Ösüşleriň täze belentliklerine tarap

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryna çykarmaga esaslanan parasatly syýasaty, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary häzirki wagtyň ählumumy ösüşiniň möhüm bölegine öwrüldi.

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň batly gadamlaryny döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünliklerinde hem görýäris. Şeýle üstünlikleriň biri milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen ýokary guramaçylykly geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi gazanýan döwletleriň biridigini dünýä ýüzüne ýaýdy. Forumyň netijeleri boýunça maliýe, maýa goýum, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat oba we suw hojalygy, söwda-ykdysady, maglumat tehnologiýalary, syýahatçylyk, sport ýaly ugurlar boýunça jemi 57 resminama gol çekildi.

Forumyň jemleýji resminamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edilmegi we bu halkara guramanyň resmi dillerinde çap bolmagy hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Milletler Bileleşiginde abraýynyň has-da ýokary derejelere göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu uly üstünlik döwlet Baştutanymyzyň halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ileri tutýan daşary syýasatynyň bu ugurda alyp barýan netijeli halkara işleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmegi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, halkara bileleşigi jebisleşdirmäge, durnukly parahatçylyga, ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky, gatnaşyklaryň sazlaşygyny üpjün etmäge, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallary jebisleşdirmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň binýadynda ýurdumyz ösüşiň hil taýdan täze belent sepgitlere ýetmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.

Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde we umumadamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýar.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallary netijesinde ýurdumyzda parahatçylgyň, ynsanperwerligiň, durnukly ösüşiň höküm sürmegi bilen, her bir günümiz şanly senelere, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyz bitaraplyk syýasatyna eýerip, «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýar, goňşy we dünýä döwletleri bilen köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýýar.

Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen geçen kerwen ýollaryny yzarlap, bu günki gün hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen, taryhymyzda Ýewropa döwletlerine çenli söwda, dost-doganlyk kerwenleriniň gatnan ýerleri täzeden dikeldilýär. Ýurt bähbitli işleriň netijesinde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik, Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzyň beýik maksatlar bilen ösýändiginiň mysalydyr.

Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!

Nartäç Annakowa

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň 

Bank amallaryny awtomatlaşdyryş bölüminiň esasy hünärmeni