Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň gurnamagynda bank ulgamynyň hünärmenleriniň arasynda Bouling ýaryşy geçirildi

2019-njy ýylyň "Türkmenistan – rowaçlygyň Watany" diýlip yglan edilmegi mynasybetli sport ýaryşlaryny geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň gurnamagynda bank ulgamynyň hünärmenleriniň arasynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde 2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Bouling boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş Türkmenistanyň Bouling federasiýasynyň başlygy B.Hangeldiýewiň, Türkmenistanyň Bouling federasiýasynyň wekili S.Myradowyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň wekili O.Berkeliýewiň eminlik etmeginde 3 tapgyrda geçirildi.

Birinji tapgyrda:

  • Her türgen bir oýun geçirdi we toplan utuklary esasynda onuň reýtingi (orny) kesgitlenildi;
  • Şu reýtingiň esasynda ýaryşyň ikinji tapgyrynyň tertibi düzüldi;
  • Birinji tapgyrda iň az utuk toplan türgenler ýaryşdan çykaryldy.

Ikinji tapgyrda:

Ikinji tapgyr olimpiýa düzgüni – "utulan ýaryşdan çykmaly" şertinde geçirildi. Tapgyr iň ökde 4 türgen saýlanýança geçirildi.

Üçünji tapgyrda:

Ýaryşyň jemleýji tapgyry 4 sany türgeniň arasynda olaryň hemmesiniň biri-biri bilen ýaryşmak düzgüninde geçirilip, ýeňiji türgenler kesgitlenildi.

Ýaryşda 1-nji, 2-nji, 3-nji orna mynasyp bolanlar gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlar bilen sylaglandylar.

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky