Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi

2019-njy ýylyň 18-nji martynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki duşuşygy taraplaryň döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak, häzirki ýagdaýlary we bar bolan özara mümkinçilikleri nazara almak bilen, şol gatnaşyklara täze öwüşgin çaýmak hem-de baýlaşdyrmak isleginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek umumy bähbitlere laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerinde uly orun eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda geljegi uly uzak möhletleýin hyzmatdaş hasaplanýan Bahreýn Patyşalygy bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikler açylýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki gepleşikleriň öň ýanynda Aşgabatda türkmen-bahreýn işewürler maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistana Bahreýniň wekilçilikli topary geldi. Onuň jemleri boýunça netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagy ugur edinýän resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şeýle hem işewürler maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi.

Şu günüň birinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, «Oguz han» zalyna bardylar, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Bahreýn Patyşalygynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Bahreýniň Baştutany Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem belent mertebeli myhman ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn Patyşalygynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy.

Iki ýurduň Liderleriniň Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn duşuşyklar otagyna barýarlar. Bu ýerde ýokary derejede ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, Aşgabatda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana ýokary döwlet derejesindäki birinji saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mazmunyny baýlaşdyrmaga, şolary täze sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berýän möhüm tapgyr hökmünde baha berilýär.

Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygy dostlugyň, ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň we deňhukukly gatnaşyklaryň nusgasy bolup durýar.

1995-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri döwletara gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça kämilleşýär we berkeýär. Geljek ýylyň dekabr aýynda biziň diplomatik gatnaşyklarymyzyň 25 ýyllygy belleniler hem-de bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler geçiriler, olar türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny täze, has ýokary derejä çykarar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak hem-de özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda depginli ösdürilýär. Iki ýurduň halkara syýasatyň möhüm ugurlary, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça garaýyşlary meňzeşdir ýa-da ýakyndyr.

Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa ýurdumyza gelip görmek baradaky çakylyk hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli, ynanyşmak häsiýetine eýedigini nygtady. Türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň örän gowy geljegi bar. Bahreýnde türkmen Lideriniň saparyny häzire çenli ýatlaýarlar, bu sapar dürli ugurlarda, hususan-da, ylym we bilim, saglygy goraýyş ýaly ugurlarda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly itergi berdi diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Ynanyşmak, işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary kesgitlenip, taraplaryň şolary ähli ugurlarda işjeňleşdirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy. Iki ýurduň Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine üns berip, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we gün tertibiniň käbir möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň hem-de Bahreýn Patyşalygynyň abraýly halkara guramalaryň we olaryň düzümleriniň çäklerinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ygrarly bolup galýandyklaryny bellediler.

Türkmenistanyň we Bahreýniň Baştutanlary şu günki gepleşikleriň netijeli häsiýetini hem-de anyk netijeleri gazanmagy ugur edinýändigini kanagatlanma bilen belläp, türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmana hem-de wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, iki ýurduň we halkyň taryhynda möhüm waka bolan Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana şu ilkinji döwlet saparyna uly umyt baglanýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasy ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň gepleşikleriň gün tertibinde esasy meseleleriň biridigini aýdyp, bu meselede biziň ýurtlarymyzyň, däp bolşy ýaly, birek-birege düşünýändigini, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiligine baha bermekde hem, halkara durmuşyň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmekde hem, häzirki döwrüň ählumumy syýasatynyň esasy meselelerinde-de garaýyşlaryň laýyk gelýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Ilkinji nobatda, bu meseleler dünýäde, Merkezi Aziýa hem-de Ýakyn Gündogar sebitinde durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamyny berkitmäge degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Türkmenistan we Bahreýn Patyşalygy mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistan we Bahreýn Patyşalygy depginli ösýän, tebigy baýlyklary bolan, geografiýa taýdan amatly ýerleşen döwletlerdir. Munuň özi iki ýurda söwda-ykdysady ulgamda doly möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri berýär, şeýle mümkinçiligi doly möçberde ulanmak gerek. Munuň üçin uzak möhletli degişli şertnama-hukuk binýady hem-de ykdysadyýet we söwda ulgamlarynda hemişelik esasda hereket edýän ikitaraplaýyn usullary döretmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn türkmen-bahreýn hökümetara toparyny döretmek meselesini çözmegiň wagtynyň gelendigini belledi.

Iki ýurduň ýangyç-energetika hem-de gaýtadan işleýän kuwwatlyklarynyň bolmagy, geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi özara tejribe alyşmak we ony netijeli peýdalanmak üçin amatly esas bolup hyzmat eder. Şol sanda energiýa serişdelerini halkara bazarlara eltmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylanda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin şert döreder.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ugry boýunça gaz geçirijiniň gurluşygynyň güýçli depginler bilen alnyp barylýandygyny belläp, Bahreýniň kompaniýalaryny hem geljegi uly bu taslama gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň oba hojalygy, aragatnaşyk hem-de kommunikasiýa ulgamlaryny, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty ýaly pudaklaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümlerini Bahreýne ibermegiň mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Biziň dokma senagatymyzda degişli halkara ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürýän ençeme döwrebap kärhanalar işleýär. Bu kärhanalar çig maldan dünýä bazarlaryna üstünlikli eksport edilýän ýokary hilli önümleri çykarýar.

Bank ulgamy bilen şähergurluşygyny hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna degişli edip bolar. Ýurdumyz oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we azyk senagaty boýunça hem hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplady.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda, maýa goýum işini güýçlendirmekde iki ýurduň hususy maýadarlaryna, telekeçilik guramalaryna möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, hemişelik hereket edýän Türkmen-bahreýn işewürler geňeşini döretmek barada oýlanmagy teklip etdi.

Bellenilişi ýaly, bu geňeş işewürler bileleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda başlangyç bilen çykyş etmegi öz üstüne alyp bilerdi, önüm öndürijileriň arasynda tejribe alyşmak, işewürler maslahatlaryny, sergi-ýarmarkalary guramak boýunça ikitaraplaýyn çäreleri geçirmek bilen meşgullanardy, söwda ulgamynda, önümçilik kooperasiýasynda, hyzmatlar we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary öňe sürmek hem-de amala aşyrmak üçin aň-bilim we tejribe giňişligine öwrülerdi.

Döwlet Baştutanymyz ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada aýratyn durup geçip, bu ugurda türkmen tarapynyň Bahreýn Patyşalygyna, ilki bilen, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde mümkinçiligi uly bolan möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi. Bahreýnde ösen port üpjünçilik ulgamlarynyň bolmagy bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gatnaşyklardaky gumanitar ulgama degişli meselelere ünsi çekip, ylym, bilim, medeniýet we sungat babatda bilelikde alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga hem-de özara baýlaşdyrmaga, dostlukly gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga ýardam berýän örän möhüm şert hökmünde kabul edilýändigini aýtdy. Türkmenistanyň hem-de Bahreýniň gadymy däpleri we baý taryhy mirasy bar. Bu däpleri we mirasy alyşmak medeni taýdan özara baýlaşmakda asylly iş bolup hyzmat eder. Şoňa görä-de, milli Liderimiz iki ýurduň ajaýyp Medeniýet günlerini, sergilerini, festiwallaryny geçirmek, döredijilik toparlaryny alyşmak ýaly ikitaraplaýyn çäreleri geçirmegi hemişe goldaýandygymyzy belledi.

Sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem möhüm hasap edilýär. Türkmenistanda 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Bu oýunlar sport ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly itergi berdi, geljekde iki ýurduň türgenleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki ýaryşlary geçirmek üçin täze mümkinçilikler açdy.

Milli Liderimiz şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň bähbitli boljakdygy barada pikirini aýdyp, munuň türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny baýlaşdyrjakdygyny, geljek üçin onuň esaslaryny berkitjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň iki döwlet üçin möhüm ähmiýetli tapgyrlaýyn waka öwrüljekdigine hem-de bu saparyň, gürrüňsiz, iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitjekdigine ynam bildirdi. Bu sapar özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklarymyza, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygymyza güýçli itergi berer.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmana hem-de Bahreýn Patyşalygynyň wekiliýetiniň agzalaryna geçirilen netijeli gepleşikler üçin we iki ýurduň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy berkitmekde ähli zerur işleri etmäge taýýardygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Bahreýniň doganlyk halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bahreýniň Patyşasyna söz berilýär. Belent mertebeli myhman Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň fewral aýynda Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran saparynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek belledi, şol saparyň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklary has-da berkiden ylalaşyklar gazanyldy.

Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa dostlukly gatnaşyklardan ugur alnyp, iki halkyň bähbidine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtamak bilen, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda bar bolan ähli mümkinçiligiň peýdalanylmagy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de maksadalaýyk giňeldiljekdigine ynam bildirdi diýip, bu barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem öz çykyşynda aýdandygyny belledi.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, iki ýurduň arasyndaky saparlaryň ýygjamlaşýandygy, hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryna degişli birnäçe möhüm resminamalaryň gol çekmäge taýýar edilendigi guwançlydyr. Bu barada ozal hem bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, maýa goýum ulgamynda iki döwletiň mümkinçiliklerini peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Nebitgaz ulgamynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Bahreýniň Patyşasy halkara giňişlikde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Şol syýasat sebit we dünýä möçberinde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine ýardam edýär.

Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimize Bahreýn Patyşalygyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygy gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Şeýle hem bahreýn tarapynyň türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn türkmen-bahreýn hökümetara toparyny döretmek baradaky teklibini uly hormat bilen kabul edýändigi nygtaldy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, iki ýurduň Baştutanlary ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijelerinden kanagatlanýandyklaryny aýtdylar hem-de uzak möhletleýin esasda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň, iki döwletiň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Bahreýniň Merkezi bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň Ýaşlar we sport işleri ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda elektron hökümet babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Ulag babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda zenanlaryň işleri babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna häzirki ýokary derejedäki duşuşyga gabatlanyp, Aşgabatda geçirilen türkmen-bahreýn işewürler maslahatynyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda gaz we gazhimiýa pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda «Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyk», «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda «Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyk», «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Gulf Petrochemical Industries» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama ýaly resminamalaryň goşulandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin mäkäm şertnamalaýyn-hukuk binýady döredildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Baştutanlary «Magtymguly» zalyna bardylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär diýip belledi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşyp, köpugurly hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge giň ýol açýar.

Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde hem döwletara gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini häsiýetlendirýär. Bu bolsa dünýä giňişliginde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge, özara goldaw bermäge ygtybarly esas döredýär.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde kabul edilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş edendigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Bahreýniň Patyşasyna ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny, aýratyn hem parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky öňe sürýän tekliplerini yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz aýdylanlary umumylaşdyryp hem-de Türkmenistanda Bahreýniň Patyşasynyň häzirki saparyna taryhy sapar hökmünde garalýandygyny belläp, geçirilen gepleşiklere kanagatlanma bildirmek bilen, belent mertebeli myhmana söz berdi.

Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyna hakyky goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, şu gün gol çekilen resminamalaryň ähmiýetini nygtady. Şol resminamalaryň döwletara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny pugtalandyryp, gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny ösdürmäge hyzmat etjekdigi gürrüňsizdir.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňat geljegi bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana Bahreýniň işewür toparlarynyň wekilleri hem çagyryldy diýip, belent mertebeli myhman aýtdy hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna umyt bildirdi.

Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin maýa goýmak babatda hem uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, hyzmatdaşlyk etmegiň bar bolan mümkinçiliklerini iş ýüzünde ulanmak maksady bilen, özara iş saparlarynyň işjeňleşdirilmegi babatda pikirini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara hem-de belent mertebeli myhmana ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny we alyp barýan daşary syýasatyny hemişe goldaýandygy, şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifany «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy.

Biziň ýurdumyz geljekde hem Bahreýn Patyşalygy bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňelder diýip, hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, belent mertebeli myhmany mähirli gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, Bahreýniň doganlyk halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Bahreýniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda milli Liderimiz Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagyny — «Bitaraplyk» ordenini gowşurdy.

Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildiren hormaty üçin çuňňur hoşallyk bildirip, bu ýokary sylagy türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek işinde ynanyşmagyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.

Dabara tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary «Magtymguly» zalyndan çykdylar.

Günüň ikinji ýarymynda Bahreýniň Patyşasy Gypjaga bardy hem-de bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hormatlap, kümmete gül çemenini goýdy hem-de Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Şeýle hem belent mertebeli myhman Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül çemenini goýdy. Asylly däbe görä, Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa bu ýerde, Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki ýurduň we halklaryň dostlugynyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.

Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi