Täze belentliklere tarap

Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen içerki we daşarky syýasatlary netijesinde, ýurdumyz dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy we özüniň abraýly ornuny eýeledi.

Gahryman Arkadagymyzyň ykdysady ösüşleri gazanmakda sanly tehnologiýalara aýratyn üns bermegi çalt depginler bilen ösýän dünýä swilazasiýasy bilen aýakdaş gitmekde uly orun eýeleýär. Sanly ykdysadyýete geçmek, hojalygy alyp barmagyň adaty görnüşleriniň we usullarynyň özgermegine ýardam edýär.

Sanly ykdysadyýete geçmegiň esasy ugurlary “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” özüniň giňden beýanyny tapýar. Halkara tejribesinden belli bolşy ýaly sanly ykdysadyýete geçilmegi düýpli ykdysady ösüşi gazanmaga, ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzüminiň köpugurlylygyny emele getirmäge, öňdebaryjy häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek bilen, elýeterli ýokary hilli önümleri  öndürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, netijede ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýeti emele getirmekde ileri tutulýan esasy ugurlar:

  • sanly ykdysadyýete geçmekligiň hukuk binýadyny döretmek bilen, hereket edýän kanunçylyk namalary kämilleşdirmek;
  • maglumat – aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek;
  • kiber howpsuzlygy üpjün etmek;
  • ykdysadyýetiň hakyky bölegini, şol sanda ilkinji nobatda durmuş ulgamyny sanlylaşdyrmak;
  • karz edaralaryny sanly ulgama geçirmek;
  • sanly bank önümlerini ornaşdyrmak ýaly ugurlardan ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyz ýokary ykdysady ösüşi gazanmakda ýurdumyzyň
 pul-karz syýasatyna aýratyn orny berip, karz edaralaryny sanly ulgama geçirmek ugrunda uly tagallalary edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň bank ulgamy täze bir tapgyra gadam basdy. Karz edaralarynyň öz müşderilerine täze innowasion tehnologiýalaryna esaslanýan dürli görnüşli bank kartlary arkaly uzak aralykdan internetiň ýa-da “mobil-bank” hyzmatynyň üsti bilen birnäçe bank hyzmatlaryny hödürlemegi ýa-da bank kartlaryndan galtaşyksyz tölegleri amala aşyrmak mümkinçiliginiň döredilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Munuň özi dolanşyga goşmaça nagt pul serişdelerini goýbermegi aradan aýryp, milli manadymyzyň hümmetiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Mundan başga-da “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, öz müşderilerine amatly, ygtybarly we ýokary goraglylygy üpjün edilen uzak aralykdan menzilara nagt däl hasaplaşyklary geçirmek hyzmatyny hödürledi. Şeýle hem häzirki wagtda QR code (dessin tassyklanylýan kody) skanirlemek arkaly tölegleri geçirmek ulgamyny ýola goýmak boýunça netijeli işler alynyp barylýar. QR code (dessin tassyklanylýan kody) skanirlemek arkaly tölegleri amala aşyrmagy ýola goýmak, raýatlarymyz üçin has-da amatly şertleri döredip, satyjylar bilen alyjylaryň arasynda nagt däl hasaplaryklary ygtybarly we çalt amala aşyrmaga, töleg terminallarynda ýüze çykyp biljek tehniki näsazlyklary we bank kartlaryny ýanyňda götermek zerurlygyny aradan aýyrmaga ýardam edýär. Ol ulanylyşynyň ýönekeýligi bilen tapawutlanar. Häzirki wagtda QR code skanirlemek arkaly hasaplaşyklar dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda giňden peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasaty berk binýatly ykdysadyýetimiziň özenidir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde, ony täze belent sepgitlere ýetirmekde, halkymyzy durmuş eşretleriniň hözürini görüp ýaşatmakda gije-gündiz taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işlerini rowaç almagyny arzuw edýäris!

Batyr Rejepow,

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň baş derňewçisi