Gadamy gaýratly Diýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-parasatly tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna daýanýan, döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça netijeli işler guramaçylykly alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda uly öňegidişlikler gazanylýar.

Hormatly Arkadagymyz ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş edip, döwlet we jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň örän möhüm meseleleri barada aýratyn durup geçdi. Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi, gazanylan makroykdysady görkezijileri, jemi içerki önümiň ösüş depgini barada giňişleýin gürrüň etdi. Ýurdumyzyň bank we maliýe ulgamlarynyň dünýä maliýe ulgamyna goşulmagyna hem uly ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, bank ulgamynyň öňünde goýlan maksatlara ýetmek üçin, milli manadymyzyň hümmetini artdyrmak, netijeli daşary ýurt pul syýasatyny alyp barmak, pul toplumynyň binýadynyň düzümini kämilleşdirmek, gymmatly kagyzlar bazaryny, ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek, banklar tarapyndan ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça işjeňligi artdyrmak, töleg ulgamyny kämilleşdirmek we hasaplaşyk-töleg ulgamynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça häzirki wagtda netijeli işler alnyp barylýar.

Öňde goýlan maksatlara ýetmek we wezipeleri berjaý etmek üçin ilki bilen pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de halkara tejribelerini öwrenmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamak hakyndaky kabul eden Kararynyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde ähmiýeti örän ýokarydyr. Ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan hem bu ugurda anyk işler durmuşa geçirilip, soňky ýyllarda dünýäniň maliýe düzümlerinde milli maliýe-bank işini pugtalandyrmak boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Halkara walýuta gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň bilermenleriniň pikirine görä, ýurdumyzyň ykdysady strategiýasy Türkmenistana diňe bir ykdysady durnuklylygy saklamaga däl, eýsem, ýokary durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ýurdumyzy dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna çykarmaga mümkinçilik berdi. Şunda geçen gysga döwrüň içinde ulanmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň, Gyýanly şäherçesinde «Garabogazkarbamid» zawodynyň, sebitde iri polimer zawody bolan Gyýanlydaky polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumynyň, Ahal welaýatyndaky «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyndaky ähmiýeti örän ýokarydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda ykdysady diplomatiýany pugtalandyrmak boýunça wezipeleri çözmeklige, ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygy hem-de abraýly halkara maliýe düzümleri, ykdysady taýdan ösen döwletler, öňdebaryjy tejribä hem-de innowasion tehnologiýalara eýe bolan dünýä belli kompaniýalar bilen hyzmatlar ulgamyny giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Şunda döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Ýaponiýa bolan iş sapary hem syýasy-ykdysady taýdan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan ýokary derejä çykmagynyň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen-ýapon döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşmegi netijesinde, ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň sany yzygiderli artyp, iki ýurduň Baştutanlarynyň duşuşygynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taraplaryň ygrarlydygy tassyklanyp, bu gatnaşyklaryň geljekde hem umumy abadançylygyň ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň iri işewürleriniň wekilleri bilen duşuşyp, duşuşygyň barşynda kompaniýalaryň her biriniň Türkmenistanda işlemek bilen hödürläp biljek hyzmatlary baradaky maglumatlary diňlenildi. Iş saparyň netijesi boýunça taraplaryň arasynda oňyn hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky ylalaşyklary beýan edýän resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhyna nobatdaky möhüm sahypany ýazyp, deňhukuklylyk, strategiki esasda guralýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyndan iş ýüzünde netijeli peýdalanmaga uly mümkinçilik döredendigi ähli halkymyzy guwandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň iş saparyna gabatlanyp, ýurdumyzyň ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de türkmen telekeçileri, iri ýapon işewürleri bilen bilelikdäki maslahatyň geçirilmegi hem hyzmatdaşlygyň taryhynda aýratyn waka öwrüldi. Ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!

Gülşat TÄÇMYRADOWA

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň

Taslamalary karzlaşdyryş müdirliginiň

baş hünärmeni