Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

2019-njy ýylyň 2-nji martynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahatyň işine gatnaşmaga ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Deputatlar çykyş edip, daşky gurşawy goramak ulgamyndaky möhüm meselelere ünsi çekdiler. Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny we gözelligini gorap saklamak, artdyrmak we gymmatly hazynany geljekki nesillere ýetirmek iň möhüm wezipelerdir.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda adamlaryň durmuşynyň ähli gatnaşyklarynda abadançylygy üpjün etmegiň möhüm görnüşi hökmünde ekologiýa örän ýiti üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan «ýaşyl ösüş» strategiýasy öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýa we köpasyrlyk milli däplere daýanýan durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm gurallarynyň biri hökmünde esaslandyryldy.

Häzirki wagtda nebitgaz ulgamynda, elektroenergetikada, himiýa senagatynda, ulagda, beýleki ulgamlarda we pudaklarda ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Suw, ýer we biologiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak, biodürlüligi we tebigy landşaftlary gorap saklamak, çölleşmäge garşy göreşmek maksady bilen düýpli çäreler görülýär. Umumymilli bagy-bossanlyk maksatnamasynyň çäklerinde şäherleriň we ilatly ýerleriň daş-töwereginde giň tokaý zolaklary döredildi.

Garagumda amala aşyrylýan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy bu ugurda durmuşa geçirilýän uly işleriň aýdyň subutnamasydyr. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy we saparyň barşynda bu täsin suw desgasynyň we oňa ýanaşyk çäkleriň ekologiýa ýagdaýy, şeýle hem bu ýerde döwrebap nusgaly täze obany gurmak, maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilmegi bellenen taslamalar bilen tanyşdy.

Şunuň bilen baglylykda, bu Kanun ekologiýa auditini geçirmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de hojalygy ýörediji subýektleriň işiniň ekologiýa taýdan esaslylygynyň we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Ekologiýa auditi — munuň özi daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, kada görkezijileriniň hem-de standartlarynyň talaplarynyň, şeýle hem halkara ekologik kada görkezijileriniň we standartlarynyň talaplarynyň hojalyk we beýleki işiň subýekti tarapyndan berjaý edilişine garaşsyz, toplumlaýyn baha berilmegidir, işiň ýagdaýy barada netijenamalaryň we ony gowulandyrmak boýunça teklipleriň taýýarlanylmagydyr. Ýygnananlar ýurdumyzda dürli ähmiýetli köp sanly desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny nazarda tutmak bilen, taslamalary eýýäm taýýarlamagyň barşynda ekologik taýdan seljermegiň we baha bermegiň wajypdygyny bellediler.

Soňra «Rasionalizatorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşmaga hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti döretmäge, häzirki zamanda onuň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga alnan ugur yzygiderli durmuşa geçirilýär. Senagatlaşdyrmak, häzirki zaman obasenagatyny, ulag we durmuş düzümlerini döretmek ulgamynda giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar.

Şu ýylyň fewralynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlary bilen duşuşykda sözlän maksatnamalaýyn sözünde ýurdumyzyň intellektual we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilişiniň üpjün edilmeginiň, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny giňden peýdalanmagyň, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, oýlap tapyşlary hem-de senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak we peýdalanmak bilen bagly döreýän meseleler örän möhüm ähmiýete eýedir.

Şu Kanun rasionalizatorçylyk teklipleriniň awtorlarynyň döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi, olaryň rasionalizatorçylyk işine höweslendirilmegi üçin guramaçylyk, hukuk we ykdysady şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Häzirki zaman şertlerinde ähli ulgamlaryň kärhanalary okgunly ösüş üçin täze başlangyçlaryň hemişelik akymyna zerurlyk çekýärler. Tehniki döredijiligi, netijeli taglymlary, eýýäm belli tehniki çözgütleri kämilleşdirmek boýunça teklipleri goldamak, tehnologik ýagdaýlary, ähli mümkin bolan gurnamalary, harytlary we önümleri, ulanylýan enjamlary döwrebaplaşdyrmak — bularyň hemmesi maddy we maliýe serişdeleriň tygşytlanylmagyna, şeýle hem zähmet şertleriniň we daşky gurşawyň gowulanmagyna ýardam eder.

Deputatlar şeýle hem «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Şunuň bilen birlikde, maslahata «Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň atlaryny dakmak hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalary hödürlenildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2019-njy ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy we birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Milli parlamentiň deputatlary maslahatyň ahyrynda ýokarda görkezilen hukuk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýolundan ynamly öňe gitmegi ugrunda öňde goýan wezipeleriniň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi