Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ýurdumyzda köpugurly saglyk düzüminiň üstüni ýetiren lukmançylyk ulgamynyň iri desgalarynyň açylyş dabaralary boldy.

Şanly senä gabatlanan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga, türkmenistanlylary ýokary halkara ölçegleriň derejesinde lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Şu günki dabaralaryň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine badalga berýändigini bellemek gerek.

...Irden döwlet Baştutanymyz Bekrewe köçesiniň ugrunda gurlan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň binasynyň öňündäki meýdança geldi. Merkeziň gurluşygyna 2018-nji ýylyň mart aýynda badalga berildi.

Bu ýerde Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Olaryň hatarynda dabaralara gatnaşmaga çagyrylan, Germaniýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan gelen lukman-professorlar, şeýle hem, elbetde, şu gün öz hünär baýramyny belleýän saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri bar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.

Döredijilik toparlarynyň we estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly, tansly çykyşlar dabaranyň öwüşginini has-da artdyrdy.

Milli Liderimiz çykyş etmek üçin münbere geçýär. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu gün täze senenamamyz boýunça ilkinji gezek Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenip geçilýändigini aýtdy hem-de bu ulgamyň ähli hünärmenlerini we işgärlerini ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.

Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şundan ugur alnyp, halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek, raýatlarymyzyň ömür dowamlylygyny uzaltmak biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadyryn bilgil, hassa bolmazdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Biz ata-babalarymyzyň «Saglygym — baýlygym» diýen pähiminden ugur alyp, raýatlarymyzyň saglygy we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýola goýan tutumly işlerimizi döwrüň talaplaryna laýyklykda dowam etdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Garaşsyz Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ulgamyň kanunçylyk binýady barha pugtalandyrylýar.

Ynsan saglygyny goramak, ilki bilen, keseliň öňüni almak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şundan ugur alyp, biz keselleriň öňüni almaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmäge, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmaga aýratyn üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýurdumyzda ilatymyzyň dürli gatlaklarynyň arasynda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryny, bejeriş çärelerini geçirmek üçin öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny öz içine alýan çäreleriň toplumy amala aşyrylýar.

Biz bu ugurda gowy netijeleri gazandyk diýip, arkaýyn aýdyp bileris. Bu bolsa ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna, keselçiligiň peselmegine, howply ýokanç keselleriň ýok edilmegine mümkinçilik berdi diýip, döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň öz saglygyny goramak boýunça sowatlylygynyň hem artandygyny belledi.

Döwletimiz saglygy goraýyş ulgamyna ägirt uly möçberde maliýe serişdelerini goýberýär, häzirki döwrüň innowasion tehnologiýalaryna, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek babatda netijeli işleri üstünlikli amala aşyrýar. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny halkara ülňülere laýyklykda pugtalandyrmak işlerini netijeli dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň dürli künjeklerinde häzirki döwrüň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen hassahanalary, saglyk öýleridir anyklaýyş we «Ene mähri» merkezlerini, saglygy dikeldiş şypahanalaryny, derman senagaty kärhanalaryny giň gerim bilen gurup, ulanmaga berýäris.

Şol bir wagtda saglygy goraýyş ulgamynyň işläp gelýän edaralarynyň durkuny täzelemek işleri geçirilýär. Sanly saglygy goraýyş ulgamynyň hem berk binýady döredilip, telelukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem amaly lukmançylygyň esasy şerti hökmünde lukmançylyk ylmyny ösdürmäge, hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga uly üns berip, saglygy goraýyş işgärleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagy üçin şert döredilýär.

Alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatymyz netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň ösen döwletleri bilen giň gerimli gatnaşyklar barha pugtalanýar. Bu ugurda Germaniýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Koreýa Respublikasy, Russiýa, Türkiýe we beýleki döwletler bilen gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar we Ilat gaznalary, Ösüş maksatnamasy, beýleki abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän strategiýa döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyz ilaty waksinalar we immunizasiýa bilen üpjün etmekde sebitde öňdebaryjy orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki wagtda Milli öňüni alyş sanjym tertibine laýyklykda, jemi 14 sany ýokanç kesele garşy öňüni alyş sanjymlary döwlet tarapyndan tölegsiz geçirilip, olaryň gurşawynyň görkezijileri ýokary derejede saklanýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň halkara güwänamasyna mynasyp boldy. Garaşsyz döwletimize drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma keselleriniň ýok edilendigi, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy hakynda halkara güwänamalar berildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ilkinji, dünýäde dördünji bolup, nahar duzunyň halkara ölçeglere laýyklykda ýodlaşdyrylandygyny tassyklaýan resminamalar gowşuryldy.

Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, saglygyny berkitmek, saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda geçirilýän işleriň dünýä jemgyýetçiligi we halkara guramalar tarapyndan ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ine, biz şu gün hem, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň ajaýyp baýramçylyk gününde mähriban halkymyzyň jan saglygyny goramak, abadan durmuşyny üpjün etmek bilen bagly ýene-de iki sany döwrebap lukmançylyk binasyny işe girizýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzda Merkezi Aziýanyň göwher gaşyna öwrülen paýtagtymyzyň iň gözel künjeklerine görk berýän Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi bilen Estetiki merkeziň açylyp, ulanylmaga berilmegi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar durmuşda, sagdyn ýaşamagy ugrunda edilýän aladalaryň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Doganlyk Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasy tarapyndan gurlan bäş gatly, döwrebap Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi 130 orundan ybarat. Olaryň 20-si çagalar, 80-si hem uly adamlar üçin niýetlenendir. Onuň galan 30 ornunda bolsa plastiki dikeldiş hirurgiýasy hem-de güýçlendirilen bejergi bölümleri ýerleşýär.

Merkeziň düzüminde «Tiz kömek» gullugy bolan kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş, barlaghana, ýanykdan soň şikesleri azaldyp, hereket etmäge ýardam berýän dikeldiş, endoskopiýa, zyýansyzlandyryş hem-de ýatymlaýyn bejeriş bölümleri bar. Bu ýerde birbada alty näsagyň bejergi almagy üçin niýetlenen barokameralar hem işleýär. Bu bolsa ýanyk şikeslerinde hiç hili bökdençsiz bejergi geçirmäge lukmanlara doly mümkinçilik berer.

Şypaly Berzeňňi suwy bilen ýanyk şikeslerini bejermekde balneologiýa bölümi esasy orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň şypa beriji häsiýetleri barada öz kitaplarynda ençeme gezek ýazdy. Merkezde ornaşdyrylan ýöriteleşdirilen enjamlar kwars çägesiniň üstünden geçýän zyýansyzlandyrylan howa arkaly agyr derejeli ýanykly näsaglaryň dertden tiz saplanmagyna oňat ýardam eder.

Estetiki merkezde hem raýatlarymyza gözellik we estetiki taýdan ähli ugurlar boýunça ýokary hilli kosmetologik hyzmatlary etmek üçin zerur şertler döredildi. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kompaniýalarynyň häzirki zaman innowasion tehnologiýaly lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlary oturdyldy.

Estetiki merkeziň bölümlerinde ynsan bedeniniň gözelligini saklamak üçin bejeriş-sagaldyş hyzmatlary, bedeniň agramyny sazlamak boýunça bejergi işleri geçiriler. Owkalamak, rahatlandyryjy, sagaldyş, dellekçilik hyzmatlary we beýleki lukmançylyk emleri ediler. Dabanyň dürli kesellerini, şol sanda süýjüli diabet sebäpli döreýän alamatlaryny irki döwürde ýüze çykaryp, bejermek we beýleki hyzmatlar amala aşyrylar.

Şeýle hem merkeziň estetiki kosmetologiýa bölüminde kosmetiki arassalama, gözellik emleri, ýüzüň owkalamasy, lazer bilen ýaşartmak, gözellik we sagaldyş bölüminde bolsa adam bedeniniň gözelligi üçin bejeriş-sagaldyş hyzmatlary ýerine ýetiriler. Merkezde raýatlara bu ugurdan zerur maslahatlar berler.

Şeýle hem bu ýerde estetiki gözelligiň umumy ugurlary boýunça okuwlary, ýerli we daşary ýurt hünärmenleri bilen treningleri geçirmek, hünäri kämilleşdiriş sapaklaryny guramak göz öňünde tutulýar.

«Eziz watandaşlar! Indi bu täze merkezleriň ikisi hem halkymyzyň hyzmatyna taýýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, şeýle hem Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş hem-de Estetiki merkezleriniň açylyp, ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylary hem-de halkymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür we bagtyýar durmuş, täze açylan merkezlerde işlejek lukmanlara bolsa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu gün ulanylmaga berilýän Estetiki merkeziň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlandygyny belledi, bu bolsa döwletimiziň hususy telekeçilere hemmetaraplaýyn goldaw berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýadan gelen ähli lukmanlara we hünärmenlere Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan uly goşantlary üçin nemes dilinde tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz dabaranyň dowamynda Germaniýadan gelen, Mýunheniň Gersog Karl Teodor adyndaky Oftalmologiýa merkeziniň doktory, tanymal alym we lukman Ulrih Şaller bilen hem nemes dilinde salamlaşdy hem-de onuň bilen tanyşdyrdy.

Myhman, ozaly bilen, türkmen Liderine Aşgabatda gurlan täze lukmançylyk edaralarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de Germaniýadan bolan, pandemiýa zerarly bu dabara gatnaşyp bilmedik kärdeşleriniň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ýanyk şikesli näsaglar üçin ýöriteleşdirilen merkeziň döredilmeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, jenap Şaller Gündogar lukmançylygynyň bu ulgamynda orta asyrlardan bäri lukman we filosof Ibn Sinanyň meşhurdygyny ýatlatdy.

Doktor özüniň Türkmenistanda lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabarasyna indi birnäçe gezek gatnaşýandygyny aýdyp, bu desgalaryň her biriniň binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça, täze merkezleriň işgärleri hemişe ýörite hünär taýýarlygyny geçýärler. Bu gezek hem lukmançylyk ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygy öz netijeliligini ýene-de görkezdi diýip, Ulrih Şaller belledi.

Netijeli hyzmatdaşlyk 20 ýyla golaý wagt bäri dowam edýär hem-de türkmen lukmançylygynyň dürli ulgamlarynda durnukly ösüşe ýardam berýär. Nemes lukmany şeýle hem lukmançylygyň halklaryň birleşmegi üçin ajaýyp binýat bolup hyzmat edýändigini belledi hem-de geçen ýyllaryň dowamynda türkmen we german lukmanlarynyň diňe bir bilelikde işlemän, dostlaşyp hem ýetişendiklerini aýtdy.

Myhman ajaýyp lukman bolan hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan syýasatyna ýokary baha berdi, biziň ýurdumyzda bu ulgama iň ýokary derejede ägirt uly üns berilýär. Şunda bu üns ähli ugurlary öz içine alýar. Täze Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş we Estetiki merkezleri ilata ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermegiň ösen ulgamynyň bir bölegi bolar.

Bilime hem-de hünärmenleriň hünär taýýarlygyna gönükdirilýän yzygiderli maýa goýumlary türkmen-german hyzmatdaşlygynyň bu ugrunda hem örän möhümdir. Bu gatnaşyklar geljekde hem üstünlikli ösdüriler diýip, jenap Şaller ynam bildirdi we hemmelere berk jan saglyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň binasynyň baş girelgesine tarap ugraýar.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär. Bu ýerde merkez bilen ýakyndan tanyşlyk başlanýar. Ol ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň bejeriş gullugynyň başyny çekip, ýanyk şikeslilere ýokary hilli ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini berer.

Saglygy goraýyş ulgamyna täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmak ugrunda uly işleri geçirýändigini görkezýär. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi munuň nobatdaky mysalydyr.

Merkez gurlanda funksional we işgärler bilen üpjün etmek meselesinde iň gowy daşary ýurt tejribesi hem-de öňdebaryjy işler düýpli öwrenildi. Şeýle hem merkeziň hünärmenleri dünýä belli ýanyk şikeslerini bejeriş merkezlerinde bejermegiň usullaryny öwrenmek üçin Germaniýa, Ysraýyla, Awstriýa we Türkiýä iş saparlaryny amala aşyrdylar.

Merkezde işleýän lukman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa paýtagtymyzyň Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň gurluş düzüm aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Merkez «Tiz kömek» gullugyndan, kabul ediş bölümlerinden, maslahat beriş-anyklaýyş, barlaghana, balneologiýa bölüminden ybarat bolup, bu ýerde Berzeňňi bejeriş suwunyň kömegi bilen dikeldiş, endoskopiki, arassalaýyş, barokamera bölümlerinde bejergi geçiriler.

20 orunlyk çagalar bölümini hem-de 80 orunlyk uly adamlar üçin bölümi, şeýle hem 20 orunlyk plastiki we dikeldiş hirurgiýasy hem-de 10 orunlyk intensiw reanimasiýa bölümlerini öz içine alýan stasionar bejeriş toplumy aýratyn guruldy.

Gaýragoýulmasyz kömek bölüminde ilkinji lukmançylyk kömegi berler hem-de döwrebap we ygtybarly lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen kesel takyk kesgitlener. Bu bölüm ýokary Ýewropa ölçeglerine kybap gelýän defibrillýatorlar, emeli dem alyş enjamlary, intubasiýa üçin laringoskop, ultrases barlagy üçin ykjam gurluşlar, elektrokardiograf, rentgen-enjam, glýukometr we beýleki anyklaýyş enjamlary, şeýle hem derman serişdeleri, sargy we ýokançsyzlandyryjy serişdeler bilen üpjün edildi.

Bu bölümiň «Tiz kömek» otagynda oturdylan ykjam gurluşlar hereketini çäklendirmeli bolan agyr hassalarda barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär. Agyr ýanyk şikesli hassalara teniniň ýanan ýerlerini aýyrmak we arassalamak boýunça dessine operasiýa geçirilýär. Soňra bejeriş merkeziň degişli bölümlerinde dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikinji gatda ýerleşen intensiw bejeriş otagyna barýar, bu ýerde oturdylan iň täze lukmançylyk enjamlary bilen tanyşýar. Lukman bu ýerde bar bolan emeli dem alyş enjamlary, kardiometrler, defibrillýatorlar, multifiltratorlar, infuziomatlar we beýleki enjamlar bilen tanyşdyrýar.

Bölümiň palatasynda oturdylan ýörite elektron krowatlar kwars çägesi arkaly geçirilýän howanyň kömegi bilen beden dokumalarynyň dikelmegine ýardam edýär. Dowamly bejerişde bolýan hassalara sanitariýa-arassaçylyk düzgünlerini geçirmek üçin şertler döredildi.

Reanimasiýa otaglary çyglylygy we temperaturany öz-özi sazlaýan gurluşlar bilen üpjün edildi, munuň özi ýanyk şikesli hassalary bejermek üçin zerur bolan şertleriň biri bolup durýar hem-de olara şok ýagdaýyndan tiz çykmaga we durnukly ýagdaýa dolanmaga mümkinçilik berýär.

Bu bölüm teniniň köp bölegi ýanan hassalary galdyrmak we düşürmek, şeýle hem sargy wagtynda hassalary galdyrmak we düşürmek ýa-da zerur bolan halatynda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş düzgünlerini geçirmek üçin metal gurallar bilen üpjün edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow barokamera bölümini gözden geçirdi. Ol teniň ýanan ýerleriniň öýjüklerini gowulandyrmak we regenerasiýany çaltlandyrmak üçin niýetlenendir. Bu ýerde bir wagtda alty hassa hyzmat etmek üçin iki sany barokamera, şeýle hem bir adam üçin niýetlenen barokamera ýerleşdirildi. Munuň özi köpçülikleýin ýanyk şikesleri düşen halatynda hem üznüksiz bejeriş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkez bilen tanyşlygyny dowam edip, balneologiýa bölümine baryp gördi. Bu ýerde suw bilen bejeriş aýratyn orny eýeläp, ýanyk şikesli hassalar bejerilende teniň ýarasynyň bitmegine oňyn täsir edýär.

Munuň üçin bu ýerde “Berzeňňi” melhem çeşmesinden suwy saklamak üçin niýetlenen, göwrümi 20 kub metr bolan howuz guruldy. Ol ýörite keramiki serişdelerden taýýarlanyp, olaryň kömegi bilen bejeriş suwunyň düzümi 72 sagadyň dowamynda üýtgemeýär.

Hassalary galdyrmak we düşürmek üçin niýetlenen gurallar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen wannalarda, bir tarapdan, hassalaryň ýanan ýerlerini ýuwup we arassalap bolýan bolsa, beýleki tarapdan, mineral suwy bitmeýän ýanyk şikesleri bejermäge ýardam edýär.

Bölümiň üpjünçiligi boýunça meseleler barada gyzyklanyp hem-de olar barada jikme-jik maglumatlary almak bilen, döwlet Baştutanymyz dünýäniň köp ýurtlarynyň lukmançylyk, ylmy-barlag hem-de bilim merkezlerine baryp görmek bilen, diňe hyzmatdaşlyk üçin däl-de, eýsem, dostlukly gatnaşyklar üçin lukmançylyk diplomatiýasynyň orny barada belläp geçýändigini aýtdy.

Lukmançylyk halklary, hatda dürli dilleri birleşdirýär, dürli ýurtlardan bolan adamlary biri-birine ýakynlaşdyryp, olaryň umumy maksatlaryna ýetmegine ýardam edýär, saglygy dikeltmäge, jany halas etmäge kömek edýär. Häzir dünýäde lukmançylyk diplomatiýasy örän möhüm bolup, ony umumy bähbidiň hatyrasyna işjeň ulanmak gerek diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow fizioterapiýa bölüminiň dikeldiş otagyna baryp gördi, bu ýerde onuň enjamlary bilen tanyşdy.

Lukmanyň milli Liderimize habar berşi ýaly, bu bölüm mehaniki hereket arkaly ýerine ýetirilýän maşklar üçin niýetlenen ýörite enjam, şeýle hem elektrik dikeldiş enjamy bilen üpjün edildi.

Dikeldiş otaglary hem dürli hereketleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi. Olar ýanyk şikesinden soňky döwürde dartgynlylygy azaltmak arkaly bedeniň ykjamlygyny dikeltmäge ýardam edýär, ol dünýäniň kombustologiýasy üçin derwaýys mesele bolup durýar. Bejerginiň esasy tapgyrlarynyň biri bolup durýan dikeldiş bölüminde owkalama, fizioterapiýa, iňňe bilen bejermek, bejeriş bedenterbiýesi hem-de terapiýanyň we bejerginiň beýleki usullary geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň baryp gören bölümlerinden başga-da, saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgasynyň mümkinçilikleri we şertleri bilen tanyşlygyň barşynda merkeziň düzümindäki barlaghanada umumy kliniki, biohimiýa, serologiýa, bakteriologiýa hem-de beýleki seljermeleriň we barlaglaryň geçirilýändigi habar berildi. Munuň üçin bu ýerde dünýä ölçeglerine kybap gelýän enjam oturdyldy, ol nusgalyklaryň birbada köp sanlysyny we gysga möhletde işläp bejermäge mümkinçilik berýär.

Merkeziň ikinji gatyndaky operasiýa bölümi dört sany hirurgiýa zallaryndan ybarat bolup, olarda operasiýalary nekroektomiýa, nekrotomiýa, ekzoartikulýasiýa, autodermoplastiki, bogunlary dikeltmek, plastiki hirurgiýa boýunça ýokary hünär derejesinde geçirmek bolýar. Bu bölümiň üpjünçiligi operasiýalaryň birnäçesini, şol sanda öňde agzalan, neýrohirurgiýa we beýleki operasiýalary birbada geçirmek üçin mümkinçilik döredýär.

Merkeziň stasionar bejeriş toplumyndaky bir we iki orunlyk palatalar hassalar üçin zerur bolan ähli şertlere eýedir. Olarda kislorod beriş ulgamlaryndan başlap, nobatçy şepagat uýasyny çagyrmak üçin nurbatlar, orunlar, telewizorlar, sowadyjylar, howany sazlaýjylar ulgamy we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Stasionar bejerginiň çagalar bölümi ýörite enjamlar bilen üpjün edilip, olar diňe lukmançylyk talaplaryna kybap gelmek bilen çäklenmän, eýsem, çagalar üçin ykjamdyr. Bu ýerde oýun oýnalýan otaglar göz öňünde tutulyp, diwarlar bolsa dürli reňkli suratlar bilen bezeldi.

Merkezde elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy dolandyryş we menejment usullaryny has-da kämilleşdirmäge, barlaglary we bejeriş işlerini geçirmäge, şeýle hem amaly lukmançylykda synagdan geçen anyklamagyň we bejermegiň täze usullaryny peýdalanmaga oňyn täsirini ýetirer.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş, farmasewtika we derman senagaty ulgamynda elektron resminama dolanyşygy milli Liderimiziň bu ulgamdaky öňde goýan wezipelerini çözmegi çaltlandyrmaga — bir bitewi ulgamynyň döredilmegi hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga, saglygy goraýyş işgärleriniň bilim we hünär derejesini, hünär endiklerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň lukmançylyk we öňüni alyş edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen maglumatlary toplamagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň ýokary netijeli, häzirki zaman we täze ulgamy döredildi.

Şeýle hem Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezinde Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň şahamçasy ýerleşdirildi. Onuň binýadynda professorlar we mugallymlar hassalar bilen maslahat beriş işlerini, konsiliumlary geçirerler hem-de ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlarlar, olaryň ygtyýarlyk derejesini artdyrarlar.

Döwlet Baştutanymyz geljekde daşary ýurtly ylmy we kliniki merkezleri bilen okuw maslahatlaryny, geňeşmeleri geçirmek, tejribe alyşmak üçin göni wideoaragatnaşygyň ulanylmagy barada aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Häzir döwrebap telekommunikasiýalar, bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek, möhüm taslamalary amala aşyrmak arkaly halkara teleköprüleri guramak, tejribelik okuwlaryny, işjeň ylmy gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň käbir bölümlerini gözden geçirenden soň, maslahatlar zalyna bardy. Bu ýere daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň hünärmenleri — lukmanlary, beýleki dabara gatnaşyjylar ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenmek bilen, türkmen kärdeşleriniň öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem lukmançylyk ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygyny dowam edýän nemes professorlaryna ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu günki dabara Germaniýanyň abraýly lukmanlary bilen bir hatarda, Ýewropanyň öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleriniň hem gatnaşýandygyny aýdyp, çykyş etmek üçin Germaniýanyň Federal ýanyk şikesleri birleşmesiniň wekili, doktor Sedrik Boşa söz berdi.

Myhman ýygnananlary saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy bilen gutlady hem-de türkmen kärdeşlerine uly üstünlikleri arzuw etdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurtda alnyp barylýan özgertmeler arkaly ak mermerli Aşgabadyň gözelligine, şeýle hem döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň ýokary tehnologik derejesine haýran galandygyny aýtdy. Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi şonuň mysaly bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, myhman Germaniýanyň ýanyk şikesler assosiasiýasyndan Halkara Ýanyk şikeslerini bejeriş merkezine kreatiw tehnologiýalaryny ulanýan sebitdäki iň gowy merkez hökmünde güwänamany hem-de degişli nyşany gowşurdy.

Merkez bu nyşana Ýewropa ölçeglerine kybap gelýän bejermegiň innowasion usullaryna ýöriteleşdirilen merkez hökmünde mynasyp boldy diýip, jenap Boş belledi hem-de ýanyk şikesleri babatda türkmen kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmegine umyt bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezine beren ýokary bahasy üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi hem-de Şweýsariýanyň Sýurihdäki federal tehnologiýa institutynyň uly mugallymy, doktor Atilla Dinçere söz berdi.

Ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy we giňden ulanylmagy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna has-da ilerlemäge hem-de hassalary bejermekde we dikeltmekde oňat netijäni gazanmaga mümkinçilik berýär diýip, jenap Dinçer şeýle edaranyň döredilmegi tutuş sebitde ilatyň saglygyny goramaga maýa goýulmagyny aňladýar diýip belledi.

Ol Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň gurluşygyna gatnaşanlary, şeýle hem türkmen hünärmenlerini ähli babatda öňdebaryjy ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň açylmagy bilen gutlady hem-de Şweýsariýanyň federal tehnologiýa institutynyň adyndan bu merkeziň ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar üçin mynasyp bolan güwänamasyny we degişli nyşany gowşurdy.

“Bu güwänama ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýaly enjamlary peýdalanmak bilen, türkmen halkyna aýratyn lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin Aşgabatdaky ýanyk şikeslerini bejeriş merkezine ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar üçin sylagyň gowşurylmagyna şaýatlyk edýär” diýlip, resminamada bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz abraýly sylaglar üçin minnetdarlyk bildirip, täze Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň adamlara dessin we ýokary hilli kömegi bermek bilen, iň gowy dünýä tejribesini özleşdirjekdigini we ulanjakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň ahyrynda Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň täze edarasyna dünýä derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen reanimobil ulagyny we beýleki awtoulaglary sowgat berdi.

Milli Liderimiz hoşlaşanda hemmeleri tehnologiýa üpjünçiligi boýunça öňdebaryjy merkeziň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de onuň işgärlerine uly üstünlikleri arzuw etdi.

Lukmançylyk işgärleri öz nobatynda, hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meselelerine yzygiderli berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz nobatdaky täze desga — Estetiki merkeze tarap ugrady. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzüminiň üstüni ýetiren hem-de binagärlik keşbiniň ajaýyplygy bilen tapawutlanýan täze desga Aşgabadyň dürli ugurly häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň iri toplumlarynyň kemala getirilen gündogar böleginde bina edildi.

Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly joşgun bilen garşylaýarlar.

Döredijilik toparlarynyň ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazly, tansly çykyşlary dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda, hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär hem-de binanyň içine girip, Estetiki merkez bilen tanyşmaga başlaýar.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi lukmançylygyň ýöriteleşdirilen ugurlarynyň hem ösdürilmegini göz öňünde tutýan milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze lukmançylyk edaranyň düzümi bilen içgin tanyşdy. Onuň işi adamyň saglygyny we gözelligini emele getirýän hyzmatlaryň ähli görnüşleri bilen birlikde, ilata ýokary hilli kosmetologiýa hem-de bejeriş-arassalaýyş kömegini bermäge gönükdirilendir. Şunda dürli hünär derejeli hünärmenleriň bilelikde işlemegi we ýakyndan özara gatnaşyk etmegi ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar.

Merkeziň dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täsin enjamlary bilen üpjün edilmegi häzirki zamanyň ýokary hünär derejesindäki kosmetologiýanyň ähli gerimini gurşap almaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa halkara ölçeglere kybap gelýän hem-de kliniki tassyklama we bütin dünýäde netijeliliginiň ykrar edilmegine eýe bolan degişli hyzmatlary ýerine ýetirmäge ýardam berýär.

Merkeziň bölümleriniň taslamalary düzülende, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, lukmançylygyň bu pudagynyň aýratynlyklary we has isleg bildirilýän ugurlary göz öňünde tutuldy hem-de dürli estetiki meseleleriň çözülmegine aýratynlykdaky çemeleşmeleriň ulanylmagyna üns berildi.

Toplumyň düzümine lukmançylyk we estetiki kosmetologiýa, bedeni kada getirmek, sagaldyş, podologiýa we ortoniksiýe bölümleri girýär. Şeýle hem bu ýerde wezipesi isleg bildirilýän kosmetiki hyzmatlaryň doly görnüşini hödürlemekden ybarat bolan gözellik bölümi hem-de hünärmenleri taýýarlaýan okuw-bilim merkezi hereket edýär.

Merkezde ugurdaş teleköprüleri we halkara maslahatlary geçirmäge mümkinçilik döredilen multimediýa okuw zaly, täze başarnyklary kemala getirmek hem-de iş alyp barýan ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin berk maglumat binýadyny döredýän hünär ugurly edebiýatlaryň örän köp sanlylary bolan kitaphana bardyr. Şeýle hem ýöriteleşdirilen dükan we dermanhana göz öňünde tutulypdyr. Oňaýly garbanyşhana bolsa bu ýere gelýänler üçin goşmaça amatlylygy üpjün eder.

Şeýlelikde, Estetiki merkezde ylmyň, sungatyň hem-de amaly ussatlygyň nusgasy bolup durýan häzirki zaman kosmetologiýasynyň ähli ugurlary jemlenendir. Bu ýerde sertifikasiýalaşdyrmagyň dünýä ölçeglerine kybap gelýän öňdebaryjy ykjam we sanly görnüşde deriniň ýagdaýyny anyklaýjy, lazer, ýagtylyk, radioýygylykly, ultrasesli hem-de beýleki estetiki we bejeriş çözgütleriň giň gerimi göz öňünde tutulypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkezi gözden geçirip, estetiki kosmetologiýa bölümine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy hünärmen lukman mähirli garşylady, ol bu bölümiň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy hem-de işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Milli Liderimiz daşary ýurtly myhmanlaryň biri — nemes lukmançylygynyň wekili bilen söhbetdeşliginde bu ýerde oturdylan enjamlaryň aýratynlygy bilen gyzyklandy. Myhman bina etmek üçin ajaýyp ýer saýlanyp alnan Estetiki merkeze tüýs ýürekden guwanýandygyny aýdyp, desganyň iň häzirki zaman derejesinde enjamlaşdyrylandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda täze lukmançylyk desgalary iň döwrebap enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Olaryň guruljak ýeri saýlanyp alnanda, ekologiýa ýagdaýlary hökman göz öňünde tutulýar.

Merkeziň işlerine ýüzüňe we endamyňa ideg etmek boýunça dürli häzirki zaman hem-de nusgawy maksatnamalar, adam bedeniniň gözelligini we ýaşlygyny saklamaga gönükdirilen amallaryň hem-de enjamly tehnologiýalaryň giň görnüşleri girýär.

Bu ýerde oturdylan, Germaniýanyň brendi bolan IONTO-COMED enjamy çekip ýazma ýagdaýlaryny, ýara yzlaryny, pigment tegmillerini, düwürtikleri we sellýuliti bejermek, plastiki operasiýalardan soň dikeldiş döwrüni azaltmak bilen birlikde, kosmetologiki meseleleriň uly toplumyny çözmäge hem-de beýlekilere mümkinçilik berýär.

Ol ultrasesli piling we deri owkalama (dermomassaž), lifting, ýaşartmaklyk, deriniň regenerasiýasy ýaly amallary hem-de beýlekileri geçirmäge kömek edýär. Hünärmenleriň ygtyýarynda IONTO-AQUASONIC, IONTO SONO EFFECT, IONTO-MESO SONO, IONTO-SONO INTENSE, IONTO LIFT RF enjamlary hem-de myşsa, nerw we dem alyş ulgamlarynyň çuňňur rahatlanmagyny üpjün edýän, yrgyldy-ses arkaly täsir edýän IONTO-SPA Sensity tapgyryndaky kuşetkalar bar.

ULTHERA® SYSTEM (MERZ AESTHETICS, ABŞ) enjamynda operasiýasyz lifting 75-100 göterim netijeliligi kliniki taýdan subut edilen ýaşartmagyň öňdebaryjy we täsin tehnologiýasy bolup durýar. Bu amalyň bir gezek geçirilýändigi bellärliklidir. Onuň täsiri çalt belli bolýar. 2-3 aýyň dowamynda netijesi ösýär hem-de bir ýarym, iki käwagtlar bolsa ýüz tutýan adamyň aýratynlyklaryna baglylykda, bäş ýyla çenli saklanýar. Bu amal ýaş taýdan özgerişmeleri düzetmek üçin peýdalanylýar.

Deriniň galtaşyksyz gaz-suwuklykly işlenilmegi üçin Ysraýyl Döwletiniň JETPEEL™ abzalynyň kömegi bilen amallaryň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr. Netijede, çişiň, limfostazyň, ganöýmäniň, gan aýlanyşynyň dürli görnüşli bozulmalarynyň garşysyna göreşmekde ýokary netijelilik gazanylýar.

ELLMAN PELLEVE™ ulgamy ýaşartmagyň özboluşly radiotolkunly tehnologiýasydyr. Ol operasiýasyz blefaroplastika, derini dartmak we GlideSafe™ hem-de PelleFirm™ uçluklyklarynyň kömegi bilen sellýuliti bejermek üçin ulanylýar.

Şeýlelikde, estetiki kosmetologiýa bölüminde geçirilýän hemme amallar täsin, isleg bildirilýän bolup durýar hem-de meseleleriň uly toplumyny çözmäge, bedeniň ýaşarmagyna we sagdynlaşmagyna ýardam berýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bedeni kada getirmek bölümine bardy. Bu ýerde hünärmenler milli Liderimizi toplumlaýyn we şonuň bilen birlikde, iýmitlenmek hem-de endokrin derejesini nazara alyp, agramy peseltmek boýunça maksatnamanyň saýlanylmagyny goşmak bilen, ýüz tutan her bir müşderä özbaşdak çemeleşmäge gönükdirilen bu bölümiň enjamlaşdyrylyşy we iş aýratynlygy bilen tanyşdyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz bölümi gözden geçirmeginiň barşynda daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda nemes lukmanlary bilen söhbetdeşligini dowam etdi. Olar bu ýerde oturdylan enjamlaryň diňe bir täsinligini däl, eýsem şolaryň sowatly, ylmy taýdan esaslandyrylan derejede saýlanylandygyny nygtadylar.

Myhmanlaryň biriniň aýdyşy ýaly, ol türkmen kärdeşleriniň ygtyýarynda bolan şunuň ýaly ajaýyp enjamlarda höwes bilen işlärdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli hem-de özara peýdaly tejribe alyşmak üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny belledi.

Milli Liderimiz bölümiň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy bilen giňişleýin gyzyklanyp, bu enjamyň niýetlenilen ugruna hem-de ony ulanmagyň artykmaçlyklaryna aýratyn üns berdi.

Germaniýanyň SecaGmbH kompaniýasynyň SECA 515 mBCA + 525 mBCA hünär ugurly lukmançylyk terezileri degişli seljermeleri geçirmäge hem-de amallaryň aýratyn maksatnamasyny düzmäge niýetlenendir.

Enjam agramyň ýitirilmegine çalt we ýönekeý baha bermek işlerini, suwuň paýlanyşynyň gözegçiligini, myşsa, ýag we öýjük massalaryna, adamyň gury agramyna seljerme geçirýär. Alnan maglumatlaryň kömegi bilen semremegiň, bedeniň suwunyň çekilmeginiň dürli görnüşlerini hem-de agramynyň ýetmezligini anyklamak, energiýa çalşygyna hem-de metaboliki işjeňlige baha bermek mümkin.

Bedeniň agramynyň görkezijisini hasaplap çykaryp bilýän hem-de teleskopiki boý ölçeýjisi bolan SECA759 sütünli elektron terezileri köpugurlydyr we gündelik peýdalanmak üçin ajaýypdyr.

Ýüzüň, bedeniň we beden gurluşynyň suduryny kada getirmek, derini toplumlaýyn ýaşartmak hem-de gipergidrozy bejermek üçin ACCENT PRIME ulgamy göz öňünde tutulandyr, ol Alma Lasers kompaniýasynyň işläp taýýarlan enjamydyr. Bu ultrasesi özünde jemleýän enjamyň täze görnüşidir. Dürli görnüşli geýdirilýän bölekler hem-de gurnamagyň mümkinçilikleri dürli görnüşli deriler we meseleler üçin aýratyn çözgütleri hödürleýär.

Enjam ýüz tutýan adamyň ýaşyna ýa-da derisiniň görnüşine garamazdan, bedeniň ähli böleginde işleýär. Şeýlelikde, Alma Laser-iň ACCENT PRIME enjamy ajaýyp beden gurluşyny döretmek üçin operasiýa geçirilýän stoly, türgenleşik zalyny we halk serişdeleriniň dürli görnüşlerini çalşan amaldyr.

Z-LIPO CRYOLIPOLYSIS (Germaniýa — ABŞ) enjamy beden sudurynyň gözelligini kada getirmek üçin niýetlenip, ýag gatlagynyň emele gelen ýerlerine gözegçilik edip, maksadalaýyk täsir etmäge mümkinçilik berýär. Kriolipoliz ýag gatlagyny ýukaltmak we beden sudurynyň gözelligini kada getirmek maksady bilen, deri astyndaky ýag öýjüklerine sowuk arkaly täsir etmegiň häzirki zaman usulydyr. Ol liposkasiýanyň hirurgik bolmadyk çalşyrgyjydyr hem-de bu ugurda howpsuz usullaryň biri hökmünde ykrar edilendir.

Bölümiň işgärleriniň ygtyýarynda radial tolkun ugurly bejeriş amallaryny geçirmek üçin Z-WAVE ZIMMER AESTHETICS diýen iň täze enjam hem bar. Täsir etmegiň täsin usuly sellýuliti hirurgiki däl bejerişde hem-de rimfodrenaž amallaryny alyp barmakda Z-WAVE enjamyny netijeli gural hökmünde görkezýär.

Ýokarda agzalan meseleleri çözmek üçin Fransiýanyň Alliance LPG diýen täze görnüşli enjamy hem göz öňünde tutulandyr. LPG-owkalamasy deriniň aşagyndaky ýag öýjüklerine gowuzyň hem-de owkalaýjy tigirçekleriň bilelikde ulanylýan görnüşidir. Bu toplum isleýän netijäňe görä, täsir etmegiň has oňaýly ölçeglerini we ýygylygyny saýlamaga mümkinçilik berýär. LPG-owkalamasy derini ýaşardýan amallarda peýdalanylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu merkez bilen tanyşlygyny dowam edip, podologiýa we ortoniksiýa bölümine bardy hem-de onuň enjamlaşdyrylyşy we iş ugurlary bilen gyzyklandy.

Ýurdumyzda ilkinji gezek şeýle düzüm döredilip, onuň wezipesi şikesli, endokrin, hirurgiýa, damar, dermatologiýa, ortopedik bozulmalar we beýleki ýagdaýlar ýa-da ugurdaş keseller sebäpli ýüze çykýan stop hem-de dyrnak plastinkalarynyň dürli keselleriniň öňüni almakdan, olary ýüze çykarmakdan we bejermekden ybaratdyr. Hödürlenilýän hyzmatlaryň hatarynda dyrnaklara lukmançylyk taýdan enjamlaýyn timar bermek işleri bar. Onuň esasy artykmaçlyklaryna örän az şikesligiň täsiriniň howpsuzlygy hem-de infisirlemegiň mümkin bolmazlygy degişlidir.

Merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bu ýerde oturdylan iň döwrebap enjamlara, onuň ýygnalan düzüm bölümlerine hem-de giň gerimli ulanylyşyna haýran galýandygyny aýtdylar.

Bölüm HELLMUT RUCK GmbH nemes kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen enjamy bilen üpjün edildi. PODOLOG® STELLA 3 podologik kürsi lukman hem-de ýüz tutýan adam üçin howpsuzlygyň ýokary ölçegleri boýunça işlenilip taýýarlanyldy.Dyrnaklara timar bermegiň PODOLOG® CLASSIC M diýen toplumy örän oýlanyşykly gurluşa eýe bolup, işi dogry guramaga ýardam berýär.

PODOLOG NOVA 3 enjamy dyrnaga timar bermek amallaryny geçirmäge niýetlenip, degişli gurallardan düzülendir hem-de BIA halkara ölçeglere kybap gelýän Podolog diýen ýörite biologik süzgüç bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa geçirilýän amaly has netijeli, howpsuz we oňaýly edýär. Enjam hatda iň ýokary kuwwatlylygynda hem adamyň adaty gürleýşinden-de pes sesde işleýär.

SÜDA nemes kompaniýasynyň PODO AIR SPEED stansiýasy podologiýa ulgamynda ýokary tehnologik dereje bolup, gysylan howa bilen bejermegiň tehnologiýasynda täze mümkinçilikleri açýar.

POLYTECH PODO PURE+ sorup çykarýan ulgam işleýän ýeriňde howada döreýän ýaramaz tozany çykarmak we aýyrmak üçin ýörite işlenilip taýýarlanyldy. Sorup çykaryjy ykjam enjamy islendik ýagdaýa getirip gurnamak mümkin, bu bolsa has oňaýly netijäni gazanmaga kömek edýär.

ABŞ-nyň ZIMMER enPuls 2.0 diýen radial tolkunly urma bejerişiň ykjam ulgamy ökjäni — plantar fassiiti bejermäge hem-de, umuman, daýanç-hereket ulgamynyň kesellerini bejermek we dikeltmek üçin niýetlenendir. Ol şeýle hem sport bilen meşgullanmalardan soň, döwük-ýenjikde, ýylylyk bilen bejermekde, osteopatiýada we beýleki dikeldiş işlerinde üstünlikli ulanylýar. Bu enjamyň ulanylmagy agyrynyň çalt aýrylyp, uzak wagt täsir etmäge, myşsa toplumynyň kadalaşdyrylmagyna, hereketiň artmagyna, öýjük membranasynyň syzdyryjylygynyň üýtgemegine ýardam berýär.

СrуоРrо (CortexTechnology, Daniýa) kriodistruktorlary podologiýada suwuk azodyň kömegi bilen kriohirurgiýa amallaryny geçirmäge niýetlenendir. Onihomikozyň we ösen dyrnagyň lazer bejergisini geçirmek üçin MIDON (Alma Lasers, Ysraýyl) ulgamy göz öňünde tutulandyr.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman lukmançylygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada daşary ýurtly hünärmenler bilen söhbetdeşligini dowam edip, häzirki wagtda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we bu möhüm ulgamda tejribe alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilen lukmançylyk diplomatiýasynyň aýratyn wajyp ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyna, adamlaryň saglygyny goramaga degişli meseleleri çözmekde netijeli çäreleri işläp taýýarlamak, howply keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek babatda tejribe alyşmak maksady bilen, lukmanlaryň ýakyndan ylmy-amaly gatnaşyk etmekleriniň ähmiýetine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bütin adamzat üçin çynlakaý synaga öwrülen koronawirus pandemiýasy baradaky meseläni gozgap, Türkmenistanyň öz çäklerine СOVID-19-yň aralaşmagyny öňünden duýdurmak boýunça toplumlaýyn çäreleri ilkinjileriň biri bolup görüp başlandygyny belledi.

Biziň ýurdumyz öňde duran ählumumy wehimlere utgaşykly, özara ylalaşykly jogaplary taýýarlamakda halkara tagallalary jemlemäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Häzir köp hünärmenler howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň usullarynyň biriniň diňe bir howa-damja ýoly arkaly däl-de, eýsem howa-tozan ýoly arkaly hem bolup durýandygy barada bir pikirdedirler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Muny türkmen alymlarynyň, lukmanlarynyň, ekologlarynyň we beýleki ylmy pudaklaryň wekilleriniň barlaglary hem tassyklaýar. Netijede, möhüm ekologiýa wezipelerini çözmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şolaryň hatarynda, gürrüňsiz suratda Araly halas etmek meselesi bar. Bu babatda hem Türkmenistan işjeň we başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesini eýeleýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk kosmetologiýa bölümine baryp gördi. Bu ýerde hünärmen milli Liderimizi bölümiň işi bilen tanyşdyrdy. Bölümiň işi dürli dermatokosmetologiýa kesellerini anyklamaga, deriniň we nemli bardanyň bitewüligi bozulyp biljek amallary we işleri geçirmäge esaslanandyr.

Bu usullara dürli infeksion usulyýetler, lazer we dürli çylşyrymly enjamlaýyn tehnologiýalaryň ulanylmagy, kiçi inwaziw hirurgiýa hem-de ençeme beýlekiler degişlidir. Amallaryň birnäçesi dikeldiş döwrüniň az wagtyny talap edýär ýa-da munuň asla bolmazlygyny şertlendirýär, bu bolsa durmuş taýdan işjeň raýatlar üçin örän oňaýlydyr.

Bölümiň enjamlaşdyrylyşy we ýüz tutan adamlara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleri döwlet Baştutanymyzyň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni çekdi. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden hünär ugurly enjamlaryň ýerli tebigy-howa şertleriniň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, saýlanylyp alnandygy bellärliklidir.

Lukmançylyk kosmetologiýa bölüminiň we umuman, Estetiki merkeziň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, hakykatdan-da, täsir galdyrýar. Dürli deri kesellerini ýüze çykarmak we olaryň barlagyny geçirmek üçin HEINE Optotechnik nemes kompaniýasynyň DELTA® 20T diýen köpugurly ykjam galtaşykly dermatoskop göz öňünde tutuldy.

Deriniň, dyrnaklaryň we saçyň saglygyna gözegçilik etmegiň intellektual tehnologiýasy üçin FotoFinder Systems GmbH kompaniýasynyň dermatoskopiýa sanly lukmançylyk ulgamy niýetlenendir. Ol alamatlaryň ýüze çykýan döwrüne çenli tapgyrlarda 99 göterime çenli takyklyk bilen, deriniň ýagdaýyny anyklamaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem merkezde FotoFinder Trichovision® diýen enjamyň kömegi bilen saçyň ýagdaýlaryny anyklamagyň amallaryny geçirmek üçin täsin şertler bar. Bu häzirki zaman enjamy ýüze çykýan meseleleriň sebäbine anyk baha bermäge hem-de ondan soňky bejergi işleriniň üstünlikli bolmagyny üpjün etmäge kömek edýär.

Mundan başga-da, bölüm psoriazmy bolan adamlara gözegçilik etmek, deriniň onkologiýa kesellerini irki döwürde anyklamak, ýüzüňe, endamyňa hem-de damarlaryňa ideg etmek boýunça amallary awtomatlaşdyrylan ýagdaýda fotodokumentleşdirmek üçin ýöriteleşdirilen enjam bilen üpjün edilipdir.

GME nemes kompaniýasynyň görünýän gerimlerde goraýan tolkunlary döredýän ýokary derejeli innowaion MULTILITE ýagtylyk diodly yşyklandyryjysy deriniň ýaramaz böleklerini bejermäge niýetlenendir. Bu enjamda geçirilýän fotodinamiki taýdan bejeriş derä sowuklama garşy kuwwatly, immunomodulirleýji hem-de regenerirleýji täsir etmek bilen şertlenen ýokary kliniki netijeleri görkezdi.

Lazerli tehnologiýalary AlmaLasers ysraýyl kompaniýasy tarapyndan ornaşdyryldy. BURANE we Harmony XL PRO diýen ygtybarly hem-de köpugurly ulgamlar hünärmenlere goşmaça täsirleri bolmadyk, agyrsyzlandyrmagy we dikeldiş döwrüni talap etmeýän estetiki kemçilikleri düzetmek boýunça amallary derileriň ähli görnüşleri üçin netijeli hem-de howpsuz geçirmäge mümkinçilik berýär.

SOPRANO TITANIUM lazeri gurşap alýan dokumalara zyýan ýetirmezden, epilýasiýa usulynyň dünýädäki ýeke-täk usulydyr. Soprano Titanium diýen özboluşly 3D tehnologiýasy ýüzüň we endamyň derisini infragyzyl termoýaşartmak işini geçirmäge mümkinçilik berýär, täze kollageniň işlenip çykmagyny höweslendirýär.

Hünärmenleriň ygtyýarynda ARION, PICOCLEAR SINON II, Pixel CO2 diýen köpugurly lazerler, dünýä belli öndürijileriň beýleki hünär ugurly enjamlary we tehnologiýalary, şol sanda FemiLift, Cryo 6, LEGATO II, ELLMAN PELLEVE™, PLASMAGE, Golden Eye Touch 3,0 hem-de başgalar bar.

Şunuň bilen bir hatarda, ýüz tutýan adamlar üçin estetiki flebologiýa ulgamynda mikroskleroterapiýa we çreskožnyý lazer obliterasiýasynyň sazlaşdyrylmagy arkaly utgaşykly bejergi bilen birlikde hyzmatlary göz öňünde tutýar. Şu maksatlar üçin ykjam ultrasesli Siemens Acuson P500 ulgam, ABŞ-nyň Christie Medical Holdings Inc. kompaniýasynyň VeinViewer Flex köpugurly anyklaýyş ulgamy, IDAS we MYDON lazer ulgamlary niýetlenendir.

Sanjym kosmetologiýasy estetiki lukmançylygyň iň isleg bildirilýän hem-de işjeň ösýän ugurlarynyň biridir. Dürli sanjym usullary deriniň garramagy bilen özgermeginiň öňüni almak we düzetmek hem-de bejermek maksady bilen ulanylýar.

Şolaryň hatarynda mezoterapiýa, biorewitalizasiýa, bioarmirleme, sapak görnüşli lifting, plazmoterapiýa hem-de Regenera Activa diýen täsin ispan usulyýeti bar. Dürli usulyýetleriň utgaşdyrylmagy estetiki meseleleriň birnäçesini toplumlaýyn çözmäge, ýaşlygy gaýtaryp almaga, ynsan durmuşynyň saglygyny we hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Hususan-da, merkezde enjamlaýyn mezoterapiýa üçin Medical Innovation fransuz kompaniýasynyň Pistor 5 diýen innowasion mezoinžektorynyň ulanylmagy göz öňünde tutulypdyr. Plazmoterapiýany geçirmek üçin biotehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy bolan Artrex nemes kompaniýasynyň enjamy niýetlenendir.

Şeýle hem estetiki newrologiýanyň ösdürilmegi meýilleşdirilýär. Bir söz bilen aýdylanda, iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen, lukmançylyk kosmetologiýa bölüminde inwaziwligiň iň pes derejesine gönükdirilen merkeziň esasy maksatlary gazanylar hem-de wezipeleri ýerine ýetiriler. Bu usullar köp artykmaçlyklara eýedir.

Olar az agyrylydyr, uzak umumy narkozyň ulanylmagyny, hassahana bejergisiniň alynmagyny we köp wagtlyk dikeldiş döwrüni talap etmeýär, giň gerimli hirurgiýa amallary bilen deň derejeli netijeleri berýär, operasiýadan soň ýaralaryň peýda bolmagyny aradan aýyrýar.

Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, bu merkeziň düzümine gözellik we sagdynlaşdyrmak bölümi-de girýär. Şolaryň ilkinjisi hyzmatlaryň köp görnüşlerini, şol sanda ýüz tutýan her bir adama aýratyn çemeleşmeler arkaly dellekçilik hyzmatlaryny hödürleýär. Takara Belmont belli ýapon korporasiýasynyň enjamy bilen üpjün edilen gözellik bölüminiň giňişligi birnäçe zolaklara bölünendir.

Sagdynlaşdyryş bölümi relaksasiýa we ýaşaýyş işjeňligini ýokarlandyrmaga, özüňi örän oňat duýmagyňy goldamaga, bedeniňi has netijeli ýaşartmaga hem-de sagdynlaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatlaryň toplumyny hödürleýär.

Bu bölüm şu ulgamda dünýä bazarynyň öňdebaryjylary bolan meşhur nemes kompaniýalarynyň iň täze enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda barha meşhurlyga eýe bolýan çuňňur relaksasiýany üpjün edýän usul bolan floating üçin Spa-Bed Jouvence diýen gury flotasiýa ulgamy, bedeni gyzdyrmak üçin infragyzyl sauna otagy, CRIO ONE kriokamerasy hem-de beýlekiler bilen enjamlaşdyryldy.

Gözellik ulgamynda ygtyýarlylandyrylan hünärmenleri — kosmetologlary, dellekçileri, wizažistleri, manikýur we pedikýur ussatlaryny taýýarlamak maksady bilen, toplumyň düzüminde okuw-bilim merkezi döredildi. Bilim bermek nazaryýet okuwlaryny, okuw maslahatlary we şuňa meňzeş beýlekileri göz öňünde tutýar.

Alnan bilimleri berkitmek hem-de iş başarnyklary artdyrmak üçin iş orunlary toplumlaýyn guralan giň zal göz öňünde tutulypdyr. Okuw işleri döwrebap talaplara laýyklykda guralyp, binýatlyk taýýarlygy ele almagy, hünärmenleriň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny we gaýtadan synagdan geçmegini göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiz merkez bilen tanyşlygyny tamamlap, maslahatlar zalyna bardy. Bu ýerde estetiki lukmançylyk ulgamynda halkara derejeli hünärmenleriň gatnaşmagynda degişli güwänamalary hem-de sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu gün irden ýurdumyzyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň dabaraly açylandygyny belledi. Häzir bolsa dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kompaniýalarynyň döwrebap innowasion tehnologiýaly lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlary oturdylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Estetiki merkeziň açylyşyna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, täze merkeziň ençeme abraýly halkara sylaglara mynasyp bolandygyny, şolary gowşurmak üçin bu ýerde Ýewropanyň alym lukmanlarynyň hem-de abraýly uniwersitetleriniň wekilleriniň ýygnanandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýanyň estetiki lukmançylyk birleşiginiň ýolbaşçysy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Manfred Rýutslere söz berdi.

Myhman şu günki dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy hem-de ähli türkmenistanlylary estetiki lukmançylyk ýaly ýurdumyzda uly isleg bildirilýän ugry Türkmenistanda ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen täze täsin desganyň açylmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň täsir galdyryjy üstünlikleri gazanandygyny nygtap, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda myhman Estetiki merkeze güwänamany hem-de “Hil taýdan ýokary we aýratyn tapawutlanan” diýen sylagy gowşurdy.

Soňra Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lýusern uniwersitetiniň mugallymy jenap Bernd Reýnhold Rozine söz berildi.

Myhman döwlet Baştutanymyzy we türkmen halkyny Estetiki merkeziň ulanylmaga berilmegi bilen mähirli gutlap, iň döwrebap derejede enjamlaşdyrylyşy, ekologiýa taýdan arassalygy, şeýle hem binagärlik keşbiniň ajaýyplygy bilen tapawutlanýan ýöriteleşdirilen täze lukmançylyk edaralaryna guwanýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça milli Liderimiziň başyny başlan strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistan bu möhüm ulgamda ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Jenap Bernd Reýnhold Rozin dabaraly ýagdaýda Estetiki merkeze güwänamany hem-de “Taslamanyň gurluşynyň ajaýyplygy” diýen sylagy gowşurdy.

Soňra “EmSi” (“MS Aesthetics Clinics”) estetiki klinikalaryň baş direktory, doktor Tilman Staş çykyş etdi. Ol hem öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda lukmançylyk ulgamynyň we tejribesiniň ösüşinde Türkmenistanyň ajaýyp üstünliklerine şaýatlyk edýän şu günki wakalaryň ähmiýetini belledi.

Myhman milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn hyzmatlaryny nygtap, Estetiki merkeze güwänamany we “Innowasion taýdan tapawutlanan estetiki merkez” diýen sylagy gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly hünärmenlere ýüzlenip, olaryň mazmunly çykyşlary hem-de ýurdumyz barada aýdan hoşniýetli sözleri, şeýle hem hormatly sylaglary gowşurandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aşgabadyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşen Estetiki merkeziň Awstriýanyň plastiki, estetiki we dikeldiş hirurgiýasy jemgyýetiniň, Lýusern uniwersitetiniň hem-de “EmSi” estetiki klinikalarynyň sylaglaryna mynasyp bolmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň halkara derejede gazananlarynyň ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Ilata ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir we bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak boýunça işler mundan beýläk-de dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de daşary ýurtly myhmanlara we dabara gatnaşýanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dabara tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binadan çykanda, Estetiki merkeze ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp ýurdumyzyň lukmanlaryna jogapkärli hem asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

***

Şeýle hem şu gün Aşgabadyň günorta böleginde üsti ýapyk, köp gatly awtoduralganyň açylyş dabarasy boldy. Ol paýtagtymyzda täze açylan Estetiki merkeziň ýanynda ýerleşýär.

240 awtoulag goýmaga niýetlenen täze awtoduralga halkara ölçeglere hem-de aýratynlygy we enjamlaşdyrylyşy bilen häzirki zamanyň talaplaryna kybap gelýär. Bu ýerde awtoýuwalga hem-de ulaglaryň ýaglaryny çalyşmak bilen birlikde, sürüjilere amatlylyk üçin ähli şertler döredildi.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzda, umuman, ýurdumyz boýunça şunuň ýaly desgalaryň sanynyň artýandygy, diýmek, ulag goýulýan ýerleriň sanynyň köpelýändigi bellärliklidir. Amatlyklardan başga-da, döwrebap awtoduralgalar bezelişiniň we taslamasynyň oýlanyşykly düzülişi bilen şäheriň özboluşly bezeginiň täze ugry hökmünde daşky gurşawa sazlaşykly utgaşýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi