«Berzeňňi» şypahanasy

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan şypahana-dynç alyş ulgamyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynda aýratyn möhüm orun degişlidir.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de beýleki giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş düzümlerini döretmek işleri dowam etdirilýär. Her ýyl lukmançylyk, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk maksatly sagaldyş merkezleri, şypahanalar we dynç alyş merkezleriniň onlarçasy gurulýar. Şolar enjamlaşdyrylyşy we hödürlenilýän hyzmatlar babatynda dünýä ölçeglerine kybap gelýär.

Şolaryň biri hem türkmen paýtagtynyň günorta tarapynda, ýedi ýarym kilometr uzaklykda, Köpetdagyň täsin künjeginde ýerleşýän «Berzeňňi» şypahanasydyr.

Bu mineral suwly çeşmäniň bejerijilik häsiýeti öňräkden bäri bellidir. Şypahana öz taryhyny 1967-nji ýyldan alyp gaýdýar, şol döwürde geologlar tarapyndan gözleg-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde, dikligine gazylan guýudan öz fiziki-himiki düzümi boýunça bejerijilik häsiýetine eýe bolan mineral suwuň akymy alyndy.

Emma diňe 2012-nji ýylyň fewral aýynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şypahananyň täze binasy guruldy, munuň özi bu çeşmäniň bejeriş mümkinçiligini has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berdi. Döwlet Baştutanymyz bu binanyň gurluşygyna hut özi gözegçilik etdi, şypahananyň enjamlaşdyrylyşy, ilatyň saglygyny berkitmek üçin döredilýän şertler bilen yzygiderli tanyşdy hem-de hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelmegini talap etdi.

Milli Liderimiz ýerli tebigy çeşmeleriň örän baý bejeriş mümkinçilikleriniň binýadynda ýurdumyzyň şypahana ulgamyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda şeýle ýazýar:

— Baý durmuş tejribesi bolan parasatly aksakgal ýaşulularyň ynsany tebigatyň özüniň bejerýändigi, munuň üçin oňa diňe mümkinçilik bermelidigi, onuň bilen sazlaşykda ýaşamalydygy, tebigatyň tenekar güýjüni bedeniňde duýmalydyr. Hünär bilimlerine we başarnyklara eýe bolan lukman bolsa bu ýagdaýda ünsli araçy hem-de duýgudaş kömekçi bolup biler.

Türkmenistanyň şypahanalary tebigy, sagaldyş we ykdysady mümkinçilikleriň utgaşygydyr. Künjegiň tebigy tämizligi, arassa dag howasy hem-de “Berzeňňi” çeşmesiniň tenekar suwy adamyň näsaglykdan saplanmagy we saglygynyň dikeldilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär.

Bu çeşmeden sekuntda 7 litr suw çogup çykýar. Tebigy suwuň düzüminde 24 mikromadda bar we bu suw sulfat-magniý-kaliý mineral suwlarynyň toparyna girýär. Onuň minerallaşmagy we turşulygy 3,4 gr./dm3 we pH 7,15-e deňdir, gyzgynlygy – 37 gradus.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz geçiren barlag işlerinde «Berzeňňi» suwunyň giň bejerijilik mümkinçiliklerine eýedigini hem-de garyn-içege ulgamynyň kesellerini, ýürek-damar, dem alyş ýollary, merkezi we periferiýa nerw keselleri ulgamyny, daýanç-hereket agzalary, deri kesellerini, allergiýa hem-de ýangyndan soňky ýagdaýlary bejermekde netijeli ulanylýandygyny belleýär.

Gidrogeohimiýa talaplaryna laýyklykda, «Berzeňňi» mineral suwy bejeriş-berhiz häsiýetlidir we adamyň bedeniniň tiz dikeldilmegine hem-de kesellere, şol sanda ýokanç kesellere garşy durnuklylygyny berkidýär. Häzirki wagtda alymlar bu suwuň düzümini ylmy taýdan öwrenmegi dowam edýärler, onuň täze bejeriş mümkinçiliklerini anyklaýarlar.

«Berzeňňi» şypahanasynda ilata gije-gündiziň dowamynda hyzmat etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Bu ýerde anyklaýyş we bejeriş toplumlary bar. Bejeriş otaglary iň döwrebap lukmançylyk enjamlary hem-de dünýä belli öndürijileriň enjamlary bilen üpjün edildi.

Anyklaýyş bölümi ultrases anyklaýyş enjamlary, ýüregiň elektrokardiografiýasy, ýüregiň EKG Holter monitorlama ulgamy, damar gan basyşynyň gije-gündizleýin monitoringi bilen üpjün edildi.

Ingalýasiýa, elektroforez, şöhle bilen bejeriş, iňňe bilen bejeriş, bejeriş bedenterbiýesi otaglary hem näsaglaryň hyzmatynda. Mineral suwy bejerişiň esasy görnüşi bolup, ol bejeriş wannalary üçin peýdalanylýar, şunda elektroimpuls, duşlar we suw owkalaýşy ulanylýar.

Täze, öňdebaryjy enjamlaryň peýda bolmagy bilen içegäni mineral suw bilen arassalamagyň we suwlulandyrmagyň «gidrokolonoterapiýa usuly» ady bilen belli bejeriş görnüşi gaýtadan dikeldildi.

Şypahanada peloidoterapiýa usuly üstünlikli özleşdirildi. Peloidleriň hatarynda palçyk, parafin hem-de ozokerit usullary aýratyn we esasy orny eýeleýär. Bu ýerde parafin we ozokerit applikassiýalary ulanmak mümkinçiligi bar.

Ynsan bedenine oňyn täsir edýän palçyk arkaly bejergi geçirilýän otaglarda gurnalan ýörite howdan «Mollagara» şypahanasyndan getirilen mineral suw we bejeriş palçygy bilen doldurylýar.

Şypahananyň fitobarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopediýasyndan hem-de «Çaý — melhem hem ylham» kitabynda getirilýän maglumatlar esasynda taýýarlanylan dürli görnüşli çaý hödürlenilýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ýurdumyzyň häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde fitoterapiýa uly ähmiýet berýär hem-de bu usulyň gadymdan bäri ata-babalarymyz tarapyndan saglygy dikeltmek, özüňi şähdaçyk duýmak üçin peýdalanylandygyny nygtaýar, bu usul häzirki wagtda Türkmenistanda şypahana-dikeldiş lukmançylygyny kämilleşdirmek babatynda möhümdir.

Şypahananyň çäginde islendik wagt «Berzeňňi» çeşmesine gelmäge isleg bildirýänler üçin goşmaça şertler döredildi. Häzirki wagtda bu mineral çeşme adamlaryň saglygyny dikeltmekde ylmy esasda peýdalanylýar, muňa şypahanada gurnalan häzirki zaman enjamlary ýardam berýär, şolar bejeriş işlerini netijeli geçirmäge mümkinçilik berýär. Şypahanada sanly tehnologiýalary has-da işjeň özleşdirýän şypahana lukmanlary ýokary hünär derejesine eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur alym we lukman hökmünde şypahana-sagaldyş we öňüni alyş işleriniň lukmançylyk babatynda has netijeli ugurdygyna çuňňur ynanmak bilen, bu ulgamyň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berýär, munuň üçin köp mukdarda serişdeleri goýberýär, ykdysady we durmuş babatynda bu serişdeler halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine gönükdirilen, has takygy, ýurdumyzyň adam mümkinçilikleriniň has doly açylmagyna goýberilýän göni maýa goýumlardyr.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň şypahana ulgamyny innowasiýa ugry bilen ösdürmek meselelerine täzeçil çemeleşmesi gysga möhletiň dowamynda şypahana binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, keselleriň öňüni almak we ilatyň saglygyny pugtalandyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Bu gün keselleri bejermek we saglygy pugtalandyrmak babatynda Türkmenistanyň dynç alyş merkezleri we şypahanalary dünýä derejesine çykýar, şunda ýurdumyzyň lukmançylyk hyzmatlarynyň, bejeriş serişdeleriniň eksporta bäsdeşligi ýokarlandyrylýar, tebigy bejeriş serişdeleriniň ençemesi özboluşly aýratynlyklar bilen tapawutlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň halkara derejeli ägirt uly bejeriş-sagaldyş mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, türkmen topragynda heniz açylmagyna hem-de ylmy barlaglaryň geçirilmegine garaşýan bejeriş häsiýetli künjekleriň köpdügini belleýär. Bu baýlyklaryň ählisi halkymyzyň hyzmatyna gönükdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.

15.07.2019 - Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi