Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-parasatly tagallalary netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşinde hem beýik işler amala aşyrylýar. Türkmenistan uglewodorod çig malynyň dünýäde ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, senagatlaşmak we senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, düýpli maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurduň ykdysadyýetini depginli ösdürmekligi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýýar. Bu ugurda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr.

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda 2019-njy ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ony ösdürmegiň we döwrebap ýagdaýa getirmegiň, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän innowasion önümçilikleri emele getirmegiň we onuň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, şeýle hem energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli turbageçiriji ulgamyny döretmegiň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek, uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak, gaýtadan işlemek we täze ýataklary özleşdirmek boýunça taslamalary amala aşyrmak, türkmen energiýa serişdelerini täze turbageçirijiler arkaly eksporta ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň strategik taýdan möhüm taslamasynyň gurluşygyny işjeň alyp barmagyň, gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän möçberlerini we eksportyny ardyrmak boýunça işleri hem dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri daşary ýurt maýadarlarynyň, işewürleriniň, halkara guramalarynyň, hökümet wekiliýetleriniň we söwda kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýär. Munuň şeýledigini, 2020-nji ýylyň 24 – 25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «TOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisi» atly halkara maslahatynyň geçirilmegi hem aýdyň subut edýär.

Halkara maslahatynda türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen birlikde daşary ýurt döwletleriniň we kompaniýalarynyň wekilleri çykyş edip, döwletleriň we halklaryň arasyndaky derwaýys meseleleriň çözülmeginde, dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda täsirli gural hökmünde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Maslahatyň jemleri boýunça kompaniýalara, çykyş edenlere gyzyklanmalary we peýdaly maglumatlary beýan edendikleri üçin hem-de guramaçylara forumyň ýokary derejede geçirilendigi üçin minnetdarlyk sözleri bilen jemlenilip, gatnaşyjylaryň ählisi geljekki geçiriljek forumlara işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Goý, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýyny hasda belende galdyrmak, halkymyzyň asuda, abadan, bolelin we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň

taslamalary karzlaşdyryş müdirliginiň

baş hünärmeni                                                               Arslan SAHATOW