Bank işjeňligi ýokarlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýar. Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň oňyn özgertmeleriniň makroykdysady strategiýasyna esaslanýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda hil taýdan täze belentlige çykmaga mümkinçilik berýär.

Milli maliýe-karz ulgamynyň kämilleşdirilmegi, onuň halkara ülňilerine laýyk getirilmegi döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyjy bilen geçirilýän ykdysady özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan şertlerinde, iri Ýewropa banklarynyň tejribeleriniň öwrenilmegi, maliýe ulgamynda dolandyryş usullarynyň häzirki zaman nusgalarynyň ornaşdyrylmagy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaýyn esaslarda durmuşa geçirilýär. Muňa «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi şaýatlyk edýär. Bu maksatnamada ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmagy dowam etdirmeklik bellenendir. Prezident Maksatnamasynda bank ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we ony halkara maliýe bazarlaryna utgaşdyrmak ýaly wezipeleriň kesgitlenilmegi milli bank ulgamynyň işiniň geljekki ugurlaryna degişlidir. 2019–2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň bank ulgamyny özgertmegiň esasy ugurlary:

- bank karz edaralarynyň guramaçylyk–hukuk görnüşlerini üýtgetmek boýunça çäreleri geçirmekden;

- hödürlenýän bank önümleriniň we hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek babatda maliýe bazarynyň işini kämilleşdirmekden;

- nagt däl hasaplaşyklar we töleg ulgamlaryny giňeltmekden;

- karzlaşdyrmak işini ösdürmekden;

- bank ulgamynyň maýa goýum maksatnamalaryny amala aşyrmagy  dowam etdirmekden;

- bank ulgamynda işgärler syýasatyny amala aşyrmak boýunça çäreleri geçirmekden;

- ýeke-täk pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrmakdan;

- Türkmenistanyň bank ulgamynda ylmy işjeňligi ösdürmekden ybaratdyr.

Bank ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň möhüm ugurlary «Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» hem aýratyn nygtalýar. Milli ykdysadyýetimizi durnukly we deňagramly ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň orta möhletli geljek üçin ykdysady syýasatynyň esasy ýörelgeleri we gurallary kesgitlenen Maksatnamada karz edaralarynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak, banklaryň serişdeler binýadyny artdyrmak, banklarda elektron resminama dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin zerur bolan tehniki we programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler öňe sürülýär.

Milli ykdysadyýete bazar gatnaşyklarynyň düýpli ornaşdyrylýan döwründe karz ulgamy ykdysadyýetiň bir bölegi hökmünde barha kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegi, hususy we eýeçiligiň beýleki görnüşleriniň ösmegi, býujet serişdeleriniň esasy böleginiň durmuş maksatly obýektlere gönükdirilmegi bank karzynyň ornunyň, ähmiýetiniň artmagyna, onuň täze görnüşleriniň peýda bolmagyna şertleri döretdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Çünki Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň karz edaralarynda müşderilere täze tehnologiýalara esaslanýan hyzmatlary etmegiň gerimi giňeýär. Dünýä ykdysadyýetine amatly goşulyşýan Türkmenistan döwletimiz üçin bank ulgamynyň işini sanlaşdyrmak wezipesi strategik wezipe hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda nagt däl tölegleriň möçberini artdyrmak hem-de pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli karz edaralary tarapyndan halkara tejribesiniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Bu işleriň çäklerinde hyzmatlaryň işe girizilmegi raýatlarymyza ýurdumyzyň islendik künjeginde degişli banklara barmazdan bank kartlary arkaly dürli bank hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Bu hyzmatlara mysal hökmünde ýaşaýyş otaglary, elektrik togy, suw, zir-zibilleri ýygnamak ýaly kommunal hyzmatlary üçin tölegleri, saglygy goraýyş we ätiýaçlandyryş üçin tölegleri, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň degişli töleglerini, şol sanda awtoulag serişdelerini bellige almak, tehniki pasporty bermek, tehniki gözegçilikden geçirmek, awtoulag belgilerini bermek, sürüjilik şahadatnamasyny almak, sürüjilik synagyna gatnaşmak üçin tölegleri, Türkmenistanyň pasportyny almak, pasportyň ýitirilen ýagdaýynda ony çalyşmak, ýaşaýan ýerine ýazga girmek, ýaşaýan salgysynyň üýtgän ýagdaýynda töleg etmek, Aşgabat şäherinde gatnaýan awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak ýaly tölegleri we beýlekileri görkezmek bolar.

Şeýle hem söwda we dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda hyzmatlar üçin tölegleri, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV hyzmatlary üçin tölegleri, karzy we onuň göterimlerini tölemek we beýleki tölegler üçin töleg terminallary arkaly ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzyň karz edaralary iri maglumat saklaýan we geçirýän ulgamyna eýe bolup, özleriniň iş tejribesine täze görnüşli hyzmatlary ornaşdyrýarlar hem-de olary müşderilere hödürleýärler.

Ýurdumyzyň islendik ýerinden bankomatlaryň, terminallaryň, «internet-bank», «mobil-bank» we «elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary göni («online») tertipde amala aşyrmak ýola goýlandyr.

Bank hyzmatlarynyň çäklerinde «Internet-bank» ulgamynyň üsti bilen öýjükli aragatnaşyk, internet hyzmaty üçin tölegleri, şeýle hem bank kart hasaplaryndaky serişdeleriniň galyndylaryny barlamak hem-de şäher telefon ulgamy hyzmatlary üçin tölegleri, berlen karzlaryň, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, IP-TV boýunça tölegleri amala aşyrmak mümkinçilikleri döredildi.

Raýatlar degişli bank edarasyna baryp şahsy bank hasabyny «Internet-bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly bu hyzmatlaryň amatlyklaryndan peýdalanyp bilýär. Bank işjeňliginiň häzirki döwrüň üýtgeýän talaplaryna laýyklykda gurnalmagy milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmäge ähli mümkinçilikleri berýär.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

Döwletow Babaguly

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň

Bank amallaryny awtomatlaşdyryş bölüminiň baş hünärmeni