Bank ulgamy: sanly bank hyzmatlary kämilleşdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen durnukly ösdürilýär, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilýär, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkezijiler durnukly derejede saklanylýar, şol sanda, pul-karz syýasaty yzygiderli kämilleşdirilýär, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksporta gönükdirilen pudaklaryna maliýe goldawlary yzygiderli berilýär, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, bank ulgamyna innowasion, döwrebap  tehnologiýalaryny, ýagny sanly bank önümlerini ornaşdyrmak işleri giňden alnyp barylýar. Munuň çäklerinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, Ata Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen möhüm işler durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», hem-de «Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da,  giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy beýleki ykdysady düzümler bilen bir hatarda banklaryň hem sanly ulgama geçmegini şertlendirdi. Bank ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary müşderiler bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge we olaryň ileri tutulmalaryna has takyk düşünmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman ugurlary peýdalanmagyň hasabyna müşderileri höweslendirmäge, bank işewürligi giňeltmäge ýardam berýän sebäpleriň biridir.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek­de söw­da, ma­li­ýe, bank ul­gam­la­ry­na we döw­let do­lan­dy­ry­şy­na il­kin­ji orun de­giş­li bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň ke­ma­la gel­me­gin­de, yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de we bank hyzmat­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ar­ka­ly al­nyp ba­ryl­ma­gyn­da bank ulgamy­nyň ösü­şi mö­hüm­dir.

Häzirki wagtda bank ulgamyna döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den or­naş­dy­ry­lyp, ila­ta bank hyz­mat­la­rynyň tä­ze­çil gör­nüş­le­ri hö­dür­lenil­ýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nagt däl hasaplaşyklaryň kämil görnüşlerini ulanmak üçin töleg terminallaryny, bankomatlary we beýleki tehniki serişdeleri has hem ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Nagt däl hasaplaşyk ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi töleg hasaplaşyklaryny gysga wagtda, tiz we amatly usulda geçirmäge, söwda-töleg işlerinde ulanylýan nagt pul serişdelerini düýpli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Bank ul­ga­my mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, bu ul­ga­myň san­­laş­dy­ryl­ma­gy işe­wür­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, bank hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, nagt däl ha­sap­la­şyk­lar ulga­my­ny ös­dür­mä­ge, hyz­mat­la­ryň tä­ze döw­re­bap gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­mä­ge, harajatla­ry we wag­ty tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan giň gerimli işler, milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, raýatlarymyza köpdürli amatlyklary döredýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmaga, banklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, netijede ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösmegine öz mynasyp goşandyny goşýar. Türkmenistanyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Goýum bank karty», «Maşgala» bank kartlary  nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly hökmünde raýatlarymyz tarapyndan uly isleg bilen peýdalanylýar.

Sanly bank hyzmatlaryna mysal hökmünde «Internet-bank», «Mobil-bank»,  «Cash back» ýaly bank önümlerini görkezmek bolar.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin «Internet-bank», şol sanda «Mobil-bank» ulgamlary hem hereket edýär.  «Mobil-bank» hyzmatynyň «Internet-bank» hyzmatyndan esasy tapawudy – bank amallarynyň ykjam telefonlar we planşetler üçin niýetlenen ýörite mobil programma üpjünçiligi arkaly ýerine ýetirilmegidir. «Internet-bank» ulgamyna web brauzerler arkaly girilýän bolsa, «Mobil-bank» ulgamyna banklar tarapyndan taýýarlanan ýörite mobil programma üpjünçiligi arkaly girilýär. Ýagny, «Mobil-bank» hyzmaty, «Internet-bank» hyzmatynyň önümi bolup, müşderiniň hakyky wagt tertibinde IOS ýa-da Android operasion ulgamynda işleýän ykjam telefonlar   ýa-da planşetler arkaly bank amallaryny ýerine ýetirip bilmegini aňladýar.         «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge hem-de çaltlaşdyrmaga, hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamaga amatly mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» ulgamlarynyň üsti bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri, karzyň esasy bergilerini we onuň hasaplanan göterimlerini, IP-telewideniýe we Aşgabat şäher telefon ulgamynyň hyzmatlary üçin tölegleri tölemek hem-de kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. Şeýle hem yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilik döredilen. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp şahsy bank hasabyny «Internet-bank» hem-de   «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly bu hyzmatlaryň amatlyklaryndan peýdalanyp bilýär.

Mundan başga-da ilatyň nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmaklaryny höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda geçirilýän hasaplaşyklar üçin höweslendiriji («Cash back») hyzmatlary ornaşdyryldy. «Cash back» (iňlisçe «cash» – nagt, «back» – yzyna, ýagny «yzyna nagt gaýtarmak») bank hyzmaty, bu bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende müşderiniň bank kartynyň hasabyna tölenilýän pul sylagy bolup durýar. Häzirki wagtda bu hyzmat ýurdumyzyň ähli karz edaralary tarapyndan 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, müşderileriň geçiren nagt däl amallaryň möçberiniň 0,5-2% aralygynda ýola goýuldy. Şeýlelik-de, «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň amatlyklaryndan peýdalanýan raýatlarymyzyň sany günsaýyn artýar.  Şeýlelik-de bank ulgamynda ornaşdyrylýan şeýle bank hyzmatlary nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini tizleşdirip, döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň sanlaşdyrylmagynda mynasyp mümkinçilikleri döreder.

Bank ulgamyna ornaşdyrylýan döwrebap hyzmatlar şeýle hem geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzyň milli bank ulgamynyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň bank ulgamynyň derejesine laýyk gelmegine, ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hiliniň barha ýokarlanmagyna we bankyň müşderileriniň has-da köpelmegine getirer.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda geçirilýän köp ugurly özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady ulgamynyň işjeňlik derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işleriň ählisi ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejelere ýetmegine ähli amatlyklary döredýär.

Dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde ýurdumyzy mundan beýläk-de gülläp ösüşiň mekanyna öwürmek wezipesinden ugur alýan döwlet strategiýasynda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige aýratyn ähmiýetiň berilmeginde uly many bar. Çünki sanly ykdysadyýet ösüşiň täze hiline geçmäge, milli ykdysady ösüşiň çaltlanmagyna, ilata hödürlenýän sanly hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen häsiýetlenýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir.

 

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň

Bank amallaryny awtomatlaşdyryş

bölüminiň esasy hünärmeni                                      Nartäç Annakowa