Ykdysadyýetimiziň sarsmaz sütüni

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmeklige, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamaklyga, ykdysadyýetimiziň ileri tutulyp ösdürilýän pudaklaryny karzlaşdyrmaklyga uly üns berilýär. Milli manadymyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. Bu waka halkymyzyň taryhynda unudylmajak seneleriň birine öwrüldi. Türkmen halky milli manadyna halallygyň, döwletliligiň, arassalygyň, päkligiň nyşany hökmünde garaýar.

Milli puluň dolanyşyga girizilmegi bilen ýurdumyz syýasy we ykdysady garaşsyzlygyna, özbaşdak pul-karz syýasatyny geçirmek we netijeli töleg ulgamyny döretmek mümkinçiligine eýe boldy. Şeýle üstünligiň gazanylmagy bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli nusgasyny işläp düzmäge we tapgyrlaýyn durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi. Onuň esasy aýratynlygy ilatyň durmuş goraglylygynyň döwlet tarapyndan kepillendirilmegidir.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bolsa ýurdumyzyň pul syýasatynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Munuň aýdyň mysalyny 2008-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, türkmen manadynyň daşary ýurt puluna bolan gatnaşygynyň ýeke-täk hümmete geçilmeginden we 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli manadymyzyň denominasiýasynyň üstünlikli geçirilmeginden hem görmek bolýar. Şeýle toplumlaýyn we ulgamlaýyn çäreleriň geçirilmegi manadyň hümmetini berkitmäge, ýurdumyzyň eksport-import amallaryny amatly şertlerde ýola goýmaga we uly möçberli maýa goýum işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamy milli ykdysadyýetiň gülläp ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň baş wezipämiz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekden, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini has ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Baş maksada ýetmekde ýurduň bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr. Bank ulgamyny ösdürmegiň baş maksatlarynyň biri-de, netijeli döwlet pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmekdir. Pul-karz syýasatynyň esasy maksady ýurtda maliýe taýdan ýokary ösüşi üpjün etmäge we milli manadyň hümmetiniň pugtalanmagyna, nyrhlaryň durnukly derejelerde saklanmagyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň banklary «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, möhüm wezipeleriň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek ugrundaky il bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere saldamly goşantlaryny goşýar. Berkarar ýurdumyzyň ykdysady binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň depginlerini ýokarlandyrmaga, telekeçiligiň ösmegine ýardam bermäge, halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmaga, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işlerde milli ykdysadyýetiň maliýe-bank böleginiň ösdürilmeginde bank ulgamy mynasyp orna eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny bank işine ornaşdyrmak babatda giň göwrümli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan iri söwda merkezlerinde hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň binalarynda bankomatlar, töleg terminallary ornaşdyrylýar, olaryň bökdençsiz we ýokary hilli hereket etmegi ýola goýulýar.

Eziz Watanymyzyň, bagtyýar türkmen halkynyň milli özboluşlyklarynyň nyşany hökmünde dünýäniň çar künjeginde ykrar edilen, çuň mazmuna eýe bolan türkmen manady Berkarar döwletimiziň raýatlaryny halal we döredijilikli zähmete, ýeňişli sepgitlere ruhlandyrýar, röwşen geljege bolan berk ynam döredýär. Hut şonuň üçin hem biziň her birimiz mähriban Watanymyza, onuň Garaşsyzlygyna, beýik taryhyna guwanyşymyz ýaly, türkmen manadyna hem guwanýarys. Bize ykdysady ulgamda netijeli işlemäge ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

30.10.2019 - http://metbugat.gov.tm/blog?id=848