Türkmenistanyň Prezidenti FIAS-nyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2019-njy ýylyň 7-nji aprelinde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti Wasiliý Şestakowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy, Milli Olimpiýa komitetiniň prezidentini FIAS-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň türkmen paýtagtynda 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdi bilen tüýs ýürekden gutlady. Halkara derejedäki bu bäsleşikler Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberdäki sport diplomatiýasynyň ösdürilmegine nobatdaky goşandy bolar diýip, W.Şestakow belledi.

Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň netijelerine hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň, ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginde gazanylýan üstünliklere uly baha berip, Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy ýokary sport mümkinçilikleri we bu ugurda hünärmenleriň üpjünçiligine, häzirki zaman ugurdaş düzümlerine eýe bolan ýurt hökmünde tanalýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda Aşgabatda uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň halkara sport senenamasynda uly waka öwrülendigi hem-de ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi bellenildi.

Myhman türkmen halkynyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurdaky işjeňliginiň ýurdumyzyň halkara derejedäki sport merkezine öwrülmegini şertlendirendigini we amala aşyrylýan çäreleriň oňyn netije berýändigini nygtady. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara we sebitara ýaryşlarda uly ýeňişleri gazanýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, köpugurly stadionlaryň, aýlawlaryň, awtodromlaryň, ýörite sport okuw mekdepleriniň we desgalaryň gurulmagy Türkmenistanyň sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär diýip, W.Şestakow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, myhman sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz edýän hem-de olimpiýa hereketiniň ösdürilmegini şertlendirýän, şol bir wagtyň özünde halkymyza nusgalyk görelde bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandynyň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sportuň sambo, kikboksing, dzýu-do, boks, taekwando, karate, sport göreşi ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek mümkinçiligi bar.

Olimpiýa şäherçesiniň başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň esasy zalynyň ölçegleri 52 metre we 30 metre deň bolup, ol birbada bäsleşikleriň üçüsini guramaga mümkinçilik berýär. Beýleki desgalar ýaly, bu sport binasynyň taslamalaşdyrylmagy we gurluşygy Halkara Olimpiýa komitetiniň tehniki görkezijilerine laýyk derejede ýerine ýetirildi.

Toplumyň söweş sungaty zallarynda sebit we halkara derejeli ýaryşlar birnäçe gezek geçirildi. Şeýle hem sambo, jiu-jitsu, türkmen milli göreşi, guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatlary guraldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň netijeli işi üçin Olimpiýa şäherçesinde ýokary derejede enjamlaşdyrylan Halkara ýaýlyma beriş merkezi hereket edýär. Onda ýokary tizlikli internet ulgamy we maslahatlar zaly bar. Toplumda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen doping barlaghanasy, birnäçe lukmançylyk otaglary bar.

Ýokary derejeli ýaryşlary geçirmekde halkara standartlar berk berjaý edilýär. Bu ýerde degişli düzgünnama laýyklykda, ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanda döwrebap sport düzüminiň döredilmegi we dürli ýaryşlary geçirmekde toplanan tejribe netijesinde, bu ýerde Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi ýatda galyjy wakalaryň birine öwrüler hem-de ýurduň halkara abraýyny has-da belende göterer diýip, Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy nygtady.

W.Şestakow Türkmenistanda iri sport ýaryşlaryny guramaga halkara ülňülere laýyk gelýän çemeleşmeleriň bardygyny belläp, Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün ediljekdigine we üstünlikli geçjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen Halkara sambo federasiýasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de bu hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyny, sport ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň wagyz edilmegini, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine kömek etjekdigini bellediler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi