Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

01.02.2019

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar!

Häzir men geçen 2018-nji ýylda gazanan netijelerimizi gysgaça jemlemek bilen, şu ýyl öňümizde duran, ileri tutulýan wezipeler barada durup geçmek isleýärin.

Biz geçen ýyl göz öňünde tutan ähli meýilnamalarymyzy diýen ýaly durmuşa geçirmegi başardyk. Ähli pudaklarda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberini artdyryp, täze, ýokary tehnologiýaly kärhanalary işe girizdik.

Geçen ýyl jemi içerki önümiň depgini 6,2 göterim ösdi.

Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 11 milliard 200 million amerikan dollaryndan hem geçdi.

Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini köpeltdik. Bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany desgany gurup, ulanmaga berdik.

Daşary syýasatda beýleki ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürdik. Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk maksatlaryna esaslanýan daşary syýasatymyz Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam etdi.

Umuman, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylyň biziň üçin üstünlikli ýyllaryň biri bolandygyny ynam bilen aýdyp bileris.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar!

Meniň öň hem aýdyşym ýaly, biziň üstünliklerimiz merdana halkymyzyň alyp barýan syýasatymyzy giňden goldaýandygy, geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşýandygy netijesinde gazanyldy.

Şoňa görä-de, mähriban halkyma, ähli ýolbaşçylara, halal zähmeti bilen döwletimiziň uly üstünlikleri gazanmagyna mynasyp goşant goşan ähli adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly adamlar!

Biz şu ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip yglan etdik. Şoňa görä-de, häzir men 2019-njy ýylda ýolbaşçylaryň öňünde durýan esasy wezipeler barada durup geçmek isleýärin.

G.Mämmedowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň esasy wezipesi ýurdumyzyň ösüşini üpjün edýän kanunlary kabul etmek, kanunçylyk namalaryna zerur üýtgetmeleri girizmek bolup durýar.

Möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň, ýerli halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň mart aýyndaky saýlawlaryny hem ýokary derejede geçirmeli. Sentýabr aýynda bolsa Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde durýan wezipelere biz deputatlar bilen geçirjek duşuşygymyzda has jikme-jik serederis.

R.Meredow, ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärleri Garaşsyz döwletimiziň bähbitlerini goramak, dürli ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça tutanýerli işleri alyp barmaly.

Şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara we beýleki döwletleriň wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlarynyň, halkara duşuşyklaryň we maslahatlaryň maksatnamalaryny taýýarlamaly.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi hem-de energiýa howpsuzlygy, üstaşyr geçelgeler, suw diplomatiýasy we beýleki ugurlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynda goldanan başlangyçlarymyz bilen bagly çäreleri hem ýokary derejede geçirmeli.

G.Myradow, maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylary!

Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny hem-de welaýatlarymyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň şu gün kabul edilen maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn gözegçilik etmeli.

Şeýle hem içerki bazaryň eksporta baglylygyny azaltmalydyrys. Sanly ykdysadyýete geçmegi hem çaltlandyrmalydyrys. Bazar institutlaryny berkidip, maýa goýum syýasatymyzy işjeň alyp barmalydyrys. Şu ýyl Oba milli maksatnamasynyň möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, geljek ýyllar üçin täze maksatnamany taýýarlamagyň üstünde hem işläp başlamaly.

M.Meredow we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylary!

Nebitgaz pudagyny ösdürmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleri döretmek esasy ugurlardan biridir. Eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen giňeltmek, şeýle hem energiýa serişdelerini ibermegiň köpugurly ulgamyny emele getirmek ykdysadyýetimizi ösdürmekde örän möhümdir.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny meýilnama boýunça ýokary hilli alyp barmak üçin bellän çärelerimizi hem çalt depginler bilen amala aşyrmaly.

D.Amangeldiýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri we gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylary!

Şu ýylyň gurluşyk maksatnamasy örän köp işleri öz içine alýar. Pudaga goýulýan düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 22 milliard manatdan hem köp bolar. Biz döwlet serişdeleriniň we hususy maýa goýumlarynyň hasabyna şäher ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etmelidiris.

Şu ýyl täze elektrik stansiýalaryny gurmaga we hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge aýratyn üns berler. Bu bolsa goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döreder.

Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy dünýä ykdysady ulgamyna has amatly goşulmaga we daşary ýurt pulunyň gelip gowuşmagyny artdyrmaga bize mümkinçilik berer.

Şoňa görä-de, ähli ýolbaşçylar maýa goýum maksatnamasyny amala aşyrmaga ýokary jogapkärçilik bilen garamalydyr.

E.Orazgeldiýew, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary!

Pudaklaryň düzümini kämilleşdirmek, oba hojalygynda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge telekeçileri giňden çekmek, eksport üçin ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek boýunça guramaçylyk işlerini ýakyn wagtda tamamlamaly.

Öň hem aýdyp geçişim ýaly, ekin meýdanlaryny ekiljek ekinlere görä täzeden paýlamaly. Şu ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý, 1 million 50 müň tonna hem pagta öndürmeli.

Geljek ýyl bolsa bugdaýyň öndürilişini 1 million 400 müň tonna, täze guruljak dokma fabrikleri üpjün etmek we eksporta iberilýän möçberleri artdyrmak üçin pagtanyň öndürilişini hem 1 million 250 müň tonna ýetirmeli.

Maldarçylyk we gök-bakja önümleriniň, üzümiň, ir-iýmişleriň öndürilýän möçberlerini hem köpeltmeli.

Zyýan çekýän daýhan birleşiklerini ýuwaş-ýuwaşdan kärendeçilere, fermerlere, şeýle hem daýhanlara uzak möhletleýin kärendesine bermeli.

Suw bilen üpjünçiligi gowulandyrmak üçin suw desgalarynda, akabalarda, howdanlarda abatlaýyş we gurluşyk işlerini geçirmeli. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaly.

M.Çakyýew, senagat, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary!

Topluma degişli pudaklaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça guramaçylyk işlerini ýakyn wagtda tamamlamaly.

Ähli işiňizi pudaklary innowasiýa esasynda durnukly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň ýokary bäsleşige ukyplylygyny gazanmaga gönükdirmeli.

Elektron senagatyny döretmegi dowam etmeli. Bilelikdäki kärhanalary has köpeltmeli.

Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini oýlanyşykly peýdalanmak, ulgamy halkara logistika we söwda ulgamyna goşmak hem örän möhümdir.

«Demirgazyk — Günorta», Türkmenistan — Owganystan demir ýollaryny özleşdirmegi-de dowam etmeli.

Awtomobil, demir ýol, suw we howa ulaglaryny täzelemeli. Täze demir ýol we howa menzillerini gurup, hereket edýänleriniň durkuny täzelemeli.

Söwda deňiz flotuny hem ösdürmeli. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly ulanar ýaly, ýük we ýolagçy gämileri bilen flotumyzy doly üpjün etmeli.

Sanly tehnologiýalar ulgamy üçin işgärleri taýýarlamagy ýola goýmaly. Öýjükli aragatnaşygy, telewideniýäni ösdürmegi, kompýuter tehnologiýalaryny, emeli hemramyzyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, interneti ornaşdyrmagy dowam etmeli. Ýene-de bir emeli hemrany älem giňişligine çykarmagyň üstünde işlemeli.

P.Agamyradow, ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýolbaşçylary!

Biz, ilki bilen, ýurdumyzy sanly ulgama esaslanýan ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzy okatmaly we taýýarlamaly.

Ylym-bilim we tehnologiýa ulgamlarynda özgertmeleri çaltlandyrmaly. Ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag edaralary bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek üçin telekeçileri işjeň çekmeli.

Täze institutlar, mekdepler, mekdebe çenli edaralar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy güýçlendirmeli.

Ýaşlarymyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde gowy bilim almagyny gazanmak biziň maksadymyzdyr.

Şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak, umuman, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.

Ylmy ösdürmäge hem aýratyn üns bermeli. Akademiki institutlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, ylmy barlaghanalary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmeli.

Ýaşlarymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmegi göz öňünde tutýan milli sport ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmeli.

B.Abdyýewa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary!

Şu ýyl medeniýet we sungat işgärleri üçin döredijilik we hünär taýdan ösmäge giň mümkinçilikler açylýar.

Teatrlarda goýulýan oýunlaryň gerimini giňeltmek we täzelemek, muzeýleriň ekspozisiýalaryny köpeltmek, oba we şäher kitaphanalaryny internet ulgamy bilen üpjün etmek boýunça uly işleri geçirmeli.

Oba ýerlerinde medeniýet öýlerini gurmagy dowam etmeli. Dürli halkara medeni çäreleri taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns bermeli.

Teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň maglumat üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmaly. Jemgyýetde bolup geçýän oňyn özgertmeleri aýdyň görkezmeli.

Biz halkara syýahatçylyk ulgamyny has-da kämilleşdirmeli. Şu maksat bilen, Awazada ýokary derejeli myhmanhanalary, ýaşaýyş toplumlaryny gurmagy dowam etmeli. Täze syýahatçylyk ugurlaryny taýýarlap, zerur hyzmat ediş ulgamy bilen üpjün etmeli.

Ýylyň şygaryna laýyklykda, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmeli.

Ç.Gylyjow we söwda toplumynyň ýolbaşçylary!

Toplumyň üpjünçilik ulgamyny döretmegi, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda täze söwda merkezlerini we iri dükanlary gurmagy dowam etmeli.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini hem gowulandyrmaly. Telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermegi, ony ösdürmäge we höweslendirmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleri göz öňünde tutmaly!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar!

Görşüňiz ýaly, şu ýylyň maksatnamasyna laýyklykda, etmeli işlerimiz örän köp.

Bu işlerde döwlet dolandyryş edaralarynyň, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär. Şoňa görä-de, ýolbaşçylar halkymyz bilen agzybir we el-ele berip işläp, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidir.

Şu günki mejlisimiziň jemlerini jemlemek bilen, biz ata Watanymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyp bileris.

Bu ýyly biz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip yglan etdik. Biziň ählimize rowana ak ýollar garaşýar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar!

Biz şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip gutarýarys.

Siziň ähliňize berk jan saglygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri, berkarar Watanymyzyň halkyna gülläp ösüş arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi