Aýdyň geljegiň röwşen menzilleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, joşgunly dabaralara beslenýär. Ilatyň abadan ýaşamagyny üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkara abraýynyň artmagyna, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle başlangyçlaryň gözbaşynda hormatly Prezidentmiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlary bar. Öňe sürülýän syýasatyň, durmuşa geçirilýän işleriň çuňňurlygy, taglymat täzeçilligi, durmuş ugurlylygy we oňyn netijeleri Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşinde, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar.

Milli ykdysadyýetimizde ýokary tehnologiýaly täze kärhanalar işe girizilýär. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň netijeli milli nusgasyny döretmek boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa halkymyzyň durmuş derejesiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň täzeçil, öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, importuň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Giň gerimli bu işlere öz eýeleýän orunlaryny ýyl-ýyldan berkidýän ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary maksada gönükdirilen döwlet goldawynyň netijesinde dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik aldylar.

Merkezi Aziýada sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti we ägirt uly tebigy serişdeleri bolan Türkmenistan maýa goýum we söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin örän amatly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagy, energetika, himiýa, gurluşyk, ulag we logistika, oba hojalygy ýaly ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellemek bolar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylgy goraýan, ynsanperwerligi öňe sürýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ata Watanymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşýan, tutumy uly, milletimiziň ynsanperwer ýörelgelerinden badalga alýan işleriň şu ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda öz beýanyny tapandygy guwandyrýar.

Mähriban Arkadagymyz: «Hazar deňzi hemişe parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de ynam zolagyna öwrülmelidir we şunda ähli meseleler parahatçylykly gepleşikler arkaly çözmek zerurdyr» diýip belleýär.

Hazar deňziniň türkmen böleginde alnyp barylýan işler, elbetde, hemmämiziň buýsanjyna buýsanç goşýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda şypahana ulgamynyň täze öwüşgin bilen ösýändigini subut etdi. Medeniýetli dynç almak, saglygy berkitmek maksady bilen Hazaryň kenarynda gurlan desgalaryň her biri bu gün halkymyzyň we daşary ýurtly myhmanlaryň hyzmatynda. Ähli pasyllarda jana şypaly, ekologiýa taýdan arassa kenarda dynç alýanlaryň sany has-da artýar.

Mähriban arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Hazar deňzi arkaly gatnawlaryň gerimi giňeýär. Geçmişde Beýik ýüpek ýoly arkaly amala aşyrylýan medeni we söwda gatnawlaryň gerimi täze öwüşginde dowam edýär.

Hazaryň kenaryny etekläp oturan Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respubliksay, Russiýa Federasiýasy, Watanymyz Türkmenistan bu günki gün syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyga, dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýärler. Hut şonuň üçin hem birinji Hazar ykdysady forumy ýaly ähmiýetli duşuşyklar geçirilip, umumy meseleler parahatçylyk ýoly bilen çözülýär.

Bedew bady bilen rowaçlyga barýan türkmen halkymyz ulanylmaga berilýän desgalaryň hözirini görýär. Şu ýyl Ahal welaýatynda dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod öz işine başlady. Bu zawodyň işe girizilmegi bilen häzirki zaman ylmynyň hem-de tehnologiýasynyň dünýä derejesinde iň soňky gazananlary önümçilige ornaşdyryldy. Döwrebap senagat desgasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň, Şwesiýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň we beýleki döwletleriň dünýä belli önüm öndürijileriniň iň täze tehnologiýalary hem-de enjamlary bilen üpjün edildi we bu kärhana ýylda iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna ECO-93 kysymly benzini, 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmäge ukyplydyr.

Zawodyň düzümi dört sany tehnologik desgadan ybaratdyr. Olar gazy sintezleýän, sintetik metanoly we sintetik benzini öndürýän, awtomobil ýangyjynyň hilini ýokarlandyrýan desgalardyr we önümçilik ulgamy awtomatlaşdyrylyp, ony dolandyrmaklyk merkezleşdirilen usulda amala aşyrylýar. Kärhanada işleýän ýerli hünärmenler Ýaponiýada ýöriteleşdirilen kompaniýarda okadyldy.

Dünýä derejesindäki ilkinji desga bolan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülýändiginiň, eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylylgynyň bähbidine amala aşyrylýan iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Tebigy gazy düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge aýratyn üns berilmegi energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna uly möçberde iberýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyryp, eksportuň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna şol bazarda ýurdumyzyň önümlerine bolan gyzyklanmanyň artmagyna getirýär.

Ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine oňyn täsirini ýetirjek iri taslamalaryň ýurdumyzda gurulmagy raýatlaryň iş orunlary bilen üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap desgalar halkyň hyzmatynda. Ýaşaýyş toplumlarynda ähli amatlyklaryň döredilmegi, täze gurulýan obadyr şäherçelerde durmuş ähmiýetli desgalaryň göz öňünde tutulmagy, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmegini üpjün etmäge gönükdirilen işlerdir. Senagatda hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamynda iri taslamalary amala aşyrýan ýurdumyz tehniki ösüşiň tejribesini hem-de innowasion tehnologiýany esasy orunda goýýar.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan ösüş maksatnamalary ýurdumyzyň ýakyn geljek üçin durnukly durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmagyň ygtybarly kepillendirmesi bolup durýar.

Goý, ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Döwletow Babaguly

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň

Bank amallaryny awtomatlaşdyryş bölüminiň baş hünärmeni