Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen giň möçberli işler, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde ýerine ýetirilýän işler, şäheri abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini üpjün etmek, gök zolaklara degişli derejede ideg etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginleri we medeni-dynç alyş merkezlerinde meýilleşdirilen çäreler barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan döredijilik duşuşyklary, olaryň guramaçylyk derejesi hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli ýaýbaňlandyrylan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna gabatlap ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtyň özünde gurulýan desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmeginiň we gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şunda, ýurdumyzyň baş şäheriniň bagy-bossanlyga bürenmegine, gök zolaklaryň abadançylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Hormatly Prezidentimiz munuň şäherde ýakymly howa gurşawynyň we ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmeginde möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir desgalaryň gurluşygynyň depgininiň pesdigini aýdyp, häkimiň alyp barýan işleriniň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi hem-de işleri talabalaýyk guramagy talap etdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly we gysga möhletde geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler, şol bir wagtyň özünde gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim döwlet Baştutanymyzyň welaýatda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde beren tabşyryklaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda işlenip taýýarlanan maksatnama hakynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, galla oragynda möwsüme degişli ähli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde orakdan boşan meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg etmek, hatarara bejergi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli çäreler barada giňişleýin maglumatlary aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda şu ýylyň galla oragyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Galla oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegi, galla kabul ediş bölümleriniň bökdençsiz işiniň ýola goýulmagy, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň günübirin geçirilmegi ugrunda ähli zerur çäreler görülmelidir.

Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri, ýerleri täze ekiş möwsümine taýýarlamak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmelidir. Şunlukda, oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallarynyň öndürijilikli işledilmegine yzygiderli gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz welaýatda ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja önümleriniň wagtynda ýygnalyp alynmagy hem-de sowadyjylarda talabalaýyk saklanmagy bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, ýeralmanyň, soganyň we beýleki ekinleriň güýzki görnüşleriniň öz wagtynda ekilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, gurluşykda ýokary hil derejesini üpjün etmek we olary öz wagtynda ulanmaga bermek meseleleriniň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde şanly seneleri guramaçylykly dabaralandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol welaýatyň ähli etraplarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynda işledilýän ähli tehnikalaryň bökdençsiz we ýokary öndürijilikli işlemegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda galla oragynyň we beýleki oba hojalyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Şunlukda, galla kabul ediş bölümlerinde hasylyň bökdençsiz kabul edilmegi, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanýar.

Günbatar sebitiň ýolbaşçysy gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler, gant şugundyrynyň ekişini bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada aýdyp, şol bir wagtyň özünde ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja önümlerini ýygnap almak işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Hasabatyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, öňde boljak şanly seneler mynasybetli guraljak dabaralar we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly we gysga möhletde, ýokary hilli geçirmek ugrunda ähli zerur işleriň geçirilmelidigini belledi. Şunuň bilen birlikde, gowaça ideg işleri ýokary derejede alnyp barylmalydyr, ideg işlerinde ulanylýan tehnikalaryň we oba hojalyk gurallarynyň doly güýjünde işledilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Orakdan boşan meýdanlarda zerur bolan ähli işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk tehnikalarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegine berk gözegçilik edilmelidir. Şol bir wagtyň özünde ýetişdirilen gök önümleriň wagtynda ýygnalyp alynmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň depgininiň güýçlendirilmegi we şolarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ähli ugurlarda, şol sanda welaýatyň etraplarynda daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyna gönükdirilen işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Bu işde ýokary öndürijilikli tehnikalar netijeli ulanylmalydyr.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Esenguly etrabynyň häkimi A.Esenowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly welaýatyň häkimine iberdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we welaýatyň etraplarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow öz gezeginde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny gysga möhletlerde guramaçylykly geçirmek, gowaça edilýän ideg işleriniň depginlerini güýçlendirmek we hilini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde ýeralmadan, gök we bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň welaýata bolan iş saparynyň dowamynda bugdaý tabşyrmagyň meýilnamasyny berjaý etmek barada beren tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda edilýän tagallalar barada habar berildi. Şeýle hem orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Bu işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede alnyp barylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Gowaça ideg etmek işleri bilen bir hatarda welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem ýeralmany, sogany we gök-bakja önümlerini ýygnap almak işleri guramaçylykly ýerine ýetirilýär. Häkim welaýatda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan köpçülikleýin çäreleriň guramaçylykly geçirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, aýratyn-da, galla oragynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň we olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, ähli däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegi zerurdyr. Galla kabul ediş bölümlerinde hasylyň bökdençsiz kabul edilmegi, kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň günübirin geçirilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen birlikde, orakdan boşan meýdanlarda gysga wagtda sürüm işleri geçirilmelidir. Onda oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallaryň netijeli işledilmegi zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg etmek, hatarara bejergi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýola goýulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň bellenilen möhletde we talabalaýyk geçirilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli welaýatda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň gyzykly, şowhunly hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň, onuň ýatda galyjy wakalara beslenmeginiň zerurdygyny belläp, şunuň bilen birlikde, bellenilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şol bir wagtyň özünde welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, gurluşyk işleriniň hil derejesine we bellenen möhletlerde tamamlanmagyna möhüm ähmiýet bermegi häkimden berk talap etdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň ak ekin meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan orak möwsüminiň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmegi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýata bolan iş saparynyň dowamynda beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, galla oragy bilen bir hatarda orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Ýerleri täze ekiş möwsümine taýýarlamak işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulýar. Şeýle hem şaly ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Gowaça ideg etmek ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Welaýatda ýeralmany, gök we bakja önümlerini ýygnamak işleri batly depginlerde dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy. Şeýle hem welaýatda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly çäreler guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşine degişli meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz galla oragyna degişli ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini, orakdan boşan meýdanlarda ýerine ýetirilýän çäreleriň agrotehnikanyň kadalaryna doly gabat gelmelidigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz galla tabşyran kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, bu işler bilen bir hatarda welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg etmek, hatarara bejergi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek wezipeleriniň degişli derejede berjaý edilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde şaly ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlanmagy zerurdyr.

Milli Liderimiz ösdürilip ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja önümleriniň öz wagtynda ýygnalyp alynmagy, olaryň ýerlenmegi we sowadyjylarda talabalaýyk saklanmagy babatda aýdyp, şol bir wagtyň özünde güýzde ekiljek ýeralma, sogan we beýleki ekinleriň ekişini öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.

Gündogar sebitiň häkimine welaýatda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ak ekin meýdanlarynda bol hasylyň ösdürilip ýetişdirilendigine garamazdan, Farap, Çärjew, Döwletli etraplarynda guramaçylyk işleriniň pesdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Çärjew etrabynyň häkimi J.Maşaripowa, Döwletli etrabynyň häkimi B.Gylyjowa we Farap etrabynyň häkimi H.Metkulyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi olara soňky gezek duýdurdy.

Milli Liderimiz degişli resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly welaýatyň häkimine iberdi we öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek boýunça edilýän tagallalar, şeýle hem gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýata bolan iş saparynyň dowamynda ähli oba hojalyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek hem-de bugdaý tabşyrmagyň meýilnamasyny berjaý etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berildi.

Häkim orakdan boşan meýdanlarda alnyp barylýan işler, şol bir wagtyň özünde gowaçalara ideg etmek, hatarara bejergi işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Şu günler welaýatyň etraplarynda öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede garşylamak, meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. Şol bir wagtyň özünde Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda galla oragyny gysga möhletlerde geçirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekip, galla kombaýnlarynyň we beýleki tehnikalaryň doly güýjünde işledilmelidigini, gallaçy kärendeçileriň hasaplaşyklarynyň öz wagtynda geçirilmelidigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýerleri täze ekiş möwsümine taýýarlamak, sürüm we tekizleýiş işlerini degişli kadalara laýyklykda geçirmek meselelerine ünsi çekip, bellenen işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallaryň netijeli işledilmeginiň zerurdygyny belledi we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegi, güýzki ekişiň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça zerur tagallalary görmegi häkimden berk talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe taýýarlyk işleriniň guramaçylykly alnyp barylmalydygyny belläp, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmelidigine ünsi çekdi. Şonuň bilen birlikde, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi