Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Gadyrly Balkan welaýatynyň «ak altyn» ussatlary!
Hormatly pagtaçy daýhanlar!

Sizi welaýat boýunça 5 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli ýerine ýetirendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Gazanylan bu zähmet ýeňşi welaýatyň kärendeçileriniň, mülkdarlarynyň, kämil tehnikalara ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlarynyň, suw hojalyk işgärleriniň, bir söz bilen aýdylanda, oba hojalygyny, onuň pagtaçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýan adamlaryň ählisiniň yhlasly we tutanýerli çeken zähmetiniň netijesidir.

Welaýatda «ak altynyň» bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmeginde we ýygnalmagynda etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biriniň mynasyp goşandy bar. Welaýatda pagta öndürmekde etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň hem-de öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biri yhlasly zähmet çekdi. Welaýatda pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen ýerine ýetiren Bereket we Magtymguly etraplarynyň pagtaçy daýhanlarynyň çeken netijeli we yhlasly zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Siz Watan harmanyny beýgeltmäge mynasyp goşant goşmak bilen, bolçulygyň, berekediň artmagy ugrunda halkymyzyň ýokary netijeleri gazanýandygyny halal we öndürijilikli zähmetiňiz bilen anyk subut etdiňiz.

Hormatly pagtaçylar!

Biziň döwrümiz «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan zamanasydyr. Bu şygar döwlet syýasatymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatynyň, bütin halkymyzyň bagtyýar, eşretli hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini görkezýär. Biz ähli halkymyz bolup, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, raýatlarymyzyň her biriniň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrýarys. Şeýle belent maksatlara ýetmekde oba adamlarynyň, oba hojalygynda, şol sanda pagtaçylyk pudagynda zähmet çekýän merdana babadaýhanlarymyzyň hem öňünde uly wezipeler durýar.

Ösüşleriň täze belentliklerine barýan eziz Diýarymyzda ene topraga ykbalyny baglan, oňa yhlasly zähmetini siňdirip, bol hasyl öndürýän pagtaçylarymyza öndürijilikli işlemäge, ýerden ýokary hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Munuň şeýledigine ekin meýdanlaryny bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan, hasyllylygyny ýokarlandyrýan mineral dökünler bilen daýhanlaryň doly üpjün edilmegi, suwaryş akabalaryny we zeýkeş ulgamlaryny, täze howdanlary gurup, suw bilen doly üpjün etmekde, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, ekin dolanyşygyna geçmekde ýurdumyzda uly möçberli işleriň alnyp barylmagy şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «ak altyn» önýän topraga alyn derini siňdirýän edermen daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş, zähmet şertlerini gowulandyrmak barada yzygiderli alada edilýär. Ýerden bol hasyl almakda ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribäni, ylmyň, agrotehnikanyň gazananlaryny, iň täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, daýhanyň zähmetine mynasyp baha bermek döwrümiziň zerur talaby bolup durýar. Obada düýpli özgertmeleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmegi oba hojalyk önümçiliginde, şol sanda pagtaçylyk pudagynda zähmet çekýän adamlaryň hem ýaşaýyş-durmuşyny düýpli özgerder, olaryň işine, durmuşyna täze öwüşgin çaýar. Munuň özi türkmen obalarynyň keşbini düýpli täzelemek, ekerançylygyň medeniýetini has-da ýokarlandyrmak, döwrebap daýhan hojalyklaryny, gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek, oba hojalygynda hususyýetçiligi depginli ösdürmek ýaly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän örän uly maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Gadyrly pagtaçylar!

Sizi «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde gazanan ajaýyp zähmet ýeňşiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi