme ugurlary öz içine alýar. Olaryň hataryna halkymyzyň şöhratly taryhy, parasatly pelsepesi, gymmatly edebi mirasy, bahasyna ýetip bolmajak gadymy däp-dessurlary, milli baýramlary hem-de dabaralary, meşhur bedewleri, gözellikde deňsiz-taýsyz halylary, şaý-sepleri we beýlekiler girýär.

Häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň köp ýurtlary bilen özara bähbitli, syýasy hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürýän Bitarap döwlet bolmak bilen, gadymy medeni ojaklaryň biri hökmünde dünýä taryhyny we adamzadyň ösüşiniň medeniýetini öwrenmek boýunça ylmy merkeze öwrülýär. Türkmen binagärliginiň naýbaşy gymmatlygy bolan Soltan Sanjaryň kümmetini öz içine alýan Gadymy Merwiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň gadymy taryhynyň beýikdiginiň halkara ykrarnamasy bolup durýar.

Häzirki wagtda bu ýerde, sözüň doly manysynda, ägirt uly “Galkynyş” gaz ojagy ýerleşýär.

Halkara ölçegine laýyklykda, gaz ýataklary kiçi, orta, iri, örän uly we ägirt uly (ýa-da täsin) ýataklara bölünýär. Olaryň soňkusyna, ýagny, ägirt uly ýataklara 5 trillion kub metrden we şondan ýokary gorlary bolan ýataklar degişlidir. Şeýle ýataklar dünýäde örän azdyr. Gury ýerde iň iri kän hökmünde türkmen “Galkynyş” ojagy ykrar edildi. Onuň gorlary 26,2 trillion kub metr gaza barabardyr.

Hut şoňa görä-de, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawy energiýanyň ägirt uly gorunyň ýerleşen ýerinde ýakyldy. “Galkynyş” ojagy — munuň özi biziň umumymilli Öýümiziň — Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň özboluşly ojagydyr!

Ýola düşen alawly 17 ýigidi Oguzhan: “Goý, bu oguzlar ojagynyň alawynyň şuglasy ýer ýüzüne ýaýrasyn! Goý, ol alawyň ýylysy ýakyn-u- ýat, ulus-illeriň kalbyna mähir bolup çaýylsyn! Oguz kowumlary, türkmen illeri eziz Arkadagy bilen dowamat dowam bolsun!” diýen arzuwlar bilen ugradýar.

Atly ýigitleri hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler hem ugradýar. Olar ýigitlerimize ak ýol arzuw edip, ýüzärlik ýakýarlar hem-de mekge patraklaryny seçýärler.

Teleköpri tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna ýygnanan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalaryna ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki dabaraly duşuşygyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 10 gün galmagy mynasybetli geçirilýändigini belläp, biziň türgenlerimize «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» şygary bilen geçiriljek V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi hem-de örän oňat netijeleri gazanmagy arzuw etdi.

Milli Liderimiz halkara sport baýramçylygyna öwrüljek V Aziýa oýunlarynda Garaşsyz ýurdumyzyň türgenleriniň watansöýüjiligiň,
gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Bitarap Türkmenistanyň sport abraýyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Sport gaýratlylygy, çydamlylygy, gaýduwsyzlygy, sabyrlylygy, adalatlylygy, hoşniýetliligi hem-de belent ynsanperwerligi terbiýeleýän ajaýyp sungatdyr. Adamzadyň bu ajaýyp gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän her bir ynsan uly sarpa mynasypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Halkara sport ýaryşlarynda mynasyp wekilçilik etmek hem-de öz ýurduň sport abraýyny täze, belent derejelere götermek her bir türgen üçin mukaddes borçdur diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky taryhy çözgüdi Garaşsyz Watanymyzyň sport älemindäki abraýynyň has ýokary derejelere galýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş kadalary dünýä medeniýetiniň örän möhüm hem-de gymmatly baýlygydyr. Bu gymmatlyklar her bir döwletiň durmuş-ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar.

Mundan başga-da, bedenterbiýe we sport jemgyýeti jebisleşdirýän, adamlary beýik üstünliklere ruhlandyrýan güýçdür diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady. Şu nukdaýnazardan, päk ahlaklylygyň, sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz Türkmenistan dünýäde doly ykrar edilýär.

Biz ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmäge uly möçberlerde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Bu ugurda örän düýpli özgertmeleri, il-ýurt bähbitli möhüm işleri üstünlikli amala aşyrýarys. Soňky ýyllarda ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köp sanly iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport desgalarynyň bina edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, gözel paýtagtymyz Aşgabatda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan, sebitde deňsiz-taýsyz döwrebap Olimpiýa şäherçesi guruldy.

Geçirilen bu işleriň ählisi ata Watanymyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmäge, aýratyn hem, halkara derejesinde ussat türgenleri taýýarlamaga doly mümkinçilik berýär.

Nesip bolsa, biz ýene-de sanlyja günlerden Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda, ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleriniň, şeýle hem bosgunlaryň ýygyndy toparynyň gatnaşjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna dabaraly ýagdaýda badalga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Garaşsyz Türkmenistan 2017-nji ýylyň tylla güýzüni merdana halkymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, ýatdan çykmajak şatlykly wakalara we uly baýramçylyga beslejek
V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlykly barýar. Biz bu ugurda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen bilelikde giň gerimli işleri hem-de dürli çäreleri geçirdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli ýurdumyzda deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berdik. Bu oýunlara 250 gün, 200 gün, 100 gün we 50 gün galmagy mynasybetli dabaraly çäreleri guradyk.

Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, agyr atletika, kik-boksing, jiu-jitsu, tennis, ýeňil atletika, basketbol, suwda ýüzmek ýaly sportuň görnüşleri boýunça halkara synag ýaryşlaryny hem ýokary derejede geçirdik.

Milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň hem-de sagdynlygyň gözbaşydyr, ynsany belent sepgitlere ruhlandyrýan egsilmez güýçdür diýip belledi.

Biziň sport ussatlarymyz we türgenlerimiz gujur-gaýratyny hem-de başarnygyny görkezip, halkara we dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ajaýyp üstünlikleri gazanýarlar. Bu bolsa mähriban Watanymyza bolan söýgimizi we buýsanjymyzy artdyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkidýär.

Biziň sporty we bedenterbiýe-köpçülikleýin hereketi ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli hem-de netijeli işlerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, ýokary baha mynasyp bolýar.

Milli Liderimiz Aşgabadyň täze, döwrebap Olimpiýa şäherçesiniň “Olimpiýa” stadionynyň münberini bezeýän ajaýyp ahalteke bedewiniň çeper şekiliniň dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, şeýle hem Sportuň suw görnüşleri merkeziniň halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanyp, häzirki zaman tehnologiýalary esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini tüýs ýürekden buýsanç bilen belledi.

Biz geljekde hem ýurdumyzda sporty ösdürmek, ýaşlarymyzyň ruhy we beden mümkinçiliklerini sazlaşykly utgaşdyrmak, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda örän şowly çykyş edip, zerur sport tejribesini toplamak meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz iri ýaryşlaryň geçirilen ýurtlarynyň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň iň köp medal alyp, iň ýokary baýrakly orunlara mynasyp bolandyklarynyň kanunalaýyk ýagdaýdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýurdy bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerine oýunlarda öz başarnyklaryny hem-de ussatlyklaryny, watansöýüjiligini görkezip, iň köpsanly medala mynasyp bolmagyny arzuw etdi.

Siziň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda uly üstünlikleri gazanmak bilen, ýurdumyzyň sport janköýerlerini begendirjekdigiňize berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Goý, sagdynlygyň we ruhubelentligiň hem-de ýokary netijeli sportuň mekany bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara at-abraýy, şan-şöhraty mundan beýläk-de belende galsyn!

Soňra ýurdumyzyň türgenleriniň adyndan meşhur türgenler — sambo boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy Gülbadam Babamuratowa hem-de türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy Rejebaly Orazalyýew çykyş etdiler.

Iri halkara ýaryşlarynyň ýeňijileri jogapkärli bäsleşiklere taýýarlyk görýän türgenler üçin ajaýyp şertleriň döredilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen sportuny ösdürmäge uly üns berýändigi we hemmetaraplaýyn goldaýandygy, türgenleşikler hem-de abraýly ýaryşlarda çykyş etmek babatda ähli şertleri döredýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türgenler soňky ýyllarda özleriniň ýokary netijeler gazanmaklary üçin deňsiz-taýsyz mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen belläp, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň myhmany, Ginnesiň rekordlar kitabynyň önüm marketingi boýunça ýolbaşçysy jenap Wiktor Fenes Wakasa söz berdi.

Myhman 10 günden türkmen paýtagtynda geçiriljek oýunlaryň ägirt uly ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, bu iri çäräniň eýeleýän orny sport ulgamynyň çäginden has giňdir. Onuň möhüm ähmiýeti durmuşyň ähli ugurlarynda — halkara hyzmatdaşlygyndan başlap, syýahatçylyga çenli ähli ulgamlarda öz beýanyny tapar.

Myhman Ginnesiň rekordlar kitabyna hödürlenen degişli maglumatlaryň doly we içgin öwrenilmeginiň netijeleri barada habar berip, hormatly Prezidentimizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny paýtagtymyz Aşgabadyň dünýä rekordlarynyň arasynda ýene-de bir gezek mynasyp orun eýeländigi bilen gutlady.

Türkmen Lideriniň üns merkezinde durýan “Aşgabat 2017” oýunlaryna düýpli we içgin taýýarlyk görmek meselesi binagärlik babatda hem äşgär bolýar: türkmen paýtagtynda täsin sport toplumy — diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, onuň daşynda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi guruldy.

Munuň özi diňe bir ägirt uly taslamanyň giň möçberliligine däl, eýsem, özüne 40-a golaý desgany birleşdirýän şäherçäniň enjamlaşdyrylyşynyň derejesine, ýokary tehnologiýaly düzümine, oňaýlylygyna hem-de gaýtalanmajak bezeg keşbine hem degişlidir.

Aşgabat Aziadasynyň esasy nyşany bolan bedewiň çeper şekili bu keşbiň esasy bölegine öwrüldi. Bu ägirt uly şekilde oýunlaryň tutuş many-mazmun babatdaky taglymy, Türkmenistanyň beýik maksatlara, dünýäde parahatçylyga we halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy ösüşiň hem-de abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, ýaşaýyş-durmuşyň esasy gymmatlygy hökmünde sagdynlygy berkarar etmäge ymtylmasy jemlenendir.

Ikinji güwänama Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň sportuň suw görnüşleri merkezi mynasyp boldy. Ol halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna kybap gelýän ekologiýa taýdan arassa serişdelerden häzirki zaman tehnologiýalar esasynda gurlan dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Myhman milli Liderimize güwänamalary gowşuryp, Ginnesiň rekordlar kitabynda öz beýanyny tapan täsin Olimpiýa şäherçesiniň ýene-de köp nesillere hyzmat etjekdigini hem-de ak mermerli paýtagtyň ajaýyp ýerleriniň birine we buýsanjyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Muňa jogap edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesindäki atyň keşbiniň hem-de Suw sport toplumynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi mynasybetli Ginnesiň rekordlar kitabynyň ýolbaşçylaryna we ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bu waka mähriban halkymyzyň beýik maksadyň hatyrasyna çekýän döredijilikli zähmetiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýene-de ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna ýüzlenip, şeýle diýdi:

Garaşsyz Türkmenistan — kuwwatly döwlet. Biziň tagallalarymyz, yhlasymyz, arzyly pellehana bolan ynamymyz bilen berkarar döwletimiziň sporty hem güýçli bolmalydyr.

Elbetde, şu gün berkarar Watanymyzyň senenamasyna aýgytly başlangyçlaryň senesi hökmünde ebedi ýazylar. Sebäbi V Aziýa oýunlarynyň alawynyň ýakylan güni geljekki üstünliklerimize badalga berlen taryhy gündür!

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň eziz Watanymyzyň geljegidigini aýdyp, döwletimiziň mundan beýläk köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty hemmetaraplaýyn ösdürmek barada yzygiderli alada etjekdigini, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagy üçin zerur şertleri üpjün etjekdigini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegi, sportda, ýurdumyzyň bedenterbiýe-sport hereketinde ýokary netijeleriň gazanylmagy, oňa gatnaşyjylaryň sanynyň artmagy ilatyň saglygyny berkitmäge, beden taýdan berk hem-de ruhy taýdan baý ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilendir. Munuň özi bolsa Türkmenistanda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, ähli türkmen türgenlerine ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de artdyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi

“Sport” myhmanhanasyndan çykan mahaly döwlet Baştutanymyz milli ýygyndymyzyň agzalarynyň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi