Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirmek, taryhy ähmiýetli şanly seneleri guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk, şeýle hem şäher gurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, paýtagtymyzyň etraplarynda abadançylygy üpjün etmek boýunça degişli gulluklaryň sazlaşykly işi ýola goýulýar. Häkim şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň baş şäherinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga beriljek desgalaryň sanawy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň ýaşaýyş üçin ähli amatlyklaryny özünde jemleýän şäherleriň hatarynda ornuny pugtalandyrýan paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine eýe bolmalydygyna ünsi çekip, Aşgabatda şanly seneleri mynasyp garşylamak üçin maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň arassaçylyk, aýratyn-da, ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şäheriň çäklerinde bar bolan desgalar, şolaryň atlandyrylyşy bilen baglanyşykly meselä ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň merkezi künjeginde ýerleşýän “Nusaý” myhmanhanasynyň adyny üýtgedip, oňa täze at dakmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýä taryhynda öçmejek yz goýan Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý şäheriniň hormatyna täze ýokary derejeli myhmanhananyň gurluşygy wajyp bolup durýar. Täze myhmanhananyň binagärlik çözgüdinde hem-de bezeg aýratynlyklarynda türkmen halkynyň şöhratly taryhy öz beýanyny tapmalydyr.

“Nusaý” diýlip atlandyryljak täze myhmanhana halkymyzyň taryhda bitiren işlerine hormatyň nyşany hökmünde Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, güýzlük bugdaý ekişini agrotehniki kadalara laýyk derejede alyp barmak, pagta ýygymyna taýýarlyk işlerini doly derejede tamamlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýygymda işlediljek tehnikalar, harmanhanalar, tereziler doly taýýarlyk derejesine çykaryldy. Möwsümde ýola goýuljak medeni hyzmatyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Şeýle hem häkim döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, öňde boljak şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak ugrunda görülýän taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişiniň bellenilen möhletde we ýokary hilli geçirilmegi, möwsümiň dowamynda degişli guramaçylyk işleriniň ýola goýulmagy, şol birwagtyň özünde pagta ýygymyna taýýarlyk meseleleriniň üns merkezinde saklanylmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir. Şeýle hem tabşyrylan “ak altyn” hasyly üçin hasaplaşyk işleri degişli derejede ýola goýulmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere ünsi çekip, şanly seneleriň döwrüň talabyna we ruhuna laýyk derejede dabaralandyrylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň çäginde Garaşsyzlyk güni mynasybetli desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň hil derejesine, şeýle hem desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň talabalaýyk abadanlaşdyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy we häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, güýzlük bugdaý ekişiniň depginleri, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk, senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreler we desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak ugrunda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, sebitiň oba hojalygynda bar bolan maddy-enjamlaýyn serişdeleri has netijeli peýdalanmak ugrunda zerur tagallalaryň görülmegi babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary barada aýdyp, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem Garaşsyzlyk baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde saklanylmalydyr.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow hasabat berdi. Hususan-da, häkim güýzlük bugdaý ekişiniň barşy, pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Şeýle hem welaýatda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly binalaryň gurluşyk işleri, öz möhletinde ulanylmaga berilmeli desgalar hakynda-da hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we öz wagtynda guramaçylykly geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigini belläp, ekiş möwsüminiň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem öňde boljak pagta ýygymy möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de welaýatyň oba hojalyk önümçiligi boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi ugrunda bar bolan mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanylmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz adamlaryň abadançylygy hakyndaky alada Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, ýerlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk baýramçylygyna we şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilýän çärelere görülýän taýýarlyk bilen gyzyklanyp, demirgazyk sebitiň häkimine bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdirildi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek we pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem sebitiň ýolbaşçysy baýramçylyk dabaralary mynasybetli meýilleşdirilen giň gerimli çärelere we ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taýýarlyk derejesi hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş bölümleriniň, ýygymda işlediljek öndürijilikli tehnikalaryň we awtoulaglaryň taýýarlyk derejesiniň gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamagy talap etdi hem-de agrotehniki talaplaryň degişli derejede ýola goýulmalydygy barada tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, şolarda alnyp barylýan işleriň hil derejesine hem-de binalaryň bellenilen möhletde gurlup gutarylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Öňde boljak baýramçylyk çäreleri we şanly wakalar mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi zerurdyr.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň depgini we pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň gurluşygynyň taýýarlyk derejesi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “ak altynyň” türkmen halkynyň milli baýlygydygyny bellemek bilen, pagta ýygymy möwsüminde kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýetişdirilen bereketli hasyly öz wagtynda ýygnap almak hem-de ony degişli derejede saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy döwründe kärendeçiler, mehanizatorlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu jogapkärli oba hojalyk möwsümini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi baradaky aladanyň mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugrudygyny belläp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramçylygyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek boýunça zerur işleriň ýaýbaňlandyrylmalydygyny talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi