Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk pudagyna bagyşlanan sergä we maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň we maslahatyň köpugurly halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň sazlaşykly we okgunly ösüşini üpjün etmegiň ygtybarly binýadyny emele getirmek maksady bilen, gurluşyk pudagyna örän uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Olaryň hasabyna iri önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda gurulýan ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, iri önümçilik we durmuş maksatly kärhanalar, şeýle hem gurluşygyna badalga berlen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi, welaýatlardaky täze obalar we şäherçeler hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyklarda ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň tutýan orny yzygiderli ýokarlanýar. Bu bolsa olaryň bu ugurdaky taslamalary dünýä ölçeglerine laýyklykda durmuşa geçirmekde oňyn tejribe toplaýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki döwürde hususy kärhanalar tarapyndan ýerli çig mallardan zerur bolan gurluşyk we timarlaýyş materiallarynyň öndürilmegi netijesinde, içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Hormatly myhmanlar!

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde gurulýan kuwwatly önümçilik desgalary ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagynyň maddy binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de gurluşyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga täze mümkinçilikleri döredýär. Öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň bu sergä uly gyzyklanma bildirmegi hem Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda köp mümkinçiliklere eýedigini görkezýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda gurluşyk pudagyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallarynyň we harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek hem-de eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek, täze iş orunlaryny döretmek we önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler üstünlikli çözülýär.

Ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde guralýan bu halkara serginiň we maslahatyň milli hünärmenleriň we daşary ýurtly myhmanlaryň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de ikitaraplaýyn bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk we uzak ömür, gurluşyk pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi