Bank ulgamy kämillik ýolunda.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”, şeýle hem  ýurdumyzyň bank ulgamyndaky mümkinçilikler sanly özgertmeleriň giň möçberde amala aşyrylmagyna itergi berdi. Ýurdumyzda pul serişdeleriniň dolanyşygyny düzgünleşdirmek hem-de kämilleşdirmek karz edaralarynyň işiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan bank maýasyny artdyrmak, giňeltmek, kiçi we orta telekeçiligi karzlaşdyrmak boýunça birnäçe toplumlaýyn işler geçirilýär. Bank ulgamy maliýe bazarynda araçy wezipesini ýerine ýetirmek bilen bank serişdeleriniň we hyzmatlarynyň pugta berjaý edilişini üpjün edýär. Bank ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hem ykdysadyýetde pul serişdeleriniň üpjün edilişiniň düzümini kämilleşdirmek we nagt pullaryň paýyny azaltmak bolup durýar.

         Nagt däl hasaplaşyklar kagyz pullary çykarmak, saklamak, daşamak, nagt pullar bilen hasaplaşylanda geçirilmeli bolýan köp möçberdäki puly gaýtadan sanamak üçin goşmaça harajatlar görnüşindäki dolanyşyk çykdajylarynyň azalmagyna, özünde töleg dolanyşygyny has gowy düzgünleşdirmäge, ahyrky netijede bolsa dolanyşyk serişdeleriniň dolanyşygyny we tölegleriň  amala aşyrylyşyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.

         Bank amallaryny awtomatlaşdyrmagyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi bilen ösen ýurtlarda maglumatlaryň kagyz göterijilerini ulanmazdan, karz we töleg  amallary hem-de elektron tölegleri geçirmek arkaly bank hasaplaryna gözegçilik etmek üçin peýdalanylýan elektron tölegler ulgamy ulanylyp başlandy. Olar pul dolanyşygynyň çaltlanmagyna, müşderilere hödürlenýän bank hyzmatlarynyň işjeňleşmegine ýardam edýär hem-de töleg amallarynyň ýerine ýetirilmegi bilen bagly çykdajylary azaldýar.

Ýurdumyzyň karz edaralarynda häzirki zaman bank tehnologiýalarynyň işjeň peýdalanylmagy netijesinde müşderilere bank hyzmatlarynyň, nagt däl hasaplaşyklarynyň döwrebap görnüşleri hödürlenilýär. Bu bolsa bank önümleriniň özüne çekijiligini artdyrmaga ýardam berýär.   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň karz edalarynda hem “Internet-bank” hyzmaty işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda bu hyzmatyň peýdalanylmagy birnäçe artykmaçlyklary berýär. Birinjiden, banka barmak zerurlygynyň aradan aýrylýandygynyň hasabyna köp möçberde wagt tygşytlanýar. Ikinjiden, müşderiniň gije-gündiziň dowamynda öz hasaplaryna gözegçilik etmegine mümkinçilik döredýär. Mundan başga-da internet ulgamynda bank kartlarynyň üsti bilen geçirilýän amallara gözegçilik etmek üçin hem amatlydyr.

Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri bolan Ýaponiýada ýurduň ilatynyň 96 göteriminden gowragynyň bank hasabynyň bardygy we goýum hyzmatlaryndan işjeň peýdalanýandygy anyklandy. Goýumlaryň möhletli görnüşinden giňden peýdalanýan ýaponlaryň 70 göterimden gowragy pensiýa ýaşyna ýetende ulanmak maksady bilen banklarda pul serişdelerini saklaýarlar.

Ýurdumyzyň ähli karz edaralarynda ýyllyk 5-7 göterime çenli girdejisi bolan “Goýum bank karty” atly goýum hyzmaty girizildi. Raýatlara bu hyzmaty ýurduň islendik bankynda açmak, “Goýum bank kartyna” islendik  möçberde nagt puly goýmak, töleg amala aşyrmak, kartdan nagt puly almak, bankomatlardan we internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň möçberini bilmek mümkinçiligi döredildi. Hasaplaşyk-töleg ulgamynda döwrebap tehnologiýalary müşderilere hödürlemek maksady bilen, Türkmenistanyň  Daşary ykdysady iş banky , “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan bölek satuw we hyzmatlar üçin “QR-kod” hem-de “Galtaşyksyz töleg” ulgamlary arkaly tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik döredildi. Ýakyn geljekde ýurdumyzyň beýleki karz edaralary tarapyndan hem şeýle görnüşli hyzmatlar hödürlener. Mundan başga-da ýurdumyzyň banklarynda şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap, “Cash back” pul sylagy görnüşindäki höweslendirme ýola goýuldy. Has anyk aýdylanda “Cash back” – bank kartlary arkaly tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylanda kartyň eýesine eden her bir söwdasynda harçlanan puluň möçberine baglylykda bellenen göterimde puly yzyna gaýtaryp bermeklikdir.  

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady derejesini dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmäge gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň

Iş dolandyryş bölüminiň hünärmeni                                                                                   Amangül Mätniýazowa