Köpugurly ösüşleriň ýoly

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan döwletimiz köpugurly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Eziz Watanymyzyň ähli ugurlary boýunça ösüşleriň täze belentliklere göterilýän ajaýyp zamanasynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda hem ýokary netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýurdumyzyň daşary döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasaty munuň aýdyň mysalydyr.

Belli bolşy ýaly, şu ýylyň 6-7-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we Premýer-ministr Juzeppe Konteniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklar dürli ugurlarda, şol sanda işewürler bileleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin zerur bolan mümkinçilikleri döretdi. Geçirilen duşuşyklar soňky ýyllarda döwletara türkmen-italýan gatnaşyklarynyň düýpli işjeňleşendiginiň aýdyň mysalydyr. Bu gatnaşyklaryň okgunly ösüşi iki dostlukly ýurduň deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbidine hormat goýmak, uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan giň gerimli hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini tassyklaýar.

Türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ösüşine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda Italiýa Respublikasyna bolan resmi sapary güýçli itergi berdi. Ol, hakykat ýüzünde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyryň başlangyjyny goýdy. Döwlet Baştutanymyzyň 2015-nji ýylyň maýynda bolan iş sapary bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etdi.

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýurtlary, hususan-da, Italiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we pugtalandyrmaga aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, 6-njy noýabrda Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler forumynyň uly ähmiýeti nygtalmalydyr. Ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Italiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Şolarda özara söwdanyň mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak, energetikada, ulag-kommunikasiýa toplumynda, oba hojalygynda, telekeçilikde we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilýän bilelikdäki çäreleriň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna, kompaniýalary we maýadarlar bilen işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goşmaça itergi berjekdigi ikuçsuzdyr.

Şunlukda, bu sapar hem-de onuň barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy iki döwletiň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygynyň görkezijisi boldy.

Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Italiýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz işewürleriň her biri bilen aýratyn görüşdi we olaryň her biri öz kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar hem-de Türkmenistanda işläp, hödürläp biljek hyzmatlaryny häsiýetlendirdiler. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwaty, senagatlaşdyrmaga we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga alan ugry, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň hem-de düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy – bularyň hemmesi dürli ulgamlarda netijeli özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ysnyşykly işewür gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzir italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, aragatnaşyk ulgamynda, myhmanhana işewürligi, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda taslamalary amala aşyrýarlar. Döwlet baştutanymyz italýan işewür toparlarynyň wekilleri bilen gazanylan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini belläp, işewürlere geljekde hem zerur bolan goldawyň beriljekdigine ynandyrdy.

Umuman, geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar hem-de gatnaşyk etmegiň bar bolan köpýyllyk tejribesi ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge, olara täze anyk mazmun bermäge hyzmat eder. Bu sapar italiýaly hyzmatdaşlaryň türkmen tarapynyň özara bähbitli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge gyzyklanmasyny paýlaşýandygyny görkezdi.

Şeýlelikde, Türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň netijeli syýasy, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge esaslanýan uly geljeginiň bardygyny ynamly tassyklamak bolar. Olardan netijeli peýdalanmak üçin ähli şertleri döredip berýän, halkara gatnaşyklary ösdürýän, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny barha belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!

Ýazgül Kömekowa

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň

Iş dolandyryş bölüminiň hünärmeni