Beýik ösüşleriň aýdyň maksatlary

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz täze ösüşler bilen öňe barýar. Bu günki bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler, belent sepgitler munuň aýdyň nyşanydyr. Esasan hem, ykdysadyýetde gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ösüşini üpjün edýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde hem uly işler edilýär. Häzirki ylym-bilimiň ösen döwründe dünýä bilen aýakdaş gidýän türkmen döwleti sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Bu babatda bank we maliýe edaralarynyň öňünde hem uly wezipeler durýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» tassyklap, ykdysadyýetimizi ösdürmek barada möhüm wezipeleri goýdy. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz içerki bazaryň importa baglylygyny azaltmak hem-de sanly ykdysadyýete geçmegiň çaltlandyrylmagy barada ünsi çekdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň pul dolanyşygynda, ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda döwrüň talabyny eýerýän usullar işe girizilýär. Munuň netijesinde ýurdumyzyň pul dolanyşygy, ykdysadyýetiň ösüşi barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň banklary tarapyndan elektron bank kartlary kämil derejelere ýetirildi we olaryň görnüşleri has-da artdyryldy. Elektron söwdanyň görnüşleri hem häzirki wagtda has-da artdyrylýar. Bu bolsa, pul dolanyşygynda nagt däl hasaplaşyklary we töleg ulgamlaryny giňeltmekde kämil usullaryň ornaşdyrylýandygyny alamatlandyrýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» döwrüň iň täze gazananlary, ylmy nukdaýnazarlary bilen esaslanandyr. Munuň özi ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşini üpjün etjek möhüm Maksatnama diýildigidir. Häzirki döwürde Türkmenistan durnukly ösüşi saklap, maýa goýum serişdelerini yzygider özleşdirýär. Şonuň netijesinde bolsa, ykdysadyýetde möhüm bolan ugurlar, pudaklar döwrebap enjamlaşdyrylýar, täze zawodlar, önümçilik desgalary gurulýar. Bu beýik işleriň dowamly bolmagy üçin bolsa geljekde belent maksatlary goýmak, onuň amal edilmegi üçin bolsa anyk işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagy üçin geljekde uly maksatlar goýulýar. Munuň üçin Maksatnamada pul-karz syýasaty, nyrh syýasaty, daşary ykdysady we söwda syýasaty ýaly görnüşler bilen anyk maksatlar göz öňünde tutulýar. Esasan hem, sanly ykdysadyýeti ösdürmek syýasaty anyk görkezilendir. Elbetde, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin kämil hünärmenleriň hem bolmagy zerurlyk bolup durýar. Şonuň üçin hem, sanly ykdysadyýetiň işgärler bilen üpjünçiligi hem göz öňünde tutulandyr. Hünärmenleri taýýarlamakda bilim edaralarynda ýaşlary döwrebap ýetişdirmek, kämil tehnologiýalardan habarly hünärmenleri ýetişdirmekdir. Şeýle hem, hünärmenleriň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin gaýtadan taýýarlamak maksatnamasy hem bar. Bu babatda, maksatnamada 2019-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň bank ulgamyny özgertmegiň esasy ugurlarynda, ýagny, bank ulgamynda işgärler syýasatyny amala aşyrmak boýunça çäreleri geçirmek göz öňünde tutulandyr. Bu bolsa, tejribeli hünärmenleriň gaýtadan sanly ykdysadyýete gönükdirilmegini göz öňünde tutýar. Kämil hünärmenleriň bar ýerinde bolsa ösüşler hem, öňegidişlikler hem bar.

Hormatly Prezidentimiz «Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar» diýip belleýär. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Şu döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär. Şu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagynda täze zawodlaryň, hususanda telekeçilerimiziň ýokary depginli işleriniň aýratyn hyzmatynyň bardygyny bellemek gerek. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýokary derejededigini, importyň ornuny tutýan önümlerdigini bellemelidiris. Bu işleri dowam etmekde, öň hem bolşy ýaly ýurdumyzyň banklarynyň orny uly bolup, maksatnamada göz öňünde tutulan ýyllarda bank ulgamyny özgertmegiň esasy ugurlary bolan karzlaşdyrmak işini ösdürmek hem-de maýa goýum maksatnamalaryny amala aşyrmaklygy dowam etdirmek maksatnamada aýdyň bellenilendir. Munuň özi iş orunlaryň döredilmegi bilen bir hatarda milli girdejilerimiziň artmagyna, dünýä bazarlaryna çykmaga täze mümkinçiliklerdir.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda   durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hemmetaraplaýyn ösüşi üpjün etjek düýpli resminamadyr. Ýurdumyzyň bäsleşige ukyply döwlet bolmagy üçin hem bu maksatnamada göz öňünde tutulan işler ýokary derejede amala aşyrylar. Munuň özi nurana geljegimiziň has-da ösüşli bolmagyny, nesillerimiziň bagtyýarlygyny üpjün eder.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Öňde durýan maksatlaryň özi hem beýik işlerden, beýik ösüşlerden habar berýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» getirilen sanlar, öňde goýlan belent wezipeler bir makalanyň çäginde beýan etmek mümkin däl. Bu beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün eder. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň ähli künjeginde, welaýatlarda, sebitlerde gazanylýan ösüşleri has-da artdyrar.

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylymyzda halkymyzy bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

Süleýman Nurberdiýew

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň

Baş buhgalteriniň orunbasary