Sanly ykdysadyýet rowaçlygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň birnäçe önümçilik pudaklaryna, şol sanda hususy ulgamyň kärhanalaryna täzeçil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Elektron resminama dolanyşygy, elektron şahsyýetnama ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply elektron senagatyny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Sanly tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmakda hünärmenleri, telekeçileri we ähli raýatlary amala aşyrylýan özgertmeler bilen tanyşdyrmak bu ugruň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýle hem durmuş ulgamyndaky özgertmeler, Diýarymyzyň senagat taýdan ösüşi arkaly halkymyzyň, her bir raýatymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin şertleriň döredilmegini, ägirt uly çig mal serişdelerimiziň netijeli ulanylmagyny we eksportyň artdyrylmagyny, ähli ugurlarda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny öz içine alýar.

Hä­zir­ki wagt­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi şert­len­dir­ýän esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Muňa mysal edip Türkmenis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň konsepsiýasy­nyň kabul edilendigini belläp bolar. Üç tap­gyr­da ama­la aşy­ryl­jak konsep­si­ýa Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge, işe­wür we ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ne, döw­let dolan­dy­ry­ly­şy­nyň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry­nyň ornaşdyryl­ma­gy­na, tä­ze iş orun­la­ry­nyň döredilmegine, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder.

Sanly ykdysadyýete geçmek we maglumat jemgyýetini kemala getirmekde işgärler kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Islendik ýurduň geljegi bilime baglydyr. Adam diňe bir bilimleri göteriji, hünär endiklerini toplaýjy bolmak bilen çäklenmän, düýpli öňegidişlikleriň başyny başlaýjy hem olara tizlik beriji güýje öwrülmelidir. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, önümçiligiň ähli görnüşiniň taýýar önümi çykarmaga ukybynyň artdyrylmagy, bank hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulmagy we innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulmagy, ilkinji nobatda, adam kapitalyny yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine esaslanýar.

Şu nukdaý nazardan ýurdumyzda halkara guramalarynyň gatnaşmagynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. 2019-njy ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda sanly ykdysadyýete bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Onda Moskwanyň “Skolkowo” dolandyryş mekdebiniň wekilleri halkara seljerijiler hökmünde çykyş edip, bu ulgamdaky öňdebaryjy dünýä tejribelerine syn berdiler. Okuw maslahatynda bellenilşi ýaly, Türkmenistan telemedisinany, kompýuter we telearagatnaşyk tehnologiýasyny peýdalanmak arkaly we daş aralykdan maslahatlary hem-de ylymlary bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümi ösdürmek üçin düýpli mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hünärmenleriň tejribesi ýurdumyzyň guramalarynda öňdebaryjy sanly tehnologiýany ornaşdyrmak işini çaltlandyrmaga ýardam etmelidir.

Şeýle hem şu ýylyň 12-14-nji fewraly aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jogapkärçiliginde Moskwanyň “Skolkowo” dolandyryş mekdebiniň sanly ykdysadyýet boýunça maslahatçysy jenap Wladimir Korowkin Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de bank ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Sanly ykdysadyýet we sanly ykdysadyýeti durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar sanly ykdysadyýetiň dürli ugurlary, onuň işewürlik nusgalary, däp bolan milli ykdysadyýete ýetirip biljek täsirleri, durmuş ugurly pudaklaryň we beýlekileriň özara gatnaşygy bilen tanyşdyryldy. Maslahatyň çäginde maslahata gatnaşyjylar bilen okuw maslahatyny alyp baryjy jenap Wladimir Korowkiniň arasynda sanly ulagamyň döwletleriň halkara gatnaşyklaryndaky ornuna täsiri we döwlet gurluşynyň işini kämilleşdirmekde hem-de onuň jemgyýete berip biljek mümkinçilikleri barada söhbetdeşlik guraldy. Okuw maslahaty ýokary derejede guralyp, okuw maslahatynyň tamamlanmagy bilen oňa gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň gu­ru­jy, dö­re­di­ji, oý­lap ta­py­jy, ösen aň-dü­şün­je­li intellek­tual mil­le­ti kemala ge­tir­mek ýo­ly bi­len öňe bar­ýan­dy­gy türk­me­niň şu gün­ki tä­ze ta­ry­hy döw­rü­niň mö­hüm aýratyn­ly­gy­dyr. Ösen ba­zar gat­na­şyk­la­ry­ny na­zar­la­ýan iş­jeň sy­ýa­sa­tyň esa­sy ugur­la­ry­nyň hatarynda dur­ýan yl­my-teh­ni­ki döw­re­bap­laş­mak, äh­li ulgam­lar­da in­no­wa­si­ýa­la­ryň ornaşdyrylmagy, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýala­ra daýanýan ösen se­na­ga­ty ke­ma­la ge­tir­mek ýurdumyzyň stra­te­gik ugur­la­ry­nyň bi­ri bolup dur­ýar.

Hut şu jä­ht­den önüm­çi­li­giň äh­li pu­dak­la­ry­na yl­myň we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­niň ga­za­nan­la­ry­nyň or­naşdy­ryl­ma­gy we iň tä­ze teh­ni­ki hem teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň netije­li ulanyl­ma­gy bi­ziň ýe­ten be­lent sep­git­leri­miz­de, ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­miz­de möhüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­te san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak boýun­ça öňde­ba­ry­jy döw­letle­riň de­re­je­si­ne ýet­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny döret­mek, ada­myň aň-bi­lim ma­ýa­sy­na, işe­wür­li­gi­ne we mag­lu­mat-ara­gat­naşyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň soňky ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan ösen ykdy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da­ky uly iş­ler san­ly özgert­me­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­de ýo­ka­ry tiz­lik bi­len ýaý­ra­ýan döw­rün­de gaý­ra­goýul­ma­syz we­zi­pe­ler bo­lup dur­ýar.

Bagty­ýar­lyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýetilýän be­lent sep­git­ler mer­da­na hal­ky­my­zyň sy­ýa­sy-ykdy­sa­dy we me­de­ni-ru­hy taýdan kä­mil ösüş­le­ri ga­zan­ýan­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ka­bul edi­len konsep­si­ýa­nyň döwletimiziň ykdysa­dy kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek, ra­ýat­la­rymy­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da gowulandyr­mak bi­len bag­ly we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mekde ýo­ka­ry ne­ti­je­le­riň gazanyl­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň

Taslamalary karzlaşdyryş müdirliginiň Hususy

telekeçiligi karzlaşdyryş bölüminiň başlygy                                  M.Çerkezow