Milli Liderimiz Sport ulag merkezine bardy

2019-njy ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiz Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere täze sport ulagynda geldi.

Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulagyny drift boýunça türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin sowgat berýändigini aýtdy, onuň üçin ýakynda IIM-niň Sport ulag merkeziniň düzüminiň üstüni ýetiren ýörite meýdança gurnaldy. Döwlet Baştutanymyz awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere ussatlyklaryny artdyrmak ugrunda uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de olaryň ýurdumyzyň dünýä ýüzünde sport abraýyny has-da belende galdyryp biljekdiklerine ynam bildirdi.

Sport ulag merkeziniň wekili bu ajaýyp sowgat üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu toplumda türkmen awtomobil sportunyň halkara abraýyny belende galdyrmaga gönükdirilip, alnyp barylýan yzygiderli türgenleşik işleri barada hasabat berdi.

Içeri işler ministri I.Mulikow täze açylan drift meýdançasyna ak pata bermegini we meýdançada awtomobil ýaryşynyň özüne çekiji görnüşi bilen meşgullanmaga başlamak üçin badalga bermegini hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur bolan tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirip, sport awtoulagynda badalga nokadyna çykdy. Soňra ýaryş awtoulagy milli Liderimiziň dolandyrmagynda ýerinden gozganyp, dessine tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda ýurdumyzda awtomobil sporty okgunly ösüşe eýe boldy. Türgen toparlarymyzyň halkara awtoralli ýaryşlaryna gatnaşmagy munuň subutnamasydyr.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýän milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen meşgullanmagyň nusgalyk göreldesini görkezýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň awtomobil sportunyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Bu işde awtomobil sportunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna hem-de giňden wagyz edilmegine, oňa ýaşlaryň çekilmegine we türkmen türgenleriniň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna uly üns berýän döwlet Baştutanymyza aýratyn orun degişlidir. Munuň üçin yzygiderli türgenleşikleri geçirmäge bolşy ýaly, dürli derejedäki ýaryşlary guramaga hem hemme şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosiped we awtomobil sporty bilen meşgullanmaga yzygiderli wagt tapýar, olary sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda goldaýar hem-de höweslendirýär. Bu giň gerimli we yhlasly işleriň ählisi ilatyň, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesilleriň berk beden saglygyny üpjün etmäge, olarda maksadaokgunlylygy, erki hem-de işjeň hereket etmäge endikleri terbiýelemäge gönükdirilendir.

Bu gezek hem döwlet Baştutanymyz mümkin bolan iň ýokary tizlikde meýdançanyň ýollaryny geçip, driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda ussatlyk sapagyny görkezdi.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi uly üstünlikli geçdi. Şu ýylyň fewral aýynda bolsa türkmen türgenlerimiz «Russiýa — Demirgazyk tokaý — 2019» dünýä Kubogynyň tapgyrynda gar-buzly ralli ýaryşlaryna gatnaşyp, hormat münberinde mynasyp orna eýe boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawlary netijesinde ýurdumyzyň awtomobil sporty mekdebi ösüşe tarap täze itergä eýe boldy. Sport awtoulaglarynyň hatary täze kysymly ulaglar bilen yzygiderli artdyrylýar, bu ulaglar öňdebaryjy öndürijilerden gelip gowuşýar. Munuň özi awtomobil sporty bilen meşgullanmak hem-de awtosportuň ussatlarynyň täze neslini taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunda sport ulagyny dolandyrmagyň başarnyklaryna ussatlyk bilen erk edýän we çylşyrymly ýagdaýlarda awtoulag sürmegiň tilsimlerini ýokary derejede ýerine ýetirýän milli Liderimiziň ruhlandyryjy şahsy göreldesini aýratyn bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyz drift meýdançasynda ajaýyp ussatlygyny we uly tejribesini ýene-de bir gezek görkezip, sürüşini tamamlamak bilen, bu ýere ýygnananlaryň ählisine üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

* * *

Soňra ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň işgärleri we türgenleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgat beren ýaryş awtoulagyna halkymyzyň asylly däbine eýerip, un sepdiler, ulagyň ýanynda şowlulygyň ýar bolmagynyň nyşany hökmünde ýüzärlik tütetdiler we tizlikli ýaryşlara gatnaşjak türgenlerimize owadan we ajaýyp ýeňişleri arzuw etmegiň alamaty hökmünde ulagyň ruluna alaja daňdylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi