Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi

2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda giňden we dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Milli parlamentiň ýolbaşçysyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerinden gutlaglary kabul etdi.

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyza halkymyzyň gözelligi hem-de syratlylygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini dünýä sowgat eden ata-babalarynyň gadymdan gözbaş alýan däplerine aýawly garaýşyny alamatlandyrýan şanly baýramçylyk mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň pudagy ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde, Köpetdagyň gözel künjeginde atçylyk toplumy bolan Aba Annaýewiň adyny göterýän oba hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy gurlup, ulanmaga berildi, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlary hereket edýär.

Türkmen halky şöhraty dünýä dolan bedewleriniň ýadygärligini ebedileşdirdi. Dünýä belli ahalteke bedewiniň — Ýanardagyň ýadygärligi guruldy, Polatly bolsa heýkeller toplumynda ebedileşdirildi. Atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler döwlet derejesinde üns berilýän bu pudagyň aýratyn ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başyny başlan giň gerimli özgertmelerini amala aşyrmagyň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler. Milli Liderimiz mähirli sözler hem-de gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň köp sanlysyny ýylsaýyn öz gerimine alýan baýramçylygyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň durmuşynyň dürli döwürlerinde ajaýyp atlarymyz hemişe onuň şöhratly taryhynyň bezegi boldy. Dünýä atçylygynda saýlama tohum hasaplanýan ahalteke bedewleri halkymyzyň genji-hazynasy, onuň kalbynyň ganaty, milli mirasy hasaplanýar. Behişdi bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen jigitleriniň wepaly ýoldaşlary, kyn günlerinde bolsa ýürekdeşleri bolup geldi. Ahalteke bedewleri öz gözelligi, duýgurlygy, häsiýetli aýratynlyklary netijesinde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara bileleşigiň behişdi bedewlerimize gyzyklanmasynyň artýandygyny belläp, milletiň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň geçirilmegi bilen, ady rowaýata öwrülen bedewleriň dünýä dolan şöhraty günsaýyn artýar. Olar aýratyn buýsanjyň we ylham joşgunynyň beýany, türkmen halkynyň «göwün guşlary», bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolup durýar diýip nygtady.

Her ýyl geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda behişdi bedewlerimiziň keşbini hem-de gaýtalanmajak tebigy gözelligini çeper beýan etmek boýunça geçirilýän döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem halkara sergi-ýarmarkalar we ylmy maslahatlar, at çapyşyklary hem-de arassa ganly bedewleriň sergileri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä dolýar, munuň şeýledigini atçylyk sportunyň meşhur görnüşiniň — konkuryň ilkinji gezek 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulmagy tassyklaýar. Ahalteke bedewi şol oýunlaryň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň türgenleri konkur boýunça ýaryşlarda ahalteke bedewleri bilen üstünlikli çykyş edip, altyn medala mynasyp boldular.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara mähirli gutlaglary üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirmek bilen, zähmetsöýer atşynaslara we Türkmenistanyň ähli halkyna ägirt uly özgertmeler ýolunda edermen halkymyzy ganatlandyrýan ahalteke bedewleriniň abraýynyň mundan beýläk-de artjakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi